Osman I: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Addbot (gürleşme | goşantlar)
uj Bot: Migrating 60 interwiki links, now provided by Wikidata on d:q83100 (translate me)
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 19:
'''Osman I''' ýa-da '''Osman Gazy''' (1258, [[Söwüt]], [[Türkiýe]] – fewral 1326, [[Söwüt]]) [[Osmanly imperiýasy|Osmanly imperiýasynyň]] gurujysy bolupdyr.
 
Höküm sürdi: 17.01.1299 –29.09.1326
 
Özünden öň: [[Ärtogrul Gazy]]
 
Özünden soň: [[Orhan Gazy]]
 
Aýallary: [[Malhun hatyn]], [[Rabiýa Bala hatyn]].
 
Çagalary: [[Orhan Gazy]], [[Bazarly Beg]], [[Çopan beg]], [[Hamit beg]], [[Alaýeddin beg]], [[Mälik beg]], [[Sawçy beg]], [[Patma hatyn]]
 
Ýurdy:[[Osmanly hökümdarlygy]]
 
Kakasy: [[Ärtogrul Gazy]]
 
Ejesi: [[Halima hatyn]][1]
 
Doguldy: 1258 Söwüt
 
Öldi: 1.08.1326 Bursa
 
Dini: Yslam
 
Osman beg ýa-da Osman Gazy (Osmanly: عثمان باک,Osman beg) we Fahruddin (Osmanjyk) ýaly atlary bilen meşhur bolan bu şahsyýet Osmanly begliginiň we Osmanly hanedanynyň gurujusy we begligiň ilkinji patyşasy bolan Türkmen-Türk hökümdarydyr. KakasyÄrtogrul Gazy, we ejesi:Halima hatyn Atasy Süleýman şa, Enesi:Haýme hatyn.
 
==Garaşsyzlygyny gazanmagy==
 
1299-njy ýylda Anadoly Seljukly türkmen döwletiniň uç begi bolmaklykdan çykyp Söwüt we Domaniçde Osmanly begligini gurdy. Soň hem garaşsyzlygyny yglan etdi. Meşhur taryhçy Halyl Ynaljyga görä Osmanly döwleti garaşsyzlygyny 1302-nji ýylda Goýunhisaz söweşinden soň gazanypdyr. Mongol çozuşlaryndan gaçan Musulmanlaryň begligine sygynmagy bilen syýasy we harby güýçleri artdy. Synyp barýan Gündogar Rim imperiýasyndaky topraklary Türkmenler barha gysyp barýardylar. Türkmenler Gündogar Rim imperiýasyna degişli Iznik we Bursa şäherlerini gabadylar[2].
 
==Ýaşlyk ýyllary==
 
Osman beg (käbir çeşmelerde Orhun beg) 1258-nji ýylda Söwütde doguldy[3] Çagalyk ýyllaryna degişli takyk maglumatlar ýok. Osman Begiň ömür beýany hakynda maglumatlar örän azdyr. Özi hakyndaky maglumatlar hem öleninden soň 100 ýyl geçen soň ýazylypdyr. Bu eserler arasynda gadymylygyny saklap gelýän Ahmedi (ö. 1414). Dastan we Tewarihi Mülük-Aly Osman. Şükrulla (ö. 1481). Tewarihi Aly Osman atly eserler hakykata ýakyn çeşmerdir. Döwrüne degişli çeşmeler 1422-nji ýyllardan soň ýazylypdyr[4]. Käbir taryhçylara görä [3] kakasy [[Ärtogrul Gazy]] (käbir çeşmelerde Ärdogdy beg) Günbatar Anadolyda Söwüt obasy bilen Domaniç ýaýlasynda ýaşaýan Oguz Türkmenleriniň Bozok toparynyň Gaýy taýpasyna baştutanlyk edipdir. Osman Gazy onuň kiçi ogly eken. Taryhçy Ibni Kemal (ö. 1534) Tewarihi Aly Osman atly eserinde Ärtogrul beg Anadola (Ruma) geleninde iki oglunyň bolandygyny, Söwüte baranynda hem kiçi ogly Osman dünýä inipdir[5]. Halk döredijiliginde onuň ejesi ýa enesi Haýma enedir[6]. Taryhçy Ibni Kemal, Osmanyň ýaşlygynda «Ýigitleriň arasynda ýetişendigi» we «Urmakda tutmakda örän başarnyklydygyny» ýazypdyr. 1281-nji ýylda 23 ýaşynda wagty Ahilerden Şeyh Edebalynyň gyzy Malhun hatyn bilen öýlendi. Malhun hatyndan hem Orhan gazy doguldy.
 
