Bronhit: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
EmausBot (gürleşme | goşantlar)
uj Bot: Migrating 5 interwiki links, now provided by Wikidata on d:Q173022
Setir 43:
# Fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak;
# Durmuş we ýaşaýyş şertleri gowulandyrmak (işde we öýde).
Dowamly bronhitiň ýitileşýän döwründe näsag günüň köp bölegini ýerinden turman ýatmaly, onuň bolýan otagy gury, ýyly, oňat şemalladylan bolmaly. Gyşda otag şemalladylanda, näsagyň üstüni ýyly, galyň ýorgan bilen basyrmaly, ýüzüni penjireden sowmaly, sebäbi sowuk howa üsgülewügi güýçlendirip bilýär. Näsag öte gyzgyn otagda hem özüni oňat duýmaýar, ýöne ony şemal geçýän ýerlerden hem daşda saklamaly. Otag aşa gurak hem bolmaly däl. Şonuň üçin, peçleriň ýanynda içi suwly uly gaplary goýmaly, gyzgyn batareýleriň üstüne bolsa çyg mata ýapmaly. Dowamly bronhit ýitileşende ýokary kuwwatlylykly ýokumly tagamlary iýmeli. Onda belok we C witamini ýeterlik bolmaly. Lukmanyň görkezmesi bilen size fiziobejergi emler we bejeriş maşklary bellenilip biliner.
 
Keseli bejereniňden, wagtynda onuň öňüni almak has ähmiýetlidir. Bronhite ýazmaz ýaly, dem alyş agzalaryň we badam şekilli mäziň sowuklamasy ýaly keselleri wagtynda bejermeli. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, lukmana ýüz tutuň. Ol size zerur barlaglary we derman serişdelerini , beýleki bejeriş emleri geçirmegi maslahat berer.