Azerbaýjan taryhy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 8:
 
Azerbaýjanyň sosial-ykdysady ýagdaýy XIX asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň ösüşinde täze döwür başlanýar. Bu döwürde Russiýada başlanan sosial-ykdysady üýtgeşmeler Azerbaýjana-da öz täsirini ýetiripdir. Russiýada krepostnoýçylyk hukugynyň ýatyrylmagy kapitalistik gatnaşyklaryň ösmegine itergi beripdir. Russiýanyň ýüpek mata senagatynyň ýüpegi talap edip başlamagy Azerbaýjanda ýüpek egirme-dokma fabriginiň döremegine getiripdir. 60-njy ýyllaryň başynda Hanabatda moskwaly senagatçylar Alekseý we doganlar Woroninler 432 stanokly 500 orunlyk ýüpek egirme-dokma fabrigini gurýarlar. 1865-nji ýylda Kadabek mis erediji zawod işe girizilip, onda 200 işçi işläpdir. 1859-njy ýylda rus telekeçileri tarapyndan Surahanda nebiti gaýtadan işleýän iri zawod gurulýar. Bu zawoddan başga-da Apşeronda onlarça nebit senagaty kärhanalary işläpdirler. Obalarda kapitalistik gatnaşyklar haýal ösüpdir. Russiýada krepostnoýçylyk hukugy ýatyrylandan 10 ýyl geçensoň 1870-nji ýylda Azerbaýjanda daýhan reformasy geçirilipdir. Bu reforma daýhanlaryň feodallara garaşlylygynyň soňuna çykman, tersine, feodallaryň daýhanlary mundan beýläkde ezmegine mümkünçilik döredipdir. Daýhanlar reformadan soň hem ýer eýeleriniň peýdasyna dürli borçlary ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Olar tölegleri pul ýa-da azyk görnüşinde töläpdirler. Suwarymly ýerler we öri meýdanlar ýene-de han-begleriň ellerinde galypdyr. Azerbaýjanda daýhan reformasy hemme ýerde geçirilmändir. Ol diňe beglik ýerlerinde ýaşaýanlara degişli bolup, galan ýerlerede geçirilmändir. Daýhanlaryň 70 %-ni öz içine alýan döwlet ýerlerinde ýaşaýan daýhanlara degişli bolmandyr. Bulara garamazdan Azerbaýjanda geçirilen daýhan reformasy belli bir derejede oba kapitalizmiň ösüşine itergi beripdir. Daýhanlaryň azat bolmagy şäherlerde ösýän senagaty üpjün etjek işçi armiýasynyň rezerwini döredipdir. Olar ýuwaş-ýuwaşdan işçi kadrlarynyň üstüni doldurypdyrlar. Deýhanlar reformasy ýurtda haryt gatnaşyklarynyň kapitalistik-haryt gatnaşyklarynyň peýda bolmagyna hem getiripdir. Azerbaýjanda ykdysadyýetiň we pul-haryt gatnaşyklarynyň ösmeginde 1883-nji ýylda Bakuwy Tiblisi şäheri bilen birleşdiren Zakaspiý demir ýolunyň bakuw böleginiň gurluşygy we Kaspi deňiz gämi gatnawy uly orny eýeläpdir. Azerbaýjanyň Russiýa döwleti bilen söwda gatnaşygy giňelip başlapdyr. Rus telekeçileriniň azerbaýjan çig malyna bolan islegi has artyp başlaýar. 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda dörän pagta senagaty Azerbaýjanyň oba hojalygynyň esasy pudagy hökmünde mundan beýläk ösüp başlapdyr. Pagta senagatynyň ösmegine birinji nobatda rus pagta senagatynyň oňa bolan islegi şert döredipdir. Netijede bolsa, Azerbaýjanyň uýezdlerinde senagatyň täze pudagy bolan pagta arassalaýan zawodlaryň peýda bolmagyna getiripdir. Azerbaýjanyň oba hojalygynda buýan köküni almak, temmäkiçilik, üzümdarçylyk, bagbançylyk ýaly pudaklary uly ösüşlere eýe bolup, olar