==Tagt ugrundaky göreş ýa-da göreşler hakyndaky pikirler==
 
1281-nji ýylda kakasy Ärtogrul Gazy 90 ýaşlarynda wagtlary wepat bolupdyr. Käbir taryhçylaryň aýtmaklaryna görä Gaýy taýpasynyň begligi üçin Osman Gazy ýakynlary bilen tagt ugrunda göreşipdir. Osman Gazy öz agasy Dündar Gazy bilen beglik ugrunda göreşipdirler. Bu söweşleriň nähili bolup, nähili gutarandygy hakynda çeşme bize hiç zat düşündirmeýär. Söweşiň soňunda Osman beg ýeňilipdir. Osman Gazy şol wagty bir pursat tapyp Dündar begi ok ýaý bilen atyp öldüripdir. Şondan soň Osman beg Oguzlaryň Gaýy taýpasyna baş we beg bolupdyr[3] Hajy Bekdaşyň «Welaýatnama» eserinde Osmanyň beglige geçiş wakasy tapawutlydyr[7]. Gaýy taýpasy Soltanöňiniň ýakynyna göçüp baranlarynda ilki agasy Aýdogmuş we soňra kakasy Ärdogdy (Ärtogrul) beg we birneme has soň Gündiz Alp Gaýy begi bolupdyr. Osman Gazy şol wagtlar öz egindeşleri bilen ýerli Wizantiýaly Ýarhisar, Bilejik,Inegöl, Iznik taraplaryna çozuş edipdir. Wizantiýaly Bursa Tekfury Konýada oturýan Seljukly soltany Alaýeddin Keýkubada ilçileri ugradyp şikaýat edipdir. Seljukly Soltany bolsa Gündüz Alpa habar ýollap bulagaýlyk döredýän jigsi Osman begi ýola salmagyny isläpdir. Gündüz Alp Osman begi tapyp ýigitleri bilen birlikde Koniýa Alaýeddin Keýkubadyň III ýanyna alyp barypdyr. Seljuk Soltany Osman Gazyny görüp begenipdir we ony Soltan Garahöýükde ýaşaýan Hajy Bekdaş Weliniň ýanyna ugradypdyr. Hajy Bekdaş Osmany Gazyny myhmansöýerlik bilen garşylapdyr we öz sellesini onuň kellesine orap täç geýdiripdir. Osman Konýa baranynda Hajy Bekdaş Osman Gaza bir hat beripdir we Soltana bermegini aýdypdyr. Ol hatda Osmanyň öwgüsi bar eken. Seljukly Soltany bu haty okapdyr. Osman gazy Soltanöňiniň merkezi bolan Söwüte baranynda Seljukly soltany oňa «Altyn uçly Sanjak we Teblhana (mehter) ugradypdyr. Bu ýazylanlar Ýazyjy Oglynyň «Seljuknama» atly eserinde hem agzalyp geçilýär[8]. Hajy Bekdaşyň Welaýatnama eseri Gündiz Alp bilen Osmanyň arasyndaky baglanyşyklaryň nähili bolup geçendigini agzamandyr. Birnäçe taryhçy Osman beg bilen jigsi Gündiz Alp bilen söweş bolandygyny we bu uruşlarda Gündiz Alp öldürip uçbegi bolandygyny ýazypdyrlar. Emma käbir taryhçylar Gündüz Alpyň beglige saýlanyp Gündüz Alp bilen söweşe girendigini ýazypdyrlar. Şonuň üçin tagt ugrundaky söweşler göreşler hakyndaky wakalar çekeleşiklidir.
 
