Azerbaýjanyň Eýranyň agalygyndan halasbolmagy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: ' '''Azerbaýjan hanlyklarynyň döremegi''' Pýotr I aradan çykandan soň, Russiýanyň içerki we daşarky ýagdaýy çy...'
 
→‎top: using AWB
 
Setir 1:
'''Azerbaýjan hanlyklarynyň döremegi'''
 
 
Pýotr I aradan çykandan soň, Russiýanyň içerki we daşarky ýagdaýy çylşyrymlaşyp başlaýar. Russiýanyň gündogar syýasatyna Angliýa, Fransiýa we Türkiýe garşy durup başlaýarlar. Eýranyň hökümdary Nedir şa bolsa Eýranyň serhedini öňki ýagdaýyna getirmek ugrunda göreş alyp barýar. Ýerli halkyň bolsa täze eýran basypalyjylaryna garşy gahar-gazaby has ýitileşip başlaýar. Netijede, XVIII asyryň 40-njy ýyllarynda Azerbaýjanda Eýranyň garşysyna durýan täze halk hereketleriň ojaklarynyň döremegine getirýär. Şeýle ojaklaryň biri ýerli feodal Gajy Çelebiniň ýolbaşçylygynda Şekide tutaşypdyr. Nedir şanyň gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin birnäçe gezek eden synanyşygy başa barmandyr. Şeýle gozgalaňlaryň ulusy 1743-nji ýylda Şirwanda hem bolup geçýär. Eýranyň Azerbaýjanyň garşysyna alyp baran talaňçylykly syýasaty ýerli ilatda olara bolan ýigrenji artdyrypdyr. Olaryň Russiýa ýakynlaşmak meýlini bolsa güýçlendiripdir. 1743-nji ýylda Şirwan gozgalaňynyň eýranlylar tarapyndan basylyp ýatyrylmagy we olardan öç alynmagy bolsa azerbeýjanlaryň tutuş maşgala bolup Russiýa göçmegini has hem artdyrypdyr. XVIII asyryň 40-njy ýyllarynda Eýranyň garşysyna uly halk gozgalaňlary Ardabilde we Töwrizde hem bolup geçýär. Bularyň ählisi XVIII asyryň 40-njy ýyllaryň ahyrlarynda Azerbaýjanda Eýranyň agalygynyň ýok edilmeginde uly rol oýnapdyr. Azerbaýjanyň Eýranyň agalygyndan azat bolmagy onuň taryhynda täze döwrüň-garaşsyz we ýarym garaşly hanlyklaryň döwrüniň başlanmagyna getiripdir. Azerbeýjanyň territoriýasynda Şeki, Garabag, Kuba, Şemah, Baku, Nahiçewan, Genje, Töwriz, Sarab, Ardabil, Hoý, Urmi, Garadag, Talyş, Maraga, Maki hanlyklary döreýär. XVIII asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň eke-täk ykdysady merkezi bolmandyr. Bu döwürde hojalygyň natural görnüşi agalyk edipdir. Ýerli hanlar, soltanlar, mälikler, begler öz hususy özbaşdaklyklary ugrunda alada edip, merkezleşen häkimiýetiň bolmagyny islemändirler. Jemgyýetiň esasy gatlagyny feodallar we daýhanlar tutupdyr. Olardan başga-da şäherlerde hünärmentçiler, täjirler hem ýaşapdyrlar. Ýöne natural hojalygyň agalyk edýän ýerinde olar ýurduň ykdysadyýetinde-de, jemgiýetçilik-syýasy durmuşynda-da azda-kände aýgytly rol oýnap bilmändirler. Azerbaýjanyň hanlyklarynyň ählisiniň taryhy yzygiderli uruşlardan we gandöküşikli köşk agdarylyşyklaryndan doly bolupdyr. Urmi, Şeki, Garabag, Kuba, Hoý hanlyklary has kuwwatly hanlyklar hökmünde öňe saýlanyp, olaryň içinde XVIII asyryň ortalaryndan başlap Urmi hanlygy has tapawutlanyp başlaýar. Bu hanlygy esaslandyran Fataly han Azerbaýjanda bitewi döwlet döredip, onuň başynda bolsa özi durmak isläpdir. Ol maksadyna ýetmek üçin özüniň harby kuwwatyny güýçlendirmegiň çärelerini geçiripdir. Oňa Nedir şanyň öňki goşun serkerdesi