Aleksandr Kuprin: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
→‎top: using AWB
Setir 4:
 
(1870-1938)
 
 
Meşhur [[rus]] ýazyjysy Kuprin [[1870-nji ýyl]]da, [[Penzen guberniýasy]]nyň [[Narowçat obasy]]nda dünýä inýär. Kakasy çaga bir ýaşyndaka aradan çykanyndan soň, ejesi Aleksandry alyp [[Moskwa]] göçýär. Geljekki ýazyjynyň çagalyk hem ýetginjeklik ýyllary bu şäherde geçýär. Ol Moskwanyň harby gimnaziýasyny tamamlaýar, soňra Aleksandr harby uçilişesine okuwa girýär. Özüniň harby okuw jaýlarynda geçen ýaşlygyny ýatlap, birnäçe ýyl geçeninden soň ýazyjy “Kadetler” powestini we “Ýunkerler” romanyny döredýär. Eýýäm şol döwürde Kuprin şahyr ýa-da ýazyjy bolmagy arzuw edýän eken.
Line 10 ⟶ 9:
Kuprin ilki şygyr ýazypdyr, emma olar çap edilmän galýar. Ilkinji çap edilen eseri – “Iň soňky debýut” hekaýasy 1889-njy ýylda okyjylara ýetirilýär. Okuwyny gutaranyndan soň, Kuprin dört ýyllap harby gullukda bolýar. Ol esger durmuşy baradaky eserleri bilen, şol sanda hem “Garaňkylykda” powesti, “Aýly gijede”, “Derňew”, “Düşelge” hekaýalary bilen gazet-žurnallarda çykyş edip ugraýar. 1894-nji ýylda Kuprin gullukdan boşaýar. Ol [[Russiýa]]nyň dürli şäherlerinde ýaşaýar, dürli kärlerde işläp görýär, eserleri üçin maglumat ýygnaýar. 90-njy ýyllarda onuň “Olesýa”, “Aldajy”,“Ket” powestleri çap edilýär. Bu ýyllar Kuprin Peterburga göçýär, Çehow, Bunin, Gorkiý ýaly ýazyjylar bilen tanyşýar.
 
[[1905-nji ýyl]]da Kupriniň iň belli eseri – “Göreş” powesti çap edilýär. [[1911-nji ýyl]]da ýazan “Gyrmyzy bilezik” powestini ýazyjy özüniň iň gowy eseri hasaplaýar. Bu eserlerinden soň Kuprin öz döwrüniň iň söýülip okalýan ýazyjysyna öwrülýär. 1915-nji ýylda ýazan “Çukur” powestiniň daşynda örän uly jeddeller döreýär.
 
Ýazyjy rewolýusiýany kabul etmeýär, 1919-njy ýylda [[Fransiýa]] göçýär. Ýöne Watanyndan uzakda ol öňki eserleriniň derejesinde hiç zat döredip bilmändir. 1937-nji ýylda, agyr halda [[Russiýa]] dolanyp barýar, 1938-nji ýylda hem aradan çykýar. Ony beýik rus ýazyjysy IwanTurgenewiň ýanynda jaýlaýarlar.
 
[[Kategoriýa:Edebiýat]]