Gurbanguly Berdimuhamedow: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobile app edit
clean up using AWB
Setir 2:
'''Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň belent Serkerdebaşysy.'''
 
'''Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow''' 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat oblastynyň Gökdepe raýonynyň [[Babarap obasy]]nda doguldy.
 
1979-njy ýylda [[Aşgabat]]daky [[Türkmen döwlet lukmançylyk instituty]]ny tamamlady.
 
1979-njy ýyldan 1997-nji ýyllary aralygynda [[Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi]]niň ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň mugallymy, terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň dosenti, stomatologiýa fakultetiniň dekany, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Stomatologiýa merkeziniň direktory wezipelerinde işledi. Doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi diýen alymlyk derejeleri we atlary bar.
 
1997-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellendi. Bu wezipe bilen birlikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýşy ösdürmek gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory we Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.
 
Şeýle hem, 2001-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellendi.
 
[[Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi]]niň çözgüdi bilen 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.
 
2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ählihalk saýlawlarynda alty dalaşgäriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.
 
2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanda iň ýokary häkimiýet edarasy bolan Halk Maslahatynyň XIX mejlisiniň barşynda Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine resmi girişdi.
 
2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedowa [[Türkmenistanyň Gahrymany]] diýen at dakyldy.
 
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köp sanly ýokary ordenleri we medallary bilen sylaglandy.
 
Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatly doktory we akademigi.
 
Boş wagtlary sport bilen we atçylyk sporty bilen meşgullanýar. [[rus dili|rus]] we [[nemes dili|nemes dillerini]] bilýär. Maşgalaly, Serdar adynda bir ogly we iki gyzy bar.
Setir 31:
II Prezidentlik [[möhlet]]i: [[Fewral]] [[2012]] - Fewral [[2017]].<br />
III Prezidentlik [[möhlet]]i:
[[Fewral]] [[2017]] - Fewral [[2023]] .<br />
 
{{Tm prezident}}
 
{{stub}}
 
[[Kategoriýa:Prezident]]
[[Kategoriýa:Türkmen Syýasatçylary]]
 
 
{{stub}}