Atmosfera: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
ujGysgaça mazmuny ýok |
|||
Setir 1:
Ýer togalagynyñ daş töweregini gurşap alan howa guşaklygydyr. Onuñ galyñlygy (ýer üstünden beýikligi) 20 müñ km-e ýetýär. Atmosferanyñ massasynyñ 9/10 bölegi aşaky 20
Ýer üstündäki gury howanyň düzümi. Howa dürli gazlaryň mehaniki garyndysy bolup, göwrüm birligi boýunça ony şu himiki elementler düzỷärler: azot – 78,08 %, kislorod – 20,95 %, argon – 0,93 %, kömürturşy gazy – 0,03 %. Az mukdarda neon, geliý, kripton, wodorod, ksenon, we ozon bardyr. Bulardan başga-da howanyň düzüminde himiki elementleriň gaz halyndaky birleşmeleri – metan, ugar gazy, kükürt angidridi, azodyň zakisi, azodyň ikili turşusy we radon girýärler. Howanyň düzümindäki himiki elementler gün radiasiýasynyň täsiri, sebitiň landşaft ýagdaýy we adamyň hojalyk işleri netijesinde üýtgäp durýarlar. Meselem, ýyldyrym çakmaklygyndan azot birleşmeleri, ýurtda senagat kärhanalarynyň köpelmegi bilen kömürturşy gazy döreýär. Ýokardaky agzalan himiki elementleriň birleşmelerinden başga-da, howada suw buglary we tozanlar bardyr. Olar umumylykda aerozollar diýip hem atlandyrylýar. Suw buglarynyň atmosferadaky göwrümi 12,9 müň kub. km möçberinde hasaplanylýar (Lwowiç 1971 ý).
Howada agdyklyk edýän azot gazy terjime edilende “zoo – ýaşaýyş, a – ýok” ýagny, ýaşaỷşy goldamaýaryn diýen manyny berýär. Emma şeýle-de bolsa, janly organizmleriñ düzüminde azot birleşmeleri duşýar. Olar mineral dökünleri (nitratlar) görnüşinde oba hojalyk önümçiliginde giñden ulanylýar. Kislorod janly-jandarlaryñ ýaşaýşynda (gaz we suwuk halynda), organiki däl jisimleriň ýanmaklygynda we çüýremekliginde uly orun eýeleýär. Ol ähli himiki elementler bilen birleşmeklige ukyplydyr.
Setir 9:
80 78 21,5 - 95 77 21,5 0,76
Atmosfera himiki düzümi boýunça gomosfera we geterosfera bölünýär. Gomosfera – Ýer üstünden
Ozon (O3) gazy azlygyna garamazdan (3,2 • 109 t.) stratosferada we mezosferada döreýän hadysalarda uly orun eýeleýär. Ol
Atmosferadaky durnuksyz elementleriň biri hem kömürturşy gazydyr. Ol agaçlaryň gury agramynyň 45-50 %-ni tutýar. Howada kömürturşy gazynyň döremekligi organiki däl jisimleriň ýanmagynyň we organiki maddalaryň çüýremeginiň, janly jandarlaryň ulanan (işlän) howasynyň hasabyna bolỷar. Şeýle hem bu gaz hereket edýän wulkanlar, tokaý agaçlarynyň ot almagy, tebigy gazly çeşmeler zerarly köpelip biler. Muña mysal edip 1883-nji ýylda atylan Karakatau, 1912-nji ýylda atylan Katmaý wulkanlaryny we Tunguskiý meteoritini almak bolar. Kömürturşy gazy (CO2) organiki birleşmeleriň turşulyk önümi bolup, olