Difference between revisions of "Horhe Luis Borhes"

→‎top: clean up using AWB
(→‎top: clean up using AWB)
 
Geljekki ýazyjy eýýäm alty ýaşynda goşgy ýazyp ugraýar. On ýaşyndaka Oskar Uaýldyň “Bagtly şazada” ertekisini terjime edýär(bu terjimesi “Pais” gazetinde çap edilipdir).
 
1914-nji ýylda Borhesiň maşgalasy Ýewropa dynç almaga gidýär, emma Birinji Jahan urşy sebäpli, olaryň [[Argentina]] gaýtmaklygy agyrlaşýar. 1919-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ispan žurnaly “Gresiýada” Borhesiň ilkinji goşgusy çap edilýär. 1921-nji ýylda Argentina dolanyp baranyndan soň, goşgulary bilen häli-şindi çykyş edip ugraýar. Eýýäm şu irki eserlerinde ýazyjynyň hemmetaraplaýyn ylymly, pelsepeçi, söz ussady bolandygyna, awangardizme ýykgyn edendigine göz ýetirýärsiň. Bu döwrüň şygyrlarynyň aglabasy ultraizm akymynyň däbinde döredilipdir. Emma wagtyň geçmegi bilen Borhes şygryýeti goýup, “hyýaly” kyssalar döredip başlaýar.Onuň iň ajaýyp hekaýalarynyň köpüsi “Toslamalar” (1944), “Alef” (1949), “Labirintler” (1960) we “Broudiniň habary” (1971) ýygyndylaryna girizilendir.
 
1940-njy ýyllarda Borhes ýazyjylar A.B.Kasares hem Silwina Okampo bilen birlikde Fantastiki edebiýatyň antologiýasyny we Argentin şygryýetiniň antologiýasyny taýýarlaýar. Munuň daşyndan hem ussat ýazyjy ýaş zehinleri agtaryp tapmak üçin elinden baryny eden eken. Beýleki dünýä belli argentin ýazyjysy Hulio Kortasaryň ilkinji eseri hem Borhesiň redaktirleýän žurnalynda peýda bolupdyr.
 
Ýazyjy 1986-njy ýylda, [[Ženewa]] şäherinde dünýeden ötdi.
 
[[Kategoriýa:Edebiýat]]
4,206

edits