Bill Geýts: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
using AWB
Setir 7:
Geýts 1955-nji ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ryn­da [[ABŞ]]-nyň [[Wa­şing­ton şta­ty­]]nyň [[Si­et­le şä­he­ri]]n­de dün­ýä in­ýär we şol ýer­de ula­l­ýar. Onuň ka­ka­sy [[Uil­ýam Geýts]] II Si­et­le­de [[ak­law­jy]] bo­lup­dyr, eje­si bol­sa mek­dep mu­gal­ly­my we “[[Uni­ted Way]]” at­ly ha­ýyr – sa­ha­wat gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li bo­lup­dyr. Geýts we iki uýa­sy oňat ter­bi­ýe alyp­dyr we Geýt­se ikin­ji ýö­ri­te­leş­di­ri­len “La­ke­si­de Scho­ol”-da oka­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­räp­dir.
 
Bil 13 ýa­şyn­da­ka özü­niň il­kin­ji prog­ram­ma­sy­ny – BA­SIC prog­ram­ma­sy­nyň di­lin­de “Ata­nak nol­luk” at­ly oý­nu­ny ýa­zyp­dyr. Bill Geýts 1973-nji ýyl­da Pol Al­len bi­len hyz­mat­daş­lyk eden ýe­ri Gar­ward uni­wer­si­te­tin­de oka­ma­ga baş­lap­dyr. Geýts we Al­len “MITS Al­ta­ir” (il­kin­ji mik­ro­komp­ýu­ter) üçin esas bo­lan “BA­SIC” di­li­niň nus­ga­sy­ny prog­ram­ma­laş­dyr­ma­gyň üs­tün­de iş­läp­dir­ler. Ol “Micro­soft Cor­po­ra­ti­on” at­ly dün­ýä­de komp­ýu­ter­le­ri prog­ram­ma bi­len üp­jün edi­ji iri şe­re­ke­ti ýo­la goý­ma­ga gi­riş­mek üçin Gar­ward uni­wer­si­te­ti­ni taş­la­ma­ly bol­ýar.
 
== Geýts we “Micro­soft Cor­po­ra­ti­on” ==
Setir 15:
1975-nji ýyl­da komp­ýu­ter­le­ri prog­ram­ma bi­len üp­jün edi­ji “Micro-Soft” şe­re­ke­ti­niň düý­bi tu­tul­ýar. Ba­sym onuň ady ýö­ne “Micro­soft” bol­ýar we adam­la­ryň komp­ýu­ter­le­ri ula­ny­şy­ny bü­tin­leý öz­gert­mä­ge gi­riş­ýär.
 
“Micro­soft” komp­ýu­te­riň ula­ny­ly­şy­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mä­ge kö­mek et­di, ony ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, prog­ram­ma bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­di, oňa söw­da-da uly üs­tün­lik ge­tir­di. “Micro­soft”-yň üs­tün­li­gi “[[MS-DOS]]” ama­ly ul­ga­my bi­len baş­lap, Geýts öz oý­lap ta­pan za­dy üçin yg­ty­ýar­na­ma al­ýar. “Micro­soft Win­dows” bol­sa, 1985-nji ýy­lyň 20-nji no­ýab­ryn­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar.
 
Bil Geýt­siň baý­ly­gy 2012-njy ýyl­da 66 mil­liard dol­lar­dan gow­rak diý­lip, ha­sap edil­ýär­di. Oňa 1996 – 2007-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da iň baý adam hök­mün­de ba­ha be­ril­di. Ol dün­ýä­de iň iri ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ryp­dyr. Bil we Me­lin­dy Geýt­siň gaz­na­syn­da 1994 – 2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da 28 mil­liard dol­lar pul bo­lup, ýyl­da 1 mil­liard­dan gow­rak pu­ly ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne sarp et­mä­ge ýag­da­ýy bo­lup­dyr. Bu gaz­na 2000-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar. Onuň mak­sa­dy “sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny in­no­wa­si­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek we ony dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne öw­ret­mekden” ybarat bo­lup dur­ýar.
Setir 24:
 
Bil Geýts özü­niň söý­gü­li aýa­ly Me­lin­do Geýts we üç ça­ga­sy bi­len Wa­şing­ton kö­lün­den uzak­da bol­ma­dyk ýer­de ýa­şa­ýar. Ol oka­mak, golf we brij oýun­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar.
 
[[Kategoriýa:Şahsyýetler]]
 
 
{{stub}}