==Çäkleriň giňeldilmegi==
 
Osman Gazy 1280-nji ýyldan 1300-nji ýyllara çenli 20 ýyl boýunça Osmanly döwletini janlandyrmagy üçin Bitaniýada (Bursa-Bilejik-Iznik) Uçbegligiň goşunyny güýçlendirmek üçin birnäçe söweşleri alyp barypdyr. Bu söweşlerde Gazy dostlary Samsa Çawuş, Goňur Alp, Akjagoja, Aýgut Alp, Gazy Abdurahman ýaly beýleki «Alp» begler we bularyň elindäki goşun birliklerine daýanypdyrlar. Osman Gazy öz gyzy Bala hatyna öýlenen Şeýh Edabaly bilen dowamly gatnaşyk saklapdy[3]. Osman gazy başda 1283-nji ýylda Ineköliň golaýynda Nikola bilen bolan «Ermenibili söweşinde» ýeňlişe sezewar bolupdyr. Şol söweşde hemw jigsi Saryhanyň ogly Baý Hoja şehit bolupdyr. 1284-nji ýylda Osman beg 300 kişilik goşun birlikleri bilen Ineköliň golaýyndaky Emirdagynyň eteklerinde ýerleşen «Gulaja Hisar bir gije çozdy se bu galany eýeläpdir. Bu Osmanlylaryň ilkinji gala ýeňişleridir[3][9]. 1286-njy ýylda Osman beg bilen Wizantiýaky birleşen Ineköl ýerlileri bilen «Dominiç söweşi» bolup geçdi. Osman beg bu söweşde ýeňiş gazanypdyr ýöne jigsi Saryhan (käbir çeşmelerde Gündiz Alp) bu söweşlerde şehit bolupdyr. Şondan soň Garajahisar Osman begiň eline geçipdir. Şondan soň Osman Gazy egindeşleri bilen birlikde çozuşlar gurnap başlapdyrlar. Mudurnynyň ýakynlarynda Samsa Çawuş we jigsi Satylmyş we Harmangaýa (Priminos) Köse Mihal güýçleri bilen birlikde Sakarýa derýasynyň golaýlaryna Göýnük taraplara çozuş edipdirler[3]. 1298-1299-njy ýyllarda Osman Gazynyň kuwwatlanmagyndan birahat bolan Bilejik (Belekona) bir toý gurnap ony duzaga düşürmegiň kül-külüne düşüpdir. Osman Gazynyň dosty Harmangaýa bu duzagy Osman Gaza habardar edipdir. Osman Gazy hem «Oýun içinde oýun taktikasyny» ulanyp kyrk ýigdine gyz eşigini geýdirip Bilejik galasyna aralaşypdyrlar. Beýleki alplary bolsa keçelere dolanyp Öküz sürüsi bilen galanyň içine girip Bilejik galasyny eýeläpdirler. Bu ýazylanlar Osmanly taryhçylarynyň Osman beg üçin ýazan erteki mifleridir. Soň Osman beg Ýarhisar serkerdesiniň gyzy bolan Holorina (Nilufer hatyn) atly gelin hem Türkmenleriň tarapyna geçip, Osman gazynyň ogly Orhan beg onuň bilen öýlenipdir. Şeýdip Bilejik we Ýarhisar galalary Osman begiň eline geçipdir[3]. Şol ýyl (1298-1299) Turgut Alp Ineköl galasyny gabapdyr we bu gala hem Osmanly begliginiň eline geçipdir[7].
 
