Belarusiýanyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU): Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Removing "Общежитие1.jpg", it has been deleted from Commons by Hedwig in Washington because: per c:Commons:Deletion requests/Files of Zed91.
→‎top: using AWB
Setir 91:
|}
 
'''[[Belarus|Belarusiýan]]iýan döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti''' ('''BDIRU''') (Belarusian: Беларускі дзяржаўны ўніверсітэт інфарматыкі і радыёэлектронікі; Russian: Белорусский государственный университет информатики и радиоэлектроники) (1993-nji ýyla çenli [[Minsk]]iniň radiotehniki instituty (MRTI)- informasion tehnologiýa, radiotehnika, elektronika we telekomunikasiýa ugrunda [[Ýewropa]], [[GDA]] we dünyä belli Belorussiýanyň öňdebaryjy uniwersiteti. BDIRU 1964-nji ýylyň Mart aýynyň 15-ne esaslandyryldy.
Häzirki wagtda uniwersitet 30 hünär we 25 ýöriteleşdirilen kompýuter, informatika, senagat elektronika, emeli akyl, radiotehnika, telekommunikasiýa, medisina elektronikasy we ykdysadyýet ugurlaryndan inžener hünärmenleri taýýarlaýar. 10 fakultetde we 35 bölümde gündizki, agşamky, zaoçny we aralyk okuw görnüşlerinde 15000-den gowrak talyp bilim alýar, şolaryň arasynda hem 350 sany daşary ýurtly talyp bar. 2001-nji ýyldan bäri BDIRU-da magistratura bölümi açyk, häzirki wagtda 27 sany magistrlik, 26 sany aspirantura we 8 sany doktorantura ýokary hünärleri ýerli we daşary ýurt raýatlaryna hödürlenýär. Uniwersitetde dissertasiýany goramak üçin 13 tehniki we 2 fizika-matematika hünärlerini öz içine alýan 6 sany doktorçylyk geňeşi hereket edýär. Şu günki günde BDIRU-nyň aspiratura bölüminde 23 sany daşary ýurt hünärmeni okaýar.