Gadymy Gresiýa taryhy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
using AWB
 
Setir 1:
'''Mowzuk: Gresiýa b.e.öň III-II müňýyllyklarda.'''
 
'''M E Ý I L N A M A:'''
 
 
1. Gadymy Gresiýanyň taryhynyň döwürleri we çeşmeleri.
Line 10 ⟶ 8:
 
3. Gadymy Gresiýanyň tebigaty we ilaty.
 
 
1. Gadymy Gresiýanyň taryhy gadymy dünýä taryhynyň esasy bölekleriniň biridir. Ol b.e.öňki III-II müňýyllyklaryň sepgidinde Kritde ilkinji döwlet birleşmeleriniň döremegi bilen başlanyp, b.e.öňki II-I asyrlarda Ortaýer deňziniň Gündogaryndaky grek we ellin döwletleriniň Rim tarapyndan basylyp alynmagy bilen tamamlanýar.
Line 121 ⟶ 118:
 
Greklerden başga-da bu ýerlerde öňden ýaşaýan lelegler, pelasgalar, kariler ýaly taýpalar bolupdyr. Grek döwletlerine Günorta Frakiýanyň ýaşaýjylary hem uly täsir edipdirler.
 
 
 
1. Krit döwletleri.
Line 129 ⟶ 124:
 
3. Troýa uruşlary. Aheý döwletleriniň özara gatnaşyklary we onuň netijeleri.
 
 
== Krit döwletleri ==
Line 145 ⟶ 139:
Kritiň zähmetkeş halky kiçiräk obalarda ýaşapdyrlar. Jaýlary pagsadan salnyp, köçeleri egri hem dar bolupdyr. Käbir öýleriň hojalyk jaýlary bolup, olarda pifoslar azyk önümlerini saklamak üçin gaplar, üzüm sykmak we zeýtun ýagyny almak üçin pressler saklanypdyr. Gazuw agtaryş işlerinde misden we bürünçden ýasalan köpsanly zähmet gurallary tapylypdyr. Kritdäki ekerançylyk bilen meşgullanýan ilat köşklere salgytlar töläpdirler we borçlary ýerine ýetiripdirler. Koşge getirilen däne, mal, ýag, çakyr we beýleki önümler toýun kerpiçjiklere ýazylyp hasaba alynypdyr.
 
Minoý siwilizasiýasynyň iň ýokary derejede gülläp ösen döwri b.e.öň XVI asyra – XV asyryň I ýarymyna gabat gelýär. Bu döwürde koşkler öň görlüp-eşidilmedik derejede owadan hem ajaýyp görnuşde gaýtadan gurulýar. Bu döwürde bütin Krit Knossyň patyşalarynyň golastynda birleşdirilipdir. Owadan hem giň köçeleriň ulgamynyň guralmagy we Knossyň adadaky iň uzak ýerler bilen hem ýollar arkaly birleşdirilmegi muňa şaýatlyk edýär. Şu döwürde Knossda we beýleki köşklerde goranyň berkitmeleri hem gurulmandyr. Kritde bitewi ölçeg birligi hem bolupdyr. Alyş-çalyş uçin ýüzünde osminog şekillendirilen daşlar, “krit talanty” diýilýän öküz dersi görnüşindäki bürünç tokgalary ulanylypdyr. Bularyň agramy 29  kg bolupdyr. Kritiň döwletlerini birleşdirýän patyşanyň Minos bolan bolmagy hem mümkin. Minosyň uly harby deňiz goşunyny döredendigi, garakçylygy ýok edendigi, Egeý deňzinde, onuň adalarynda we kenarlarynda öz agalygyny ýola goýandygy barada rowaýatlar aýdylypdyr. B.e.öň XVI asyrda Kritiň Egeý deňziniň adalarynda, Kikladlarda, Rodosda, Kiçi Aziýanyň kenarlarynda Minoý koloniýalarynyň bolandygyny arheologik barlaglar subut edyärler.
 