==Osmanly döwletiniň haçan gurlandygy hakyndaky çekeleşikler==
 
Osman Gazynyň näçinji ýylda Osmanly döwletini gurandygy hakyndaky dawalar çekeleşiklidir. Gulaja Hisar we Garajahisar galalarynyň zabt edilen wagty 1299-njy ýylda Ineköli almagy bilen Osmanly döwletiniň gurulmagy diýlip hasap edilýär. Käbir taryhçylar bolsa 1299-njy ýylda Anadoly Seljukly döwletiniň ýykylmagy bilen Osman Gazy Anadolynyň beýleki Türkmen-türk beglikleriniň arasynda baş bolup Osmanly döwletini gurandygy kabul edilipdir. Ýene bir bölek taryhçylar 1299-njy ýylda Anadoly Seljukly soltany Gyýaseddin Mesut Osman gaza tebl we tug gönderip uç begligine belländigini hasap edýärler. Wizantiýalylaryň 3-nji haçly ýörüşlerinde Iznik şäherini eýeläpdirler. Iznik kölüniň gündogarynda Iznik şäherine herekete geçmek üçin 1301-nji ýylda Türkmenler Täzeşäheri (Ýenişäher) gurupdyrlar. Osman beg Täzeşäheri Begligiň merkezi edip belläpdir. Taryhçy Mehmet Nasrynyň 1500-nji ýyllarda ýazan taryhyna görä [10] şol ýyl Osman beg adyna ilkinji hutba Şeýh Edebalynyň müritlerinden biri bolan Gahrymanly Dursun fakyh tarapyndan Garajahisarda bir buthanadan mesjide öwrülen mesjitde okadylypdyr Osman beg Begligiň çäklerini Oguz däbine görä ýakyn garyndaşlarynyň we egindeşleriniň arasynda paýlap beripdir. Gadymyşäher (Eskişäher) Gündiz bege, Garajahisary ogly Orhan bege, Ýarhisary Hasan Alpa we Ineköl Turgut Alpa berlipdir[3]. Osman Gazynyň we «Alplar» serkerdeleri astyndaky Uçbeglik basypalyjy goşunlary 1299-njy ýyla çenli terlik Wizantiýalylar bilen aldym-berdimli söweşleri alyp bardypdyrlar. Wizantiýanyň imperatory Andronik Palaýolog Türkmen beglikleriniň imperiýasyna bolan gözgidijiligi çäksizdi. Mikaýeliň serkerdigindäki Wizantiýa goşuny häzirki Germenjik umumy ýaşaýyş jaýylarynyň ýakynyndaky «Menderes Magnesiýasynyň töwereklerinde Türkmenlerden ýeňilip, serkerde Mikaýel bolsa ýesir bolmakdan howatyr edip goşuny taşlap gaçypdyr. Birnäçe hepde geçeninde 1302-nji ýylyň 17-nji Sentýabrynda Bursa serkerdesi Orhaneli (Atranos), Kite, Kestel güýçleriniň ýerli gämileriniň kömegi bilen Iznik şäherini almak üçin 2000 esgerlik Wizantiýa birligine «Heteriarkos» bellendi[11]. Osman beg Wizantiýa güýçleriniň ýörüşe çykandyklarynyň habaryny alyp olaryň öňünden çykdy. Osman beg 5000 kişilik garyşan Türkmen pyýada we suwarylary bilen Ýalakdere içinden geçip Ýalakdowa aç arslanlar ýaly çozuşa girişdiler. Wizantiýaly serkerde Muzalon muňa hiç garaşmaýardy we ol Osman begiň goşun birlikleri bilen garşylaşdy. Iki goşun Izmir bogazynyň günorta taraplarynda söweşe girişdiler. Bu söweşde Osmanlylar ýeňiş gazandylar. Soňra ýerli Wizantiýalylar öz Izmir (Nicomedia) şäherlerine tarap gaçmaga başladylar. Merkezi Wizantiýa goşunlary bolsa hakyna tutma Alanlardan ybarat bolup, olar hem ilki ýeňen ýaly etdilerde yza çekildiler we kenardaky öz gämilerine münüp Konstantinopola gaçdylar[12][13]. Taryhçy Halyl Ynaljyk 2009-njy ýyldaky bir söhbetdeşliginde Osmanly begliginiň döwlet dikmesiniň 1302-nji ýylynda Ýalowa ýakynlarynda merkezi Wizantiýa goşun birlikleri bilen bolan Bafeus söweşinde Osman beg ýeňiş gazanandan soň amala aşyrlandygyny çak edýär[2][14]. Bu söweşiň bolan ýeri häzirki Ýalowa garaşly Gersog topraklarydyr. Bu söweş Wizantiýa taryhçysy Ýorgi Pachymeresiň ýazan taryhy möhüm senelerinde söweşiň ady Ýalakdere içindäki garawul Bafeusyň (Bafeus söweşi) ady berlipdir. XIX we XX asyryň başlarynda Osmanly taryhynyň ýazyjylary Joseph won Hammer-Purgstal [15] we Ahmet Refik Altynaý [16] dagylar dürli atlar bilen atlandyrypdyrlar we bu söweşe «Goýunhisar söweşi» adyny beripdirler. Bu söweşde Osman begiň ýegeni Aýdogdy şehit