Russiýanyň bazarlary bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Emma bulara garamazdan, Azerbaýjanyň obalarynda feodal gatnaşyklaryň saklanmagy ol ýerlerde kapitalizmiň ösüşini bökdäpdir. Ýerleriň öňküsi ýaly döwletiň, pomeşikleriň we han-begleriň elinde saklanmagy daýhanlarda nägileligi artdyrypdyr. Bu bolsa öz gezeginde daýhanlaryň ýerli hen-begleriň we rus kolonizatorlaryň garşysyna göreşe galmagyna getiripdir. Ýaraglanan daýhanlaryň uly bolmadyk toparlarynyň han-begleriň we patyşa çinownikleriniň üstüne çozuş edip, olaryň ellerinden zatlaryny alyp garyplara paýlan wagtlary hem az bolmandyr. Bu daýhanlaryň özboluşly çykyşy bolup, halk arasynda olara gaçaklar diýip at beripdirler. Şeýle otrýadlaryň biri Zangerur we Nahiçewan uýezdlerinde hereket edip, oňa belli gaçak Nabi ýolbaşçylyk edipdir. Ol birnäçe ýyllap ezijileriň garşysyna göreş alyp barypdyr. Umuman alanymyňda, XIX asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň obalarynda kapitalistik gatnaşyklar haýal we köp kynçylyklar bilen ösüpdir. Hemme ýerlerinde bir meňzeş ösmändir. Senagatda esasan hem nebit senagatynda ösüş bildiripdir. Bu ösüş ilkinji nobatda rus senagatynyň ýangyja bolan islegi bilen bagly bolupdyr. Nebit senagatyna XIX asyryň II ýarymyndan başlalp ýerli rus maýadarlary bilen birlikde daşary ýurt maýadarlary hem aralaşyp başlapdyrlar. 1885-nji ýylda Baku guberniýasyndan 489 mln. put nebit alnypdyr. Doganlar Nobeliň firmasy 1879-njy ýylda 3 mln. manat maýa goýan bolsa, 11 ýyldan soň, ol 15 mln. manada baryp ýetipdir. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň sany ýyl geçdigiçe artyp başlapdyr. 1890-njy ýylda Bakuwda şeýle zawodlaryň 148-si işläpdir. Bakuwyň nebiti Ýewropa, Aziýa, 1886-njy ýylda Hindistana, soňra bolsa Hytaýa çenli baryp ýetipdir. Bakuwyň nebit senagatynyň güýçli ösmegi onuň Kawkazda iri senagat merkezine öwrülmegine getiripdir. Senagatyň ösmegi bilen onuň ilaty hem ösüpdir. 1897-nji ýylda onuň ilaty 113.904 adama ýetipdir. Azerbaýjanyň beýleki şäherlerinde hem senagatyň dürli görnüşleri bilen bilelikde ilat sany hem artypdyr. Kuba şäheriniň ilaty 18 müň, Şemahyňky 23 müň, Nuhuňky 26 müň, Şuşuňky 26 müň, Ýelizawetpoluňky 34 müň adama baryp ýetipdir. Netijede, Azerbaýjanyň ilatynyň sosial gurluşynda hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýurtda täze buržuaz we proletar synplary döreýär. Azerbaýjanda buržuaz synpy köp milletiň ruslaryň, azerbaýjanlaryň, ermenileriň we beýleki milletleriň wekilleri hökmünde kemala gelipdir. Buržuaz synpy bilen bilelikde ýene-de bir synp proletariat synpy hem peýda bolýar. Azerbaýjanda proletariat synpynyň kemala gelmeginde obalardaky ýersizleşen daýhanlar esasy rol oýnapdyrlar. Olar iş gözläp şäherlere gidip proletariatlara öwrülipdirler. Işçiler synpynyň kemala gelmeginiň ýene-de bir çeşmesi Günorta Azerbaýjandan iş gözläp gelýän talaban daýhanlardy. Bakuwda senagatyň güýçli ösmegi köp mukdarda işçi güýjini talap edýärdi. Bu bolsa öz gezeginde Bakuwda köpmilletli işçi synpynyň döremegine şert döredipdir.
