Gazagystan: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
clean up using AWB
Setir 11:
|}
|-
| align=center colspan=2 style="background: #ffffff;" | [[Faýl:LocationKazakhstan.png|center|250px|]]
|-
| '''[[Paýtagt]]'''
Setir 26:
|-
| '''[[Meýdany]]'''
| 2,724,000 km&sup2nbsp;km²
|-
| '''[[Ilat]]y'''<br />&nbsp;– ilat/km&sup2;²
| 17,498,125<br />&nbsp;6,42/km&sup2;²
|-
|-
Setir 44:
| [[.kz]]
|}
 
 
'''Gazagystan''' - [[Merkezi Aziýa]]da ýerleşýän döwlet. Onuň umumy meýdany 2.717.300 inedördül kilometre barabardyr. Döwlet dili – gazak dili. Prezidenti – Nursultan Nazarbaýew. Hökümet başlygy – Karim Masimow. Ilaty – 16 milliondan gowrak adam. Paýtagty – [[Astana]].
Line 50 ⟶ 49:
Gazagystan tutýan meýdany boýunça dünýäde dokuzynjy orunda durýar. Gazagystan [[Türkmenistan]], [[Russiýa Federasiýasy]], [[Özbegistan]], [[Gyrgyzystan]] we [[Hytaý Halk Respublikasy]] bilen araçäkleşýär. Şeýle hem ýurduň günorta-günbataryny [[Hazar deňzi]], günortasyny bolsa [[Aral köli]] ýuwýar. Iri şäherleri: [[Astana]], [[Almaty]], [[Garaganda]], [[Çimkent]], [[Semeý]], [[Akmolla]], [[Aktau]] we ş.m.
 
[[1991]]-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanan Gazagystanda [[nebit|nebitiň]], [[demir|demriň]], [[altyn|altynyň]], [[gurşun|gurşunyň]] we [[uran|uranyň]] baý gorlary bar. Gazagystan tebigy baýlyklary we geografiki ýerleşişi babatda uly ähmiýete eýe ýurt. Gazagystan ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär. Häzir Gazagystanda orta hasap bilen 3 müňe golaý daşary ýurt kompaniýasy iş alyp barýar. Häzirki döwre çenli ýurtda özleşdirilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy bahasy 8 milliard dollara barabar boldy. Bu görkeziji garaşsyzlygyny gazananyna bary-ýogy 18 ýyl dolan ýaş döwlet üçin uly üstünlik hasaplanýar.
 
Gazagystanda işleýän [[ABŞ]]-nyň we [[Beýik Britaniýa|Beýik Britaniýanyň]]nyň kompaniýalary nebitgaz we dag magdany senagatynda işleýär. [[Türk]] kompaniýalary bolsa [[söwda]], [[telekomunikasiýa]], [[myhmanhana dolandyryjylygy]], [[dokma]] we hyzmat sektorynda iş alyp barýarlar. Türk gurluşyk kompaniýalary Gazagystanda alyp barýan gurluşyk taslamalarynyň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçýär.
 
Döwlet dili: Ýurduň [[konstitusiýa]]syna laýyklykda, ýurduň döwlet dili [[gazak dili]]dir. Ýurtda [[rus dili]] hem giňden ulanylýar. Ýurduň ilatynyň agramly bölegi şäherde ýaşaýar. Şäherleri we olaryň ilatynyň sany: [[Almaty]] (Gazagystanyň öňki paýtagty, 1,3 million ilaty bar.) [[Garaganda]] (600 müň), [[Çimkent]] (400 müň), [[Pawlodar]] (350 müň), [[Yst-Kamenogorsk]] (350 müň), [[Semipalatinsk]] (330 müň), [[Taraz]] ([[Jambul]], 310 müň) we beýlekiler.
 
== Döwlet gurluşy ==
Gazagystan – prezident respublikasydyr. Häzirki konstitusiýa 1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda kabul edildi we 1998-nji ýylda oňa birnäçe üýtgetmeler girizildi. Döwlet baştutany – prezident. Ol ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ýurduň hökümetiniň ähli organlarynyň işine gözegçilik edýär. Mundan başga-da, ýurduň prezidentiniň köp ygtyýarlyklary bar. Ýurduň ýokary kanun çykaryjy organy – parlament. Ol iki palatadan: Senat we Mejlisden durýar. Senatyň ygtyýarlyk möhleti 6 ýyl. Onuň düzüminiň ýarysy her 3 ýyldan täzeden saýlanýar. Senatyň düzüminde 47 deputat bar. Olaryň 7-si prezident tarapyndan saýlanýar. Mejlisiň düzüminde bolsa 77 deputat bar. Olar ählihalk saýlawlary esasynda 5 ýyllyk möhlete saýlanylýar. Gazagystanyň parlamenti konstitusiýa üýtgetmeler girizýär (prezidentiň teklibi boýunça), döwlet büjetini, hökümetiň hasabatyny we maksatnamasyny tassyklaýar, kanun kabul edýär, halkara ylalaşyklaryny tassyklaýar. Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýeti – premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky hökümet alyp barýar.
 
== Daşary syýasaty ==
Gazagystan Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, NATO-nyň „Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk“ maksatnamasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasydyr. Şeýle hem Gazagystan Nebiti eksportirleýän ýurtlaryň guramasyna (OPEK) synçy hökmünde gatnaşýar.
 
 
== Ykdysadyýeti ==