Sin nasilşalygy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
→‎top: using AWB
Setir 1:
'''Mowzugy: Hytaý Sin nasilşalygy döwründe.'''
 
 
1.Sin imperiýasynyň döremegi.
Line 6 ⟶ 5:
2.Hytaýda Sin nasişalygy döwründe syýasy gurluş.
 
3.Hytaýyň daşary syýasaty.
 
 
Hytaý ilatynyň sany boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Soňky maglumatlar boýunça onuň ilaty 1mlrd 350 mln adama barabardyr. Ilatynyň 93%-ni hytaýlylar (hanlar) düzýar. Azlyk halklara mongollar, dunganlar, uýgurlar, türkmenler,gazaklar gyrgyzlar, manjurlar, tibetliler degişlidir.(Hytaýdaky salyr türkmenleri barada ser. Ataýew H. Turkmeny-salary (salory) w kn.„Turkmeny zarubežnogo Wostoka“.A. 1993.str. 268-290.)
Line 39 ⟶ 37:
ýer eýeleri hem ekerançylara, iri manifaktura eýeleri hem hünärmenlere degişli bolupdyr. Jemgyýetiň gatlaklarynyň arasynda artistler,ýarag ussalary,gullar iň pesleri hasaplanyp, olap bilen ýokary çatlagyň ýekilleri gyz alyş- beriş edip, guda bolmandyrlar.
Manjurlar Hytaýy basyp alýan wagty bir wagtyň özünde diýen ýaly Koreýany, Gündogar Mongoliýany öz täsir zolagyna öwürmegi başarypdylar.
 
Taýwany birleşdirenden soňra Sin hökümeti Günbatarda ýaşaýan goňşylaryny basyp almaga girişdi.
Line 48 ⟶ 46:
Hindihytaý ýyrtlaryna garşy alyp baran uruşlary Hytaýa uly bir üstünlik getirmedi. 1768-njy ýylda Birma garşy 40 müň adamly goşun bilen geçiren ýörüşinde Asman oglunyň goşuny çym-pytrak edildi. Masgaraçylyga çydaman Hytaýyň goşunlarynyň namysjaň baş serkerdebaşysy öz-özüni öldürdi.
 
 
 
 
'''Meýilnamasy:'''
 
 
1. Hytaýy manjurlaryň basyp almagy. Ssin imperiýasynyň döremegi.
Line 60 ⟶ 54:
 
3. Hytaýyň daşary syýasaty.
 
 
 
'''1. Hytaýy manjurlaryň basyp almagy. Ssin imperiýasynyň döremegi.'''
 
Täze döwrüň başynda Hytaý Günbatar ýurtlarynyň aglabasyndan entek yza galmandy. Gündogar ýurtlarynyň arasynda ol öňdebaryjylarynyň biridi. Yöne, ýüpek ýolunyň öňki ähmiýetini ýitirmegi, Hytaýyň üstüne çarwalaryň çozuşlary, ýurduň öz içindäki oňşuksyžlyklar, halk gozgalaňlary Hytaýy gowşadypdy. Hytaýy 1468-1644-nji ýyllarda Min şanesli dolandyrypdy.
 
Täze döwrüň başynda Hytaý Günbatar ýurtlarynyň aglabasyndan entek yza galmandy. Gündogar ýurtlarynyň arasynda ol öňdebaryjylarynyň biridi. Yöne, ýüpek ýolunyň öňki ähmiýetini ýitirmegi, Hytaýyň üstüne çarwalaryň çozuşlary, ýurduň öz içindäki oňşuksyžlyklar, halk gozgalaňlary Hytaýy gowşadypdy. Hytaýy 1468-1644-nji ýyllarda Min şanesli dolandyrypdy.
 
XVII asyryň 20-nji we 30-njy ýyllary Hytaýyň taryhynda iň bir kynçylykly döwürleriň biri bolupdy. Bu döwürde bir tarapdan daşary ýurt basybalyjylary-manjurlar Hytaýy basyp almak niýeti bilen çozuşlara başlan bolsa, ikinji tarapdan ýurdyň öz içinde daýhanlar gozgalaňy başlandy. Min döwleti öz goşunlaryny iki bölüp, birini manjur basybalyjylaryna garşy, beýleki bir bölegini bolsa (1628-1644-nji ýylarda bolup geçen) daýhanlar gozgalaňyna garşy gönükdirmeli bolupdy.
Line 77 ⟶ 68:
Li Ssyçeniň Pekini eýelemegi manjurlara garşy urşup ýören öňki Min hökümetiniň goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän U Sanguýy biynjalyk edýärdi. Çünki onuň özi imperator bolmagy arzuw edip ýördi. U Sangyý manjurlar bilen birleşip, gozgalaňçylary Pekinden çykaryp kowmak isledi. Ol eger-de manjurlar gozgalaňçylara garşy göreşde kömek berseler onda olary Beýik Hytaý diwaryndan garşylyksyz geçirjekdigi we olar bilen birleşip, Pekine ýöriş etjekdigi barada manjurlaryň baştutany Abahaý bilen gepleşikler geçirdi. Manjurlar Abahaý bilen birleşip, Pekine garşy ýörişe başladylar. Abahaý özüniň manjurlara wepalylygyny sybut etmek üçin öz esgerlerine saçlaryny manjurlaryňky ýaly maňlaý tarapyny syryp, arkasyny örüp göýbermegi buýurýar. Soňra şu ýagdaý manjurlara tabynlygyň alamaty hökmünde düşünilip, hytaý halkynyň ählisinden manjur saça geçmek talap edildi.
 
