İkinji Jahan Urşy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
→‎top: clean up using AWB
Setir 24:
Beýik Britaniýa we Fransiýa Germaniýa garşy resmi uruş yglan etselerde hiç-hili harby hereketleri alyp barmadylar. Olar Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozmagyna entegem bil baglaýardylar. Olar Germaniýa bilen gepleşikler ýoly bilen ylalaşmak isleýärdiler. Olaryň Germaniýa garşy uruş yglan edip, urşa iş ýüzünde goşulmazlygy “geň uruş” ady bilen taryha girdi. Emma Germaniýa Beýik Britaniýa we Fransiýanyň döwlet baştutanlarynyň pikiriniň tersine Polşany basyp alandan soňra, gyssagly ýagdaýda esasy harby güýçleri Günbatara geçirip başlady.
 
SSSR-iň basybalyjylykly harby hereketleri. SSSR sowet-german gizlin ylalaşygy boýunça hereket edip, Estoniýa, Latwiýa we Litwa ýaly ýurtlarda zorluk bilen öz goşunyny ýerleşdirdi. 1939-njy ýylyň 5-nji Garaşsyzlyk aýynda Finlýandiýadan häzirki Sankt-Peterburgyň golaýyndan geçýän döwlet serhedini birnäçe kilometr yza çekmegi talap etdi. SSSR-iň bahanasy-da fin serhediniň Sank-Peterburga gaty golaý(32km32 km) ýerleşýänligidi. Finlýandiýa SSSR-iň talabyny kanagatlandyrmady. Ol SSSR-iň serhet ýaka sebitlerinde harby tälim okuwlaryny geçirip, SSSR-e garşy urşa taýýarlyga başlady.
1939-njy ýylyň 30-njy Sanjar aýynda SSSR Finlýandiýa garşy urşa başlady. Finler watanyny gahrymanlarça goradylar. Finlýandiýany Beýik Britaniýe hem Fransiýa goldady. Hat-da olar SSSR-e garşy urşa başlamagy hem ara alyp maslahatlaşdylar. SSSR basybalyjy hökmünde Milletler ligasyndan çykaryldy. SSSR-iň halkara abraýy peseldi.Bütin dünýäniň kommunistleri SSSR-iň uruşparazlygyny düşündirmäge söz tapman kyn güne galdylar.
Setir 46:
1940-nji ýylyň 10-njy Magtymguly aýynda Gollandiýa, Belgiýa, Fransiýa, garşy Germaniýa urşa başlady. Beýik Britaniýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy N.Çemberlen basybalyjyny “köşeşdirmek” syýasatynyň gutarnykly puja çykandygyna göz ýetirip, wezipesinden boşadylmagyny haýyş etdi. U.Çerçelliň ýolbaşçylygynda taze hökümet düzüldi. Onuň hökümeti Germaniýa garşy urşa taýýarlanyşygy güýçlendirdi.
 
Uinston Çerçill (1874U-1965ý.ý). Ejesi amerikan bolan Uinston abraýly iňlis maşgalasyndan gelip çykypdyr. Ilki öýünde, soňra Askot we herroudaky ýapyk mekdeplerde bilim alypdyr. Iňlis harbylaryny taýýarlaýan abraýly okuw jaýyny – Sandherstdäki harby uçilişäni tamamlaýar we harby gullukçy bolup işe başlaýar. Dessine syýasata baş goşýar. 1900-nji ýylda parlamente saýlanýar. Onda žurnalistik we dilewarlyk talanty güýçli bolupdyr. Ol hatda romanam ýazypdyr. Şonuň üçin 1953-nji ýylda oňa edebiýat boýunça Nobel baýragynyň berilmegini geň görüp oturasy iş ýok. Beýik Britaniýanyň premýer-ministrligine saýlanýança ol deňiz, harby, maliýe ministrleriniň kürselerini eýeläpdi. Çerçil basybalyjyny “köşeşdirmek” syýasatyna garşy Beýik Britaniýanyň harby kuwwatyny artdyrmagyň tarapdarydy.
 
Germaniýanyň harby güýçlerine garşy uzak goranyp bilmän 14-nji Magtymguly aýynda Gollandiýa, 28-nji Magtymguly aýynda Belgiýa uruşda ýeňilendiklerini boýun aldylar. Fransiýanyň demirgazygynda 340 müň adamly iňlis-fransuz goşunynyň daşy gabalyp, esgerleriň bir bölegi wepat boldy, galany Beýik Britaniýa gaçmagy başardy. Italiýa Germaniýanyň tarapynda durup, Beýik Britaniýa we Fransiýa garşy urşa goşuldy.