Fýodor Dostoýewskiý: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
uj m
Setir 30:
(1821-1881)'''
 
Dünýä edebiýatynyň[[edebiýat]]ynyň iň belli kyssaçylarynyň biri, beýik rus ýazyjysy we akyldary Fýodor Dostoýewskiý 1821-nji ýylda, Moskwada[[Moskwa]]da dünýä indi.
 
Ol 1837-nji ýylda Imperator Nikolaýyň adyny göterýän inženerçilik orta hünärmenlik mekdebine okuwa girip, ony 1844-nji ýylda tamamlaýar. 1843-nji ýylda Fýodor meşhur fransuz ýazyjysy O.Balzagyň «Ýewgeniýa Grande» romanyny terjime edýär. 1845-nji ýylda bolsa özüniň ilkinji eserini - «Garyp biçäreler» romanyny ýazyp gutarýar. Roman eýýäm çap edilmänkä rus edebiýatynyň iň meşhur tankytçysy W.Belinskiýniň öwgüsine mynasyp bolýar, şahyr N.Nekrasow bolsa 1846-njy ýylda eseri özüniň redaktirleýän «Peterburg ýygyndysy» almanahynda çap etdirýär. 1849-njy ýylda, «Ak gijeler» powestiniň çap edilmeginden biraz wagt geçeninden soň Dostoýewskiý syýasy sebäpler boýunça tussag edilýär we Omska sürgüne ýollanylýar. 1854-nji ýylda ol azat edilýär we harby gulluga çagyrylýar. 1859-njy ýylda ýazyjy gulluk borjyndan boşadylýar, şol ýylyň özünde hem «Stepançikowo obasy we onuň ýaşaýjylary» powestini çap etdirýär. 1861-nji ýylda ýazyjy dogany Mihail bilen birlikde «Wremýa» žurnalyny, ol ýapylanyndan soň «Epoha» žurnalyny çykarýarlar. Bu žurnallarda ýazyjynyň «Kemsidilenler we ýekirilenler» (1861), «Zyndan hakda ýazgylar» (1860-62), «Tomusky täsirler hakda gyşky bellikler» (1863), «Garasöýmeziň ýazgylary» (1864) ýaly meşhur eserleri çap edilýär. Emma 1865-nji ýylda «Epoha» ýapylýar. Ýazyjy agyr ýagdaýa düşýär, howlukmaçlyk bilen iň belli eserleriniň birini - «Jenaýat hem jeza» (1866) romanyny döredýär, «Humarbaz» (1866) romanyny bolsa 21 günde ýazyp ýetişmeli bolýar. Bu eserleri okyjylar örän gyzgyn garşylapdyrlar. Alan gazanjyna ýazyjy aýaly bilen Ýewropa syýahat edýär. Ol ýerden özüniň «Tentek» (1867) atly ajaýyp romanyny tamamlap getirýär.