Igdir: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: '==Umumy maglumat== Gadymy ýigrimi dört türkmen taýpasynyň biri bolan bu taýpany Mahmyt Kaşgary 15-nji, galan orta asyr alymlary 20-nji orunda goýýarlar. Reşi...'
 
Setir 1:
==Umumy maglumat==
Igdir taýpasy Oguzhan dessanyndaky Oguzlaryň 24 taýpasynyň biridirler. Igdirler Mahmyt Kaşgarynyň «Diwanylugatitturk» atly kitabynda 22 Oguz taýpasynyň ondördünjisi Igdirler diýip ýazypdyr[1]. Ýazyjyogly-Alynyň «Tewarihi Aly Seljuk» atly kitabynda «Ýagny eýluk we ululyk bahadurlyk» manysynyň bardygyny ýazypdyrlar[2][3]. Türkmenistanyň merhum serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhnama» atly kitabynda Igdir diýmek, «Ýagny eý, uly we batyr» diýmekligi aňladýandygyny ýazypdyr. Şol kitapda Igdirleriň Guşy一Çakyr. Süýegi aşykly we sagry paý berlendigi hem ýazylypdyr[4]. Igdir ýa-da Ygdir 12 gol bolan Üçoklaryň bir goludyr. Anadolynyň birnäçe ýer-ýurt atlary Igdir taýpasynyň adyny göterýär. Kastamonly Araç ilçiligine degişli Igdir, Malatýa Hekimhan ilçiligine degişli Igdir obasy, Tokat Zile ilçiligine bagly Igdir obasy we Ankara Gyzyljahaman ilçiligine degişli Igdir obalary hem şol taýpa tarapyndan gurulypdyr. Bu taýpa Baýburt ili merkeziniň ýakynynda we Igdir ilinde köplük bolup ýaşaýarlar. Eýranda günbatar Azerbeýjan welaýatynyň Urmiýe şäheriniň 14 kilometr günorta gündogarynda, Türkiýa bilen serhetleşýän Igdir[5] (Ygdyr, Ikdir) atly 1290 m. bir oba bar. Orta asyrlarda uly taýpalaryň biri bolan igdirleri Mahmyt Kaşgary 24 türkmen taýpasynyň arasynda 14-nji, Reşideddin bilen Abulgazy 21-nji, Salar Baba bolsa 15-nji orunda goýýar. Reşideddin we Abulgazy ony Oguz hanyň Deňiz diýen oglundan bolan ilkinji çaga hasaplasa, Salar baba Igdiri Oguzhanyň Gökhan diýen oglundan bolan üçünji nebere we ondan önen taýpa çaklaýar. Kaşgarydan beýleki alymlar Igdir/Ýigdir etnonimini ýegdir diýen türki söz bilen baglanyşdyryp, onuň manysyny «uly» «ulug» (Abulgazy), «iýilik (eýgilik), beýiklik, ýigitlik» (Reşideddin), «eýlik, ululyk we bahadyrlyk» (Ýazyjy-ogly), «ýagşy ümül» (Salar Baba) diýip düşündirýärler (aslynda ýeg we eý sözleri bir kökden emele gelipdir). Gadym eýýamlarda Igdirler özbaşdak taýpa bolsalar-da, olaryň uly bölegi XI asyrdaky seljuklar hereketi döwründe Eýrana, Azerbeýjana we Türkiýa göçüpdirler. Maňgyşlakda galan igdirleriň hem uly topary XVII一XVIII asyrlarda Stawropol ülkesine hem-de Astrahan oblastyna gidipdir. Olaryň galan bölegi soňra çowdurlara goşulyp, şu taýpanyň bäş bölüminiň birini emele getiripdir. Häzirki döwür alymlary: akademik A. N. Kononow, etnograf G. I. Karpow we türkmen dilçisi H. A. Maşakow dagy Igdir sözüni ikä bölüp, birinji ig sözüni «i:g», ýagny beýleki taýpalar bilen gatyşmadyk manysyndaky söz, -dir goşulmasyny hem kem işlik affikasy hasap edýärler. Ýöne beýle düşündirişe ylmy taýdan ynanmak kyn, çünki, birinjiden igdir diýen adyň çekimlileri gysga i:g sözünde bolsa uzyn aýdylýar. Ikinjiden, soňky ýatlanan alymlaryň kem işlik goşulmasy hasaplanýan -dir affikasy hem aslynda -der bolupdyr, meselem. Mahmyt bu ady «Igder», Salar Baba bolsa «Ýigdir» görnüşinde ýazypdyrlar. Bu goşulma Çowdur (asly Çowuldar), Çandyr (Çawyndar), Baýyndyr (Bagandar) diýen türkmen etnonimleriniň düzüminde-de duş gelýär. Ig sözüniň asyl manysy barada biz iki çaklamany hödürlemekçi: 1. Bu söz ýyg sözi bilen bir kökden bolup, ol «ýygyn», «taýpa» ýaly manylarda ýüze çykypdyr. Onuň inçe çekimlili ýig görnüşi çigmek, çigin sözleri bilen asyldaş bolup, bu sözler hem özünde şol gadymy many ýokundysyny saklapdyr. Altaý dilleri toparyna degişli bolan tungus-manjur (ewenk) dillerinde ýigna sözi hut «ýygyn» manysyndadyr. 2. Ig sözi ög, og sözleri bilen asyldaş bolup, bu ýagdaýda-da ol iki «topar», «il», «taýpa» manysyny aňladypdyr[6].
