Mete han: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 16:
Mode han(hytaýça: 冒頓單于pinýin: Mòdú chānyú; B.e.öňki 234 - B.e.öňki 174), B.e.öň 209-b.e.öň 174-nji ýyllar aralygynda höküm süren Türkmen-Hun (Hiung-nu) hökümdary[1][2][3][4]. Oguznama dessanyndaky Oguz han şol Mode han diýlip çak edilýär. Kakasy Duman (Teo man).
==Ady==
Ylmy gözleg ugrundaky adamlaryň pikirleri dürli-dürlidir. Hytaýda orta eýýamlarda Mödün (冒頓 is /mək-twən/şeklinde ýazylandygy hem öňe sürülýär[5]. Gysgaça aýdanymyzda, Gadymy hytaýça bu adyň manysy Türki dillerde we Mongol dilleri bilen Parsça sözlenen bagtur, Orta Aziýa Türkilerinde bagatur (bahadyr-gahryman) görnüşinde ulanylypdyr. Käbir ylmy-gözleýjilere görä «Motun» hem diýlipdir. Wengerçe (Hungary) hem «bátor» ýa-da gadymy şekli bolan batur, Türkmençe hem «Batyr», Tuwa türkiçe maadyr (gahryman) sözleri birmeňzeş eşidilýär[5]. Eýran dillerinde «Bag» sözi «jenap» ýa-da «Lord» sözi eşidilmek bilen birlikde bu söz belkide Orta Aziýa Türkmenlerinden Eýrana ýaýran söz bolan bolmagy mümkin[5]. Klawsonyň (Clauson) pikiriçe Eýran dillerinden bolmagy mümkin diýip hasap edyär[6].
==Metehanyň kagan bolmagy==
 
Hytaý çeşmelerinde düşündirilşine görä, Aziýa Hun hökümdarlygynyň gurujysy bolan Duman (Teoman), ogly Metehanyň ýerine beýleki aýaly Ýenşiniň ogluny tagta çykarmak isledi. Däplerine görä Türkmen aýaldan bolan, Türkmeniň tagta geçmegi gerekdi. Metehanyň öweý ejesi hytaýlydy. Ýagny hytaý heleýinden bolan erkek jigsi tagta geçmelidi. Şol sebäpden hem ikinji aýaly Dumana gep içirdi we Metehany goňşy duşman kowmy bolan Ýueçjilere (Düýeçi) girew hökmünde iberýär. Sebäbi Duman han olara salgyt töleýärdi. Kakasy onuň yz ýany Ýueçjilere söweş yglan edip Metahany hem şol ýerde öldürtmek isledi. Mete kakasyndan öňürtiläp Ýueçjileriň elinden gaçdy. Kakasy onuň bu edermenligi üçin on müň çadyrly goşuny berdi. Soňra Mete öz kakasynyň pirimleriniň üstüni açdy we oňa garşy uruş yglan etdi. Öweý ejesi we tagta geçjek bolýan jigsini öldürip kagan boldy (B.e.öňki 209-njy ýyl)
 
==Ok hekaýaty==
Has soňra göçüp-gonup gezen kowumyň ulanan Çawuş Oky ady berilen düzgüni oýlap tapan Mete han bolupdyr. Hytaý çeşmelerine görä eger okuny bir ýere çenäp atsa, onuň emrindäki esgerleriniň hemmesi şol ok atylan tarapa birlikde ok atyp ýok ederdiler. Bir gün okuny iň gowy gören atyna çenedi. Esgerleriň käbiri ata ok atmakdan ýüz dönderdiler. Soňra Mete han okuny gezekli gezegine ýüz dönderenlere tarap çenäp atdy. Emrindäki esgerler ýüz dönderen esgerleri atyp öldürdiler. Şeýdip kiçilikden bäri oýnan ok ýaý çenemek endigini hakykat ýüzûne geçirip başlapdyr. Bir gün emrinde bolan 10 müň esgeri bilen ýola çykdy. Ol awa çykan kakasyna tarap ok atdy. Soňra onmüň esgerleriň hiç biri hem onuň kakasyna garşy ok atmakdan ýüz dönderip.bilmediler we ok atyp ony öldürdiler[7].