Wi-fi tehnologiýasy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: 'i-Fi tehnologiýasy barada düşünje Wi-Fi – “Wireless Fidelity” sözüniň gysgaldylan görnüşi bolup, simsiz takyklyk, toruň simsiz görnüşi diýmegi a...'
 
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
iWi-Fi tehnologiýasy barada düşünje
 
<nowiki>[[Wi-Fi]]</nowiki> – “Wireless Fidelity” sözüniň gysgaldylan görnüşi bolup, simsiz takyklyk, toruň simsiz görnüşi diýmegi aňladýar. Wi-Fi tehnologiýasy “Wi-Fi Alliance” topary tarapyndan oýlanyp tapylýar. Wi-Fi – bu Elektrik we elektronik inženerligi institutynyň 802.11 standartyna (IEEE 802.11 standarts) laýyk gelýän islendik WLAN enjamy diýip, “Wi-Fi Alliance” topary düşündiriş berýär.
 
Häzirkizaman enjamlaryň ählisi diýen ýaly Wi-Fi tehnologiýasyny ulanyp bilmek mümkinçiligi bilen öndürilýär, meselem, kompýuterler, noutbuklar, planşetler, telefonlar. Bu tehnologiýa arkaly içki tor ýa-da Internet toruna simsiz baglanyp bolýar. Wi-Fi torunda giriş nokady (Access point) bolýar, ýagny merkezi nokat, şol nokadyň üsti bilen ulanyjy şol tora ýa-da Internet toruna birigip bilýär. Giriş nokady enjamlarda döredilýär. Eger giriş nokady bolmasa, diýmek Wi-Fi tory ýok. Mysal üçin, iki sany ulanyjy Wi-Fi tory, ýagny simsiz tory arkaly kompýuterleriniň arasynda faýl alyş-çalşygy etmek isleseler, bir ulanyjy öz kompýuterinde giriş nokadyny döretmeli. Giriş nokady açarsözli, açarsözsüz hem bolup bilýär, bulary giriş nokadyny gurnaýan ulanyjy kesgitleýär. Şeýlelikde, iki ulanyjy hem şol giriş nokadyna baglanýarlar, bu diýmek ikisi hem bir Wi-Fi toruna baglandylar. Netijede, ulanyjylar ýokarda agzalan gerek amallary ýerine ýetirip bilýärler.