bolupdyr[3]. Bafeus söweşi Osmanly bilen Wizantiýalylaryň arasyndaky ilkinji söweşdir. Bu söweşden soň Mermer deňziniň günorta taraplaryny eýelemek aňsat düşdi. Şol ýyl Hisary, Orhaneli (Atran) we Ulubat köliniň içinde ýerleşen Alýos adasy Osmanlylaryň eline geçdi. Hisarynyň Rim serkerdesi gaýtawul bermäge başlady. Gala Osmanlylaryň eline geçeninden soň Aýdogdynyň aryny almak üçin serkerde öldürildi. Osman begiň goşunynyň tä Egeý deňzine Edremide çenli ilerländigini Wizantiýa imperatory hem başlady[7]. Osmanly güýçleri bu ýerdäki ýaýlalary, güzeranly topraklara yzygiderli ýörüş edýärdiler. Bu ýerdäki Wizant halky ýuwaş-ýuwaş Balkanlara tarap göçmäge başlapdyrlar. Wizantiýa taryhçysy Ýorgi Paçymer bu halkyň göçüşini, agyr günlerini başlaryndan geçirendikleri hakynda öz kitabynda ýazypdyr[17]. Bafe söweşiniň soňunda Wizantiýa imperatory Osmanlylary we beýleki Türkmen begliklerini Günbatar Anadolydan serpikdirmek üçin rizikol syýasatyny ulanmagy kem görmändir. Akdeňizde (Orta Ýer deňzi) çapawylçylykda, galtamanlykda ýakasyny tanadan Roger Florun we onuň hakyna tutma esgerleri bardy. Olaryň Sisiliýada wagty dolanda Anadola barmak üçin çakylygy kabul edipdir. Imperator ony Konstantinopola çagyrypdyr. Birnäçesi Katalonýalylardan düzülip 1302-nji ýylyň 1-njy Sentýabrynda 31 sany yük gämileri bilen Haliçe geldiler. Bu goşun birlikleriniň ýarsy agyr ýaraglanan suwarylardan düzülen 2500 adamlyk esgerlerdi. Wizantiýa Imperatory Andronik II Palaiolog Katalan mülküni eýelemek üçin gyzyny serkerdebaşy Roger de Flora durmuşa çykarypdyr[12]. Roger de Flor we Katalan goşun birlikleri öň Ženewizlilere garşy Konstantinopolda gyrgynçylyk geçiripdirler we Gapydag ýarymadasyndaky Kzykus şäherini gabawa salan Karesi Begligi güýćlerine garşy öz gämileri bilen çykypdyrlar we Türkmen goşunyny uly ýeňlişe sezewar edipdirler. Bu söweşlere goşulan Katalan birlikleri meşgurlyk gazanypdyrlar. Soňra Roger de Flor Ala şähere geçip ony gabawa alypdyr we bu ýerdäki Garamanogullar begliginiň goşunyny ýeňipdirler. Soňra dowamly güýç toplap Toroslar bilen Gülek bogazyna çenli goşuny ilerläpdir. Ol ýerden yzyna dolanyp Katalan kuwwatlarynyň jemlenen Ala şähere gelipdir we bu ýere gämiler bilen Ýewropadan täze harby goşun kömege geldi. Katalan topraklary we Roger de Flor öňürti Konstantinopola barypdy. Mikhaýyl IX Palaýologa kömek etmek üçin Edirnä gidipdir we 1305-nji ýylda öldürlipdir[12]. Katalon mülki we Roger de Flor Osmanly kuwwatlary bilen urşa girişmän Anadoly beglikleri bilen söweşip 3 gezek ýeňiş gazanandygy we käbir kiçeňräk çaknyşyklarda hem ýeňiş gazanandygy hakynda Wizantiýa taryhçylary tarapyndan ýazga geçirlipdir. Bulardan başga-da Wizantiýa taryhçylarynyň ýazmagyna görä Roger de Flor we Kataloniýa mülkiniň uzak wagtlap ýeňilmän saklanmagy netijesinde Osmanly begliginiň günorta Mermer taraplaryndaky basyp alyşlary togtadypdyr[12]. 1308-nji ýylda täzeden başlanan hüjüm hereketleri birinjilik bilen Iznik-Izmir ýolynyň ugryndaky strategik Garahisar (Trikokiýa) eýelendi. 1313-nji ýylda Osman bege uly möçberde kömek beren Wizantiýa serkerdesi Mihaýyl Köşes musulman bolup Köse Mihal adyny aldy we basypalyjy Osmanlylara goşuldy. 1313-1315-nji ýyllarda Sakarýa derýasynyň kenarynda ýerleşen Lefke, Mekeje, Akhisar, Geýwe, Gölbazary we Leblebiji galalaryny eýelediler[3]. Bu basypalyşlar netijesinde Osmanly begliginiň serhetleri giňemäge başlady. Osman beg döwründe onuň ygtyýaryndaky kuwwatlar Bursa şäheriniň uly galasyny eýeläp bilmändiler. Şol sebäpden Osman beg ony gabawda saklamaklygy emr edipdi. Gala eýelenenden soňra bu şäheri ýegeni Aktimur bilen gullugyndaky Balanjyga berdi[3].
 
