Awiasiýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
uj Bot: Migrating 53 interwiki links, now provided by Wikidata on d:q765633 (translate me) |

Setir 1:
'''Awiasiýa''' (latin dilinde ''avis'' - guş) - Ýeriň töweregindäki howa giňişliginde howadan agyr enjamlarda uçuş. 20 asyryň 60 ýyllarynda awiasiýada uçarlar, dikuçarlar we planýorlar ulanylýar. Awiasiýa graždan awiasiýa hem-de harby awiasiýa bölünýär. Graždan awiasiýasyna transport, sanitar, türgenleşik - sport awiasiýasy hem-de ýörite niýetlenen ( oba hojalyk awiasiýasy, aerofotosýomka, aragatnaşyk, geologiki razwedka, balyk promyselleriniň razwedkalary we ş.m.) awiasiýa girýär. Howa ýollary boýunça ýük daşamak we ýolagçylary regulýar gatnatmagy üpjün etmek üçin graždan awiasiýasynyň ygtyýarynda: turboreaktiw, tubowintli we wintomotorly uçarlaryň, dikuçarlaryň parky, uçuşlary üpjün edýän dolandyryş hyzmatlary hem-de radiotehnik, meteorologik, ýagtylyk tehniki serişdeleri; aerodromlar we aeroportlar bolýar.

Rus alymy M. W. Lomonosow 1754 ýylda pružin bilen tow berilýän dikuçaryň modelini gurupdyr we şeýle enjamyň uçup biljekdigini praktikada subut edipdir. 1881 ýylda Russiýada deňiz ofiseri A. F. Možaýskiniň howada uçýan snarýad diýip atlandyran enjamy üçin patent berlipdir. 19 asyryň ahyrlarynda we 20 asyryň başynda öňde barýan döwletleriň alymlary awiasiýa barada köp sanly teoretiki hem eksperimental gözlegler geçirip başlaýarlar. Rus alymy prof. N. Ýe. Žukowskiý we onuň okuwçysy akad. S. A. :aplygin aerodinamika ylmynyň ösmegine aýgytly goşant goşýarlar. 1902 ýylda Moskwa döwlet uniwersitedinde Žukowskiniň inisiatiwasy boýunça Russiýada ilkinji gezek aerodinamik turba gurulýar. Amerikan mehanikleri doganlar U. we O. Raýt ilkinji bolup, uçara içinden ýandyrylýan dwigatel goýdular. 1903 ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-sine olaryň kerosin bilen işleýän dwigatelli uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli geçdi. 1904 ýylda Moskwanyň eteginde - Kuçinoda aerodinamik institut döredildi.

1914 ýylda başlanan I jahan urşy awiasiýanyň ösmegine ýardam etdi. Awiasiýany harby maksatlar üçin giň ulanyp boljakdygy belli boldy. Agyr uçarlary gurmak boýunça Russiýa birinji orny eýeledi. Sikorskiniň 1913 ýylda gurlan 4 motorly "Ilýa Muromes" uçary 800

Awiasiýa Beýik Watançylyk urşy döwründe hem ösdi. Bu döwürde dürli tipli harby uçarlar döredildi. Meselem: La-5, Ýak-1, MiG-3, Pe-2, Il-4, Tu-2 we başgalary. Wintsiz işleýän, kuwwatly we ýeňil reaktiw dwigateliň döredilmegi Awiasiýada tehniki öwrülişigiň başlangyjy boldy. Eýýäm 30 ýyllaryň II ýarymynda SSSR-de, Angliýada, Germaniýada, Italiýada we ABŞ-da reaktiw dwigatelleri döretmegiň üstünde uly işler geçirildi. 1940 ýylyň Baýdak aýynda kosmos gämilerini dörediji S. P. Korolýowyň (serediň) konstruksiýasy boýunça ýasalan SK-9 raketoplanynda lýotçik W. P. Fýodorow SSSR-de ilkinji reaktiw uçuşy amala aşyrdy. Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde SSSR-de awiasiýa has güýçli ösüp başlady. 60 ýyllaryň ortalarynda uçarlaryň uçuş tizligi

Graždan Awiasiýasy SSSR-iň bitewi transport sistemasyna girýär. Aeroflotyň döredilmegi W. I. Leniniň ady bilen baglanyşyklydyr. 1923 ýylyň Baýdak aýynyň 9-na Graždan Awiasiýasynyň dörän güni hasaplanýar, çünki şol gün W. I Leniniň inisiatiwasy boýunça ýurdumyzda graždan howa flotunyň - Graždan awiasiýasynyň soweti döredildi. Tiz wagtdan Moskwa we Nižniý Nowgorod aralygyna ilkinji kadaly howa ýoly açylýar. 1933 ýylda şol ýol boýunça 229 ýolagçy gatnadyldy. Ondan bäri takmynan ýarym asyr geçdi. Şol döwür içinde ýurdumyz kuwwatly awiasiýaly döwlete öwrüldi. Häzir h. h-nyň pudaklarynda graždan awiasiýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanylýar. Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde harby awiasiýa bilen bir hatarda bütin dünýäde graždan awiasiýasy hem güýçli ösüp başlady. 30 ýyllaryň ortasynda 24 orunly Li-2 samolýotyň (Duglas DS-3 firmasynyň amerikan lisenziýasy boýunça) gurulmagy SSSR-de graždan awiasiýasynyň ösmegine ýardam etdi. Ilýuşiniň iki motorly Il-12, soňra kämilleşdirilen Il-14 samolýotlarynyň döredilmegi bilen SSSR-de graždan awiasiýasynyň uruşdan soňky ösüşi başlandy. Reaktiw tizlikli ýolagçy samolýotlarynyň ilkinji uçuşlary iňlisleriň "Kometa" samolýotynda 1949 ýylda, sowet Tu-104 samolýotynda bolsa 1955 ýylda amala aşyryldy. 1957-1959 ýyllarda Il-18, Tu-114, şonuň ýalyda O. K. Antonowyň konstruktorlar býurosynyň kollektiwi tarapyndan An-10, An-24 ýolagçy samolýotlary döredildi.

Fransiýada gurlan turboreaktiw ýolagçy samolýoty "Karawella" iki konturly dwigateli fýuzelýažyň guýruk böleginde ýerleşdirilýän samolýotlary döretmegiň başlangyjy boldy. 1965 ýylda SSSR-de Antonowyň konstruksiýasy boýunça dünýäde iň uly An-22 ("Anteý") transport samolýoty guruldy. "Anteýde" her biriniň kuwwaty 15 müň at g. deň bolan 4 sany turbowintli dwigatel ýerleşdirildi. Ol 80 t. peýdaly ýüki 5 müň km. aralyga 740

60 ýyllaryň ahyrynda birnäçe ýurtlarda ses tizliginden hem ýokary tizlikli ýolagçy samolýotlary döretmek barada işler dowam etdirildi (SSSR-de Tu-144, Angliýada we Fransiýada "Konkord", ABŞ-da "Boing-2707"). Şeýle samolýotlaryň ilkinjisiniň (Tu-144) uçuşy 1968 ýylyň 31 dekabrynda boldy.

TSSR-de ilkinji howa ýoly 1928 ýylda Türkmenabat - Daşoguz aralygynda açyldy. Aşgabatda birinji gezek 1934 ýylda samolýotlardan 6njy transport otrýady düzüldi. 1935 ýylda "ANT-3" samolýotynda pilot N. S. Mineýew, bortmehanik K. I. Krukowskiý bilen bilelikde Garagumyň üstünden 460
[[Kategoriýa:Awiasiýa]]