Li Sszyçen manjurlar bilen öňki hökümet goşunlarynyň birleşmesine garşy durup bolmajagyna gowy düşünýardi.Şonuň ücin hem ol U Sanguýy oz tarapyna çekjek bolup, oňa manjurlara garşy bileleşip göreşmegi teklip edip, onuň bilen gepleşik geçirdi. Emma ol gozgalaňçylar bilen bile bolandan manjurlara dönenini gowy görüpdi. Ol häkimiýet diýip Watanyny satypdy.Halk onuň adyny dönük sözüniň ornuna ulanyp başlady. Häli-häzirlere çenli hem U Sanguý diýmeklik hytaý dilinde dönük sözi bilen manydaş-sinonimdir.
 
Li Sszyçen 1644-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 27-sine manjurlara garşy söweşe çykdy, emma ýeňildi. Manjurlaryň atly goşuny öz artykmaçlygyny subut etdi. U Sanguýyň dönükligi hem öz täsirini ýetiripdi. Li Sszyçen Pekini gorap bilmejegini bilip, şäheri söweşsiz manjurlara tabşyrdy we gozgalaňyň başlanan ýeri bolan Günbatara tarap gaçdy. Manjurlar Abahaýyň ýolbaşçylygynda Ssin şanesliniň döredilýändigini jar etdiler. Bu imperiýa 267 ýyl ýagny 1644-1812-nji ýyllarda Hytaýy dolandyrdy.
Line 93 ⟶ 84:
 
-Hytaýda manjurlaryňky ýaly atly goşun ýokdy.
 
 
 
'''2.Hytaýyň syýsy gurluşy.Ýer eýeçiligi.'''
 
Manjurlaryň Hytaýy basyp almagy bilen ýurduň syýasy gurluşunda düýpli özgerişlik bolmady.Çünki manjurlar döwlet gurmagy hytaýlylardan öwrenipdi. Şol sebäpli olar Hytaýda dowam edýän gurluşy kem-käs üýtgetdiler.
Line 116 ⟶ 104:
Ýere eýeçilik etmegiň görnüşleri hem Ssin imperiýasy döwründe öňkiden düýpli özgermändir. Ýerler öňküsi ýaly iki bölege: guan (emeldarlar) we min (halk) eýeçiliklerine bölünipdir. Min ýer eýeçiligine ähli ekilýän ýerleriň 75 goterimi degişli bolupdyr. Hytaýda asly gelip çykyşy garyndaşlardan ybarat bolan obalar agdyklyk edipdir. Olar oba bolup min ýer eýeçiliginiň düzgünlerine görä, köplenç, ähli ekilýän ýerleri umumylaşdyrylan görnüşde ulanupdyrlar. Emeldarlar ýer eýeçiligi hem öz gezeginde birnäçe görnüşlere bölünipdir: buthananyň , harby bölümleriň öz ýerleri bolupdyr. Hytaý obalarynda ilatyň gatlaklara bölünmesi, baý-garybyň döremegi haýal geçipdir.
 
 
 
'''3. Hytaýyň daşary syýasaty.'''
 
 
Manjurlar Hytaýy 1683-nji ýylda Taýwany basyp alansoň doly tabyn edipdiler. Indi olar Hytaýa goňşy oturan halklary basyp almaga girişdiler. Olar Hytaýy basyp alýan pursatlary Koreýa, Gündogar Mongoliýa ýaly ýerleri tabyn etmegi başarypdylar. Olar indi Günbatardaky goňşylaryna göz dikip başladylar. Bu ýerde türki dilli taýpalaryň – oýratlaryň, uýgurlaryň döwletleri bardy. Olar Demirgazyk Mongoliýada (Halha) we Gündogar Türkistanda (Kaşgariýa we Jungariýa) ýerleşýärdi.