Litiý – ion akkumulýator: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok |
|||
Setir 1:
[[Faýl:Nokia Battery.jpg|200px|thumb|right|Litiý – ion batareýa
'''Litiý – ion akkumulýatorlary''' amaly taýdan ähli smartfonlarda, planşetlerde, noutbuklarda we awtoulaglarda oturdylýar.
Şunuň ýaly akkumulýatorlaryň kemçiligi zarýad berilýän wagty kem-kemden tozýanlygyndan ybaratdyr, şonuň ýaly hem zarýad bermäge wagt köp gidip biler, esasan hem gürrüň uly awtoulaglaryň akkumulýatorlary hakda barýan bolsa.
[[Günorta Kaliforniýa uniwersiteti]]niň barlag geçirijiler toparyna bu meseläniň çözgüdini tapmak başartdy. Batareýalarda öýjük- öýjük çeýe kremniý nanotrubkalar bilen bilelikde adaty anod grafitlerini ulanyp, akkumulýatorlaryň 200 sikle çenli gaýtadan zarýad bermäge çenli ömrüni uzaltmaga mümkinçilik berdi. Şol bir wagtyň özünde adaty akkumulýatorlar 500-1000 sikle niýetlenendir. Şunuň bilen birlikde şeýle batareýalar bary-ýogy 10
Häzirki zaman akkumulýatorlarynda kremniden we grafitden edilen ýuka plastinler ulanylýar. Olar bolsa, wagtyň geçmegi bilen tozýarlar we şol sebäpli batareýanyň sygymy pese düşýär. Barlag geçirijiler akkumulýatora zarýad berlende we aýrylanda bozulmaýan öýjük-öýjük gurluşynyň saýasynda gysylyp we giňäp bilýän kremnili nanotrubkalary döretdiler. Şonuň bilen birlikde hem üstüniň hem meýdany ep-esli giňäp, netijede batareýa has tiz zarýad alýar. Häzirki wagtda barlag geçirijiler öz tehnologiýasyny kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler. Öndürijiler üçin täze tehnologiýanyň haçan elýeterli boljakdygy heniz nämälim. Ähtimal, ýyllar we onýyllyklar geçer, ýöne welin, täze tehnologiýa üstümizdäki ýylda hemmelere elýeterli bolar.
[[Kategoriýa:Gurallar]]
[[Kategoriýa:Fizika]]
|