Mifleriň birinde Minosyň Sisiliýa eden ýörişleriniň birinde heläk bolandygy we onuň şo taýda ajaýyp guburhanada jaýlanandygy habar berilýär. Şol döwürlerde Krit bilenMüsür we Siriýa – Finikiýa kenarlarynyň döwletleriniň arasynda söwda we diplomatik gatnaşyklarynyň bolandygyny arheologik tapyndylar subut edýär.
Line 199 ⟶ 193:
 
Şondan soňraky ýagdaýlar doly anyk däl. Ýöne basybalyjylaryň sanynyň köp bolmagy sebäpli olaryň köpüsiniň yzyna dolanan bolmagy mümkin. Dorileriň we olara ýakyn günbatar grek halklarynyň toparlary Peloponnesde ornaşypdyrlar. Mikeny medeniýetiniň iň soňky adajyklary b.e.öň XII asyryň ahyryna çenli dowam edipdirler.
 
 
'''Mowzuk: Gresiýa b.e.öň XI-IX asyrlarda.'''
 
 
'''M E Ý I L N A M A'''
 
 
1. Gomeriň poemalary esasy çeşme hökmünde.
Line 212 ⟶ 203:
 
3. Dorileriň çozuşyndan soň grek taýpalarynyň ýerleşişi.
 
 
1. Krit-miken döwründen soňky döwri “gomerçilik” diýip atlandyrýarlar. Sebäbi bu döwrüň taryhy, esasan, Gomeriň “Ilada” we “Odisseýa” polmalarynyň berýän maglumatlary esasynda öwrenilýär. Afinyda, Salaminde, Ewbeýada, Agosda üçin açylan nekropollar (öwlüýäler) Gomeriň eserleriniň üstüni ýetirýär.
Line 243 ⟶ 233:
Umuman alanda gomerçilik döwri medeni taýdan pese gaçan hem bolsa, bu döwürde geljekki batly ösüş üçin güýçler jemlenipdir. Grek jemgyýetiniň mundan beýläk ösmegi üçin demiriň giň ýaýramagy we önümçilige girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
 
3. Dorileriň göçüp gelmekleri b.e.öň XI asyrda tamamlanypdyr. Onuň netijesinde dürli grek taýpalarynyň ýerleşişinde düýpli üýtgeşmeler bolupdyr. Peloponnesiň Arkadiýa we Ahaýýa ýerlerindäki ilat özbaşdaklygyny saklap galypdyr. Dorilerin esasy höküm süren ýerleri Argos, soňra b.e.öň X asyryň ortalarynda esaslandyrylan Sparta şäheri bolupdyr. Olar Egeý arhipelagynyň günorta böleginde Kiferany, Melosy, Kritiň uly bölegini, Rodosy we günorta-günbatar Kiçi Aziýada käbir ýerleri eýeläpdirler.
 
Aheýler Kritiň daglarynda, Kiprde, Pamfiliýada özbaşdaklygyny saklapdyrlar. Orta Gresiýada aheýler Attikany elde saklap galypdyrlar. Afinynylaryň dorilere garşy tutan ýerlilik bilen göreşendigini XX asyryň 30-njy ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglar subut edýärler. Afinyda b.e.öň XI asyrda kuwwatly goranyň diwarlary gurulýar. Bu ýere Peloponneden hem aheý bosgunlery gaçyp gelipdirler.
Line 251 ⟶ 241:
Kiçi Aziýanyň Egeý kenarynyň demirgazyk bölegi ýagny Eolida, Lesbos adasy Fessaliýadan göçüp gelenler tarapyndan ilatlaşypdyr.
Rowaýatlara görä, Eolida Pilosyň legendar patyşasy Nestoryň nesilleri gidipdirler.
 
 
 
 
'''Mowzuk: Gadymy Gresiýa b.e.öň VIII-VI asyrlarda.'''
 