owganly Azat hany 15 müň goşuny bilen öz tarapyna çekmek başardypdyr. Fataly hana aňsatlyk bilen Garadag, Maraga, Töwriz hanlyklary we Günorta Azerbaýjandaky ownuk feodallaryň birnäçesini öz hökümdarlygyna birleşdirmegi başarypdyr. Fataly han birnäçe hanlyklary özüne tabyn edenden soňra, tutuş Zakawkazýany tabyn etmek ugrunda çalşypdyr. Ol Kahetiýa, Ýerewan we Garabag hanlyklaryň hem özüne tabyn bolmagyny talap edipdir. Emma olar tabyn bolmakdan boýun gaçyrypdyrlar. Netijede, Fataly han 1751-nji ýylyň ýazynda uly goşuny bilen Ýerewan galasyny gabaýar. Kahetiýanyň patyşasy Irakliý II gabalan Ýerewana kömek kömek üçin öz goşunyny iberýär. Muňa jogap edip Fataly han öz goşunyny gabawdan aýyryp, Kahetiýa tarap ugraýar. Söweş Urmi goşunlarynyň peýdasyna gutarýar. Fataly han ýeňlen tarapdan girewine adam we kontribusiýa (pul) alýpdyr. 1756-njy ýylda Fataly han Garabag hanlygyny, soňra bolsa Talyş hanlygyny we Kutkaşen soltanlygyny öz tabynlygyna geçirýär. Şol döwürde Demirgazyk Azerbaýjanda Şeki hanlygyny esaslandyryjy Gajy Çelebiniň abraýy galyp başlaýar. Ol hem öz töweregindäki hanlyklary birleşdirmek ugrunda göreş alyp barypdyr. Ilkibaşda oňa Kabal we Arzeş soltanlyklaryny birleşdirmek başardypdyr. Emma onuň Genje, Garabag we Şemah hanlyklaryny birleşdirmek ugrunda alyp baran uruşlary netijesiz gutarypdyr. 1755-nji ýylda Gajy Çelebi aradan çykandan soň Şeki hanlygy belli bir derejede öz kuwwatyny ýitiripdir. Garabag hanlygyny Panak Aly han esaslandyrypdyr. Onuň gurduran Şuş galasy hanlygyň paýtagty bolup daşarky duşmanlaryň çozuşlarynyň hötdesindan gelmegi başarypdyr. Ybragim hanyň dolandyran döwründe (1763-1805) Garabag hanlygyň abraýy ýene-de has ýokary galypdyr. Kuba hanlygy Fataly han Kubalynyň dolandyran döwründe (1758-1789) azerbeýjan ýerlerini birleşdirmek ugrunda Zakawkazýada uly rol oýnapdyr. Gysga wagtyň içinde ol Salýan soltanlygyny, Derbent, Baku we Şemah hanlyklaryny özüne birleşdiripdir. Şeki hanlygy hem Kuba hanlygyna garaşly edilipdir. Netijede, Kuba hanlygy XVIII asyryň 60-njy ýyllarynda Azerbaýjanda iň kuwwatly hanlyklaryň birine öwrülipdir. Şoňa görä hem 1769-njy ýylyň rus-türk urşy mahaly Türkiýe Kuba hanlygyny öz tarapyna çekmäge çalşypdyr. Emma Fataly han Türkiýäniň bu teklibini düýbinden ret edipdir. Ol Russiýa bilen ýakynlaşmagyň ýollaryny gözläpdir. Ol 1774-nji ýylda Peterburga öz wekillerini ugradyp Russiýa döwletinden demirgazyk-gündogar Azerbaýjany öz howandarlygyna almagyny haýyş edipdir. Emma şol ýylyň özünde Fataly han Azerbaýjanyň we Dagystanyň iri feodallarynyň bileleşiginden ýeňlişe sezewar bolýar. Diňe Russiýa döwletiniň kömegi netijesinde Fataly hana Azerbaýjanyň demirgazyk-gündogar ýerlerinde berkemeklik başardypdyr. 1787-nji ýylda Fataly han öz ilçisi Mürze Sadyk Muhammet Weliýewiň üsti bilen Russiýanyň imperatory Ekaterina II hat üsti bilen ýüz tutupdyr. Fataly hanyň döwründe onuň agalyk edýän Azerbaýjan ýerleri daşarky duşmanlaryň çozuşlaryndan halas bolupdyr. Emma ol ölenden (1789) soň, onuň garamagyndaky hanlyklar tiz wagtda dargapdyr.
 
[[Kategoriýa: Taryh]]