 
==Azerbaýjan SSR-niň döredilmegi==
1919-njy ýylyň maý aýynda Azerbaýjanyň kommunistleri “Garşsyz Sowet Azerbaýjany ugrunda“ diýen şygary öňe sürýärler. Bu şygar astynda kommunistler işçileri we daýhanlary, tutuş progressiw pikirli adamlary Azerbaýjan Sowet Respublikasyny döretmek ugrundaky göreşe çagyrypdyrlar. Bu çagyryşa jogap edip diňe bir işçiler däl-de, eýsem daýhanlar hem köpçülikleýin guramaçylykly çykyş edip başlapdyrlar. 1919-nji ýylda Azerbaýjanyň ähli uýezdlerinde daýhanlar bilen pomeşikleriň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolup geçýär. Genje, Gazak, Şuş, Gökçaý we Lenkoran uýezdlerinde ýaragly gozgalaň has giň gerime eýe bolupdyr. Genje uýezdiniň Gyzyl-Gajylyly obasynda Meşady Kadyryň ýolbaşçylygynda bolup geçen daýhanlar gozgalaňy pomeşiklere uly howyp salypdyr. Ýene-de bir daýhanlaryň ýaragly otrýady Gazak uýezdiniň Ýokary-Aýyply we beýleki obalarynda hereket edipdir. Bu ýerde 1919–njy ýylyň güýz aýynda Gyzyl gwardiýanyň daýhanlar otrýadlary döredilipdir Garabagda, Şamsadil we Gazak yýezdlerinde azerbaýjan we ermeni daýhanlary birleşip, musawat we daşnak häkimetiniň garşysyna çykyş edipdirler. Musawatçylaryň yaragly güýçlerniň garşysyna Geranboý-Ahmetli obasynda Gatyr Mamedin ýolbaşçylygyndaky daýhanlar otrýady duýdansyz göreş alyp barypdyrlar. Gatyr Mamediň we Meşady Kadyryň daýhanlar otrýady dowlet edaralarnyň, hanlaryň, begleriň we pomeşikleriň üstüne çozuş edip, olaryň ýerlerini we mallaryny daýhanlara paýlap beripdirler. Musawatçylara 1919–njy ýylyň sentýabr aýynda Gatyr Mamedi wagşylarça öldürmek başardan hem bolsa, tutuşlugyna daýhanlar hereketiniň öňini almak başartmandyr. Rewolýusion wakalaryň içinde Lenkoran uýezdiniň zähmetkeşlerniň Sowet häkimýeti ugryndaky göreşi has tapawutlanypdyr. 1919–njy ýylyň 25–nji aprelinde işçileriň, daýhanlaryň we rewolýusion esgerleriň ýaragly otrýadlary tarapyndan reaksion ofiserleri ýesir alýarlar we Lenkoran uýezd uprawasyny (iş dolandyryjysyny) agdarýarlar. Häkimýet Rewolýusion Komitetiň eline geçýär. Rewolýusion hereketden gorkan musawaçylar we reaksiýon toparlar tutha – tutlugy we terrorçylykly hereketi güýçlendiripdiler. Sowet häkimiýeti ugrundaky göreşde duşmanyň elinde K. Agasiew, A. Aliew, M. Aýdinbekow, F. Gubanow, B. Dadaşew, A. Katarzade, I. Kolomiýsew, M. Melikýans, M. Musawi, B. Sardarow, A. Suleýmanow we beýlekiler ýaly halkyň edermen ogullary wepat bolupdyrlar. Bu waka Azerbaýjan musawatçylarynyň halka dönükligini ýene-de bir gezek subut etdi. 1920-nji ýylyň 24-nji aprelinde Azerbaýjanyň Kommunistik (bolşewikler) Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň (AK(b) P MK) harby tehniki kommisiýasy ähli raýon harby-syýasy kommisiýalaryna ýaragly gozgalaňy taýarlamak boýunça göreşiň instruksiýasyny iberýär. 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinde Bakuwda gozgalaň turýar. Azerbaýjanyň gozgalaň eden zähmetkeşlerine 11-nji Gyzyl Goşun kömege gelipdir. Azerbaýjan kommunistleri musawatçylar parlamentine ultimatum berip, Bakuwyň esasy punktlaryny eýeläpdirler. Netijede, şol gün musawatçylar parlamenti häkimiýetiň Azerbaýjanyň rewolýusion kommitetiniň eline geçýändigi baradaky karara gol çekýär. Şeýlelikde, 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinden 28-nji apreline geçilen gije musawatçylar hökümeti agdarylýar we Azerbaýjanda Sowet häkimiýeti ýeňýär. Azerbaýjan Sowet Sosialistik Respublikasy jar edilýär. Wagtlaýyn rewolýusion Kommitet döredilip, onuň düzümüne N. Narimanow (başlyk), A. Aliýew, D. Buniatzade, M. Guseýnow, A. Garaýew, G. Musabekow we G. Sultanow giripdirler. Azerbaýjan Sowet Sosialistik rewolýusiýasy yglan edilýär. 1920-nji ýylyň 28-nji aprelinde bolsa, Azerbaýjan Rewolýusion Kommiteti N. Narimanowyň ýolbaşçylygynda Halk Komissarlar Sowetiniň ilkinji düzümini tassyklaýar. 1921-nji ýylyň 6-njy maýynda Bakuwda Azerbaýjan SSR-niň Sowetleriniň I gurultaýy bolup, onda Azerbaýjanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edilýär. Konstitusiýanyň kabul edilmegi Azerbaýjan halkynyň syýasy ösüşinde uly taryhy ähmiýete eýe bolupdyr. Gurultaýda ýokary döwlet organlary Azerbeýjan Merkezi Ispolnitel Komiteti (AzMIK) we Halk Komissarlar Soweti saýlanypdyr. HKS-yň başlyklygyna N. Narimanow, AzMIK-nyň başlyklygyna M. Gajyýew saýlanypdyr.
 
[[Kategoriýa:Azerbaýjan taryhy| ]]