Gomer: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
→‎top: clean up using AWB
Setir 2:
 
'''Gomer'''
 
 
Gomeriň hakykatdan-da ýaşap geçen şahs bolandygy barada biziň döwrümize anyk maglumat gelip ýetmändir. Şonda-da onuň gadymy döwürde ýazylan birnäçe terjimehaly bar. Olardan Gerodotyň, Plutarhyň, Pawsaniniň we beýleki taryhçylaryň ýazanlary biziň zamanymyza çenli saklanyp galypdyr, ýöne olar hem köplenç rowaýata çalym edýär.
Line 10 ⟶ 9:
Şol döwürde ýedi şäher ― Smirna, Hios, Kolofon, Salamin, Rodos, Argos we Afiny Gomeriň dogduk mekany diýen hormatly ady götermek ugrunda öz arasynda bäsdeşlik edipdir. Gerodot bilen Pawsaniniň ýazmagyna görä, Gomer Ios adasynda dünýäden ötüpdir.
 
Has irki döwürlerde Gomeri kör hasap edipdirler. Emma bu maglumat şübheli hasaplanýar. Şu ýerde adamzadyň ýene-de bir geň aýratynlygy barada aýdyp geçmäge esas bar, ýagny antik döwürde dana, akyldar, şahyr adamlar, köplenç, kör edilip şekillendiriler eken.
 
«Gomer» sözüniň manysyny käbir alym «gul», käsi «kör», käbiri-de «şahyr» diýip terjime edýär. Ýöne ioniýa şiwesinde «Omirus» görnüşde aýdylýan bu sözüň adaty adam ady hökmünde ulanylan bolmagy-da ähtimal. Gadymy grekleriň özleri-de ýazyjynyň adyny birinji bogna, ýagny, «o» harpyna bat berip ulansalar-da, biziň döwrümizde bu at bütin dünýäde latyn dilinde bolşy ýaly, ikinji bogna bat berlip aýdylýan «Gome:r» görnüşinde bellidir.
Line 30 ⟶ 29:
 
Gomeriň täsirini tutuş dünýä edebiýatynyň taryhynda görmek bolýar. Wergiliý öz «Eneida» poemasyny döredende, Gomeriň eserlerinden ugur alypdyr. Dante Aligýeri «Ylahy komediýasynda» Gomeri dowzahyň birinji aýlawynda, ýagny hristianlyk heniz ýaýylmanka ýaşan oňat adamlaryň arasynda görkezipdir. Mundan başga-da Owidiý, Katull, Gorasiý, Lýudowiko Ariosto, Torkwato Tasso, Milton, Lessing, Gýote, Şiller, Žukowskiý, Puşkin, Lew Tolstoý, «Uliss» romanyny ýazan Jeýms Joýs we ençeme beýleki ýazyjylaryň eserlerinde Gomeriň täsiri has äşgär duýulýar. Gýote hatda «Iliadanyň» wakalar ýordumyndan peýdalanyp, «Ahillaida» atly eposy ýazmak küýünde hem bolupdyr.
 
 
Awtor: Maksat Bäşimow.
 
«Dünýä edebiýaty» žurnalyndan.
 
[[Kategoriýa:Edebiýat]]