Gadymy ýigrimi dört türkmen taýpasynyň biri bolan bu taýpany Mahmyt Kaşgary 15-nji, galan orta asyr alymlary 20-nji orunda goýýarlar. Reşideddin, Ýazyjy-ogly we Abulgazy ony Oguzhanyň Daghan diýen oglunyň 4-nji, Salar Baba bolsa Deňizhanyň 3-nji perzendiniň ady we şondan önen taýpa hasaplaýarlar. Bu alymlaryň pikiriçe, adyň aňladýan manysy şeýle bolmaly: Reşideddin 一«mydam ýagşy iş ediji we düzgün gurujy». Ýazyjy-ogly 一 «hemişe eýgilik we yhsan, ediji»; Salar Baba «Işi daýym belent bolgaý»: Abulgazy 一ýagşy iş kylgujy». Biziň pikirimizçe, Üregir diýen adyň altaý, teleut, sagaý, koýbal,gyrgyz ýaly ençeme türki dillerde «topar, topbak, süri, jemgyýet» (ýagny «urug, taýpa») ýaly manylary aňladýan we ögür, ügür sözüniň gysgalan görnüşi bolan ür, üre sözi bilen baglanyşykly bolmagy mümkindir. Üregir sözini Ýüregir şeklinde hem ýazypdyrlar. Oguz han dessanyna görä Oguzlaryň 24 taýpasynyň biri bolan Üregirler Oguzlaryň Üçoklar golundan (çep gol) gelendikleri bellidir. Bellikleri gylyçdyr. Orta asyrlara çenli Orta Aziýada Seýhun (Syrderýa) we Jeýhun (Amyderýa) derýalarynyň arasyndaky Ýüregir kölüne golaý topraklarda hem oturypdyrlar. XIII asyrda Çingiz hanyň baştutanlygyndaky Mongol ýörüşlerinden gaçyp häzirki Türkiýanyň Ýüregir diýlip tanalan Adanyň Misis kölünde ýerleşen Oguz taýpalary hem şol ýerde Remezanogullary begligini gurupdyrlar. Soňra 400 ýyl boýunça döwrüniň iň güýçli döwleti bolan Memluk hökümdarlygynyň (ed-dewletutturkmen) bir begligi hökmünde taryha giripdirler. XVI asyrda Osmanly patyşasy Ýowuz Soltan Selim Memluk döwletini ýykanyndan soň Remezanogullary begi Pir Mansur Osmanly hökümdarlygyna goşulýar. Häzirki döwürde bu Türkmen taýpasy Anadolyda tanalan Oguz taýpalarynyň biridir. Üregirler Anadolyda Osmanly döwletine iň soňky bolup goşulan beglikdir. Helen Misis, Jebelnur (Dawudi) dagy, Piribegli obasy, Seýhan köli, Ýumurtgalyk atly ýerlerde ýaşaýan Türkmen-Ýörük ählisi şol Üregirlerden emele gelen illerdir. «Ýüregir» sözi işleri düzgün, işi mydam ugryna» manysynda gelýär. Mahmyt Kaşgary Diwanylugatitturk atly eserinde şeýle diýýär: Oguz bir Türki taýpasydyr. Oguzlar Türkmendirler. Bular ýigrimi iki bölekden ybaratdyr; her taýpanyň aýry belligi, nyşany bardyr. Birbirlerini şol tagma boýunça tanarlar[2]. Onbäşinji "اُرإغِر Üregir" lerdir. "ياُرإغِر Ýüregir" hem diýilýär. Tagmalary ýokardaky suratdyr[3]. Bu aýdan taýpalarym düýp bir kökdir. Bu kökden birnäçe tireler emele gelendir; olary aýtmadym, sözi gysgaltmaly boldum. Bu tireleriň atlary olary guran gadymy atalarynyň atlaryndan galypdyr[4].
 
==Çeşme==