Knut Hamsun: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Makala iňlis dilindäki wikipediadan türkmen diline terjime edildi. Terjime Ýelharaz toparyna degişli bolany sebäpli toparyň saýty çelgi hökmünde görkezildi.
 
→‎top: clean up using AWB
Setir 1:
KNUT HAMSUN
 
'''Knut Hamsun''' (08/1859-02/1952) norweg ýazyjysy bolup onuň eserleri 1920-nji ýylda edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp görüldi. Onuň 70 ýyldan gowrak döredijilik işjeňligi öz eserlerinde tema taýdan, garaýyş taýdan hem-de giňişlik taýdan köpdürliligi özünde jemleýär. Onuň 20-den köp romany, goşgular ýygyndysy, esseleri, käbir gysga hekaýlary we piýesalary, şeýle hem ýol ýazgylary çap edildi.
 
Knut Hamsun (08/1859-02/1952) norweg ýazyjysy bolup onuň eserleri 1920-nji ýylda edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp görüldi. Onuň 70 ýyldan gowrak döredijilik işjeňligi öz eserlerinde tema taýdan, garaýyş taýdan hem-de giňişlik taýdan köpdürliligi özünde jemleýär. Onuň 20-den köp romany, goşgular ýygyndysy, esseleri, käbir gysga hekaýlary we piýesalary, şeýle hem ýol ýazgylary çap edildi.
 
 
 
Ýaş Hamsun realizm we naturalizm akymlaryna garşy gidýärdi. Ol häzirkizaman edebiýatynyň esasy ugry we maksady adamoglunyň aňy bolmaly diýen pikiri öňe sürýärdi. Ýagdaý şeýle bolan halatynda ýazyjy “damarlardaky ganyň pyşyrdysyny, süňňümiziň iňňildisini” halka ýetirip biler diýýärdi. Hamsun 20-nji asyryň bosagasyndaky Neo-romantik öwrülşigiň sakasyndaky şahsyýet hasaplanýar. Onuň “Hunger” (Açlyk), “Mysteries” (syrlar), “Pan” we “Wiktoriýa” atly eserleri munuň şeýle kabul edilmegine esas döretdi. Onuň soňky döredijiligi (aýratynam Nordland eseri) “täze norweg realizminiň” täsiriniň astynda galandygyny görkezýär. Ol bu eserinde Norwegiýanyň çetgi obalaryndaky gündelik durmuşy gürrüň berýär we eseriň maňzyny ýerli dialketler, ýaňsytmalar we ýumor düzýär.
Line 12 ⟶ 9:
2009-njy ýylyň 4-nji awgustynda Hamaroý şäherinde Knut Hamsun merkezi açyldy. 1916-njy ýyldan bäri onuň işleri kino sungatynda ulanylýar.
 
Ýelharaz © 2013 [http://www.yelharaz.com www.yelharaz.com]