 
'''M E Ý I L N A M A'''
 
 
1. Grek-şäher döwletleriniň döremegi durmuş we ykdysady ösüşi.
Line 268 ⟶ 253:
 
4. B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek medeniýeti.
 
 
== Grek-şäher döwletleriniň döremegi durmuş we ykdysady ösüşi ==
Line 286 ⟶ 270:
Grek küýzegärleri kermaika önümleri ýasamakda uly ussatlyga ýetipdirler. Olaryň küýze önümleri bütin ortaýer deňzinde meşhur bolupdyr. Grek ussalary gaplaryň daşyny gara lak bilen örtüp, olarda dürli sahna we bezeg şekillerini şekillendiripdirler.
 
Korinfiň we Afinynyň keramikasy aýratyn şöhrat gazanyp, Egeýden has uzak ýerlere-de ýaýrapdyr. B.e.öň VIII-VI asyrlarda gämi gurluşygy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu döwürde Gresiýada uly harby flot bolmandyr, sebabi olar deňiz uruşlaryny entek alyp barmandyrlar. Gurulýan gämiler, esasan, ýolagçylar we söwda üçin niýetlenipdir. Gämileriň dürli görnuşleri bolupdyr: pentekonterlerde 50 kürekçi, triýerlerde 180 kürekçi bolup, olar gäminiň tizligini sagatda 10 deňiz miline ýetiripdirler.
 
Döwda hem ösüp ugraýar. Haryt alyş-çalşygyny b.e.öň VII asyrda Lidiýada we Gresiýanyň Egina adasynda ilkinji teňňeleriň ýüze çykmagy has ýeňilleşdiripdir. Gresiýada teňňeler belli bir agramy bolan tegelek görnüşli kümüş bölejigi bolup, olaryň bir ýüzünde haýsy-da bolsa bir hudaýy, beýleki tarapynda onuň bilen baglanyşykly simwollary şekillendiripdirler.
Line 332 ⟶ 316:
 
Üçünji ugur boýunça koloniýalaşdyryş herketi has gowşak bolan, sebäbi grekler bu toýda finikiýa söwdagärleriň güýçli garşylygyna duş gelipdirler. Şonuň üçinem diňe Siriýada Al-Mina, Finikiýada Sukas, Müsürde Nawkratis we Dafta şäherleri esaslandyrylypdyr. Diňe b.e.öň 630-njy ýylda esaslandyrylan Kirena şäheri has ösen grek polisi bolupdyr. Grek koloniýalary ýaşamak üçin amatly, bol hasylly, gowy göni duralgaly, tebigy taýdan berkidilen we agyz suwy bilen üpjün bolan kenarýakalarda esaslandyrypdyrlar. Olar ilki ornaşjak ýerlerini öwrenipdirler. Ýer tapylansoň, metropoliýadan oňa göçüp gitmek işleýänleri hasaba alypdyrlar. Olara şäher häkimiýetleri tarapyndan baştutan-oýkis bellenipdir.
Ilkinji koliniýalarda ilat az bolupdyr. Olar ýerli halklar bilen aragatnaşyga giripdirler.
 
Täze ýurtlar we täze taýpalar bilen tabyşlyk grekleriň medeni dünyägaraýşyny giňeldipdir.
Line 361 ⟶ 345:
Poeziýanyň beýleki görnüşlerine gimnler, odalar, ýarym epiki, ýarym kyssa görnuşindäki ahlak terbiýe beriji hekeýatlar (basnýalar) degişli bolupdyr.
 
Gresiýada şäher gurluşygy we binagärlik anyk meýilnama esasynda alnyp barlypdyr. Grek şäher gurujylary şäheriň agyz suwy bilen üpjünçiligine uly üns beripdirler. B.e.öň VII asyryň ortalarynda Megarada, soňra Korinfde, Afinyda we beýlekiýerlerde guralypdyr. Iň ajaýyp suw geçirijisi Samos adasynda gurlup, dagyň içinden 1  km uzynlykda nagym (tonnel) gecirilipdir.
 
Grek binagärliginde ybadathanalara esasy üns beriplipdir. Olar belent ýerde-akropolda gurlup, süntünler bilen gurşalypdyr, relýefler we heýkeller bilen bezelipdir.