Birinji jahan urşy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
++Kategoriýa
→‎top: using AWB
Setir 1:
'''Mowzuk: Birinji jahan urşy. 1914-1918ýy.'''
 
 
 
'''M E Ý I L N A M A'''
 
 
1. Urşuň sebäpleri, başlanmagy we ony alyp barmagyň meýilleri, maksatlary.
Line 13 ⟶ 10:
 
4. Urşuň tamamlanmagy we onuň netijeleri.
 
 
 
Urşuň sebäpleri. Bazar ykdysadyýetiniň çalt ösmegi haryt çykarar ýaly giň bazarlary, çig-mal çeşmelerini talap edýärdi. Öňdebaryjy döwletleriň barha köp bakna halklary edinesi gelýärdi. Bazar ykdysadyýetine ýaňy gadam basan ýaş döwletler hem bakna paýlaşykda paý berilmegini talap edip başladylar. Şeýlelikde, döwletleriň arasynda paýlaşylan dünýäni täzeden paýlaşmak ugrunda göreş başlandy. Bu göreş birnäçe dawalara, harby çaknyşmalara, iň soňunda bolsa jahan urşunyň başlanmagyna getirdi.
Line 94 ⟶ 89:
Somma derýasynyň kenaryndaky söweş. Antanta döwletleri Germaniýa we onuň ýaranlaryna garşy birek-biregini goldap, ylalaşykly hüjümleri gurap başladylar. Şeýle guramaçylykly söweşleriň biri Somma derýasy sebitindäki hüjüm boldy. Bu hüjüme iňlis we fransuz goşunlary birnäçe aýlap taýýarlandylar. Duşmanlaryň söweşe taýýarlygy Germaniýa hem mälimdi. Şonuň üçin Germaniýa hem goranyşy güýçlendirip, hüjümi yza serpikdirmäge taýýardy.
Somma derýasy sebitindäki söweş Brusilow böwsüşliginden 26 gün soň başlandy. Ýöne Rus serkerdesiniň ähli front boýunça giňişleýin hüjüm etmek baradaky ajaýyp başlangyjyny iňlis-fransuz harby serkerdeleri ulanmalydylar. Olar 40  km çemesi dar söweş meýdanynda nemes goşunlarynyň goranyşyny böwüsmekçi boldular.
Somma derýasy sebitindäki söweş 1916-njy ýylyň Gorkut aýynyň 1-inden Sanjar aýynyň 18-ine çenli dowam etdi. Iki tarapyň-da taýýarlykly bolandygy üçin, söweş dört ýarym aýlap dowam etdi. Iňlisler 1916-njy ýylyň Ruhnama aýynda taryhda ilkinji gezek tanklary söweşde ulandylar. Emma uzak taýýarlyga we tanklaryň ulanylmagyna seretmezden, söweş garaşylýan netijäni bermedi. Iňlis-fransuz goşuny bary-ýogy 240 inedördül kilometr territoriýany eýeläp bildiler. Söweşde fransuzlar 341 müň, iňlisler 453 müň, germanlar 538 müň esgerini ýitirdiler.
Line 153 ⟶ 148:
Uruş birnäçe halklaryň milli taýdan oýanmagyna itergi berdi. Birnäçe halklar özbaşdaklyk ugrunda aýaga galdylar. Birnäçe täze döwletler döredi.
 
[[Kategoriýa:Taryh]]
[[Kategoriýa:Beýik Britaniýanyň uruşlary]]