==Ömrüniň soňky ýyllary we ölümi==
 
Osman gazy ömrüniň soňky ýyllarynda garramagy we syrkawlamagy («Gut keseli») zerarly taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, beglik häkimýetini ogly Orhan bege galdyrypdyr. Emma Osman begiň haçan ölüp, oglunyň onuň ýerine haçan geçendigi hakynda alymlaryň arasynda çekeleşikli ýagdaýlar bardyr.
1320-nji ýyldan soňra bolup geçen zatlary we Osman beg hakynda taryhçylar ýazypdyrlar. XV asyrda Osmanly taryhçylaryndan Ruhy Çelebi 1481-nji ýyla çenli getirendigini «Tewarihi Aly Osman» atly taryh eserinde Osman begiň 1320-nji ýylda ölendigini agzapdyr.Mehmet II we Baýezit II döwründe ýaşan 1502-nji ýyla çenli olary derňän Oruç begiň «Tewarihi Aly Osman» atly taryh eserinde bolsa Osman begiň ölüm taryhy 1327-nji ýyl diýlip görkezilýär.
Beýleki taryhçylar Osman begiň ölümini bu iki wagt aralygynda edip görkezipdirler. Modern taryhçy Nejdet Sakaogly[3].
«1320-nji ýyldan soňky bolup geçen wakalarda Osman begiň ady agzalman, ogly Orhanyň 1324-nji ýylda beg bolandygyny tassyklaýan maglumatlardan söz açylýar» - diýip Osman begiň ölümini 1324-nji ýylda bolandygyny aýdypdyr.
 
==Maşgalasy==
 
Aýallary:
1. [[Malhun Hatyn]]-Yslam alymy Şeýh Edebalynyň gyzy, Orhan gazynyň ejesi[20][21]
 
Ogullary:
 
1. [[Orhan beg]] (1281-1362)
 
2. [[Bazarly beg]] (1285 - 1311)
 
3. [[Çopan beg]] (1283 - 1337)
 
4. [[Hamit beg]] (1288 - 1329)
 
5. [[Alaeddin beg]] (1282 - 1331)
 
6. [[Mälik beg]] (1290 - 1366)
 
7. [[Sawçy beg]] (1294 - 1325)
 
Gyzy: [[Patma hatyn]] (1284 - 1347)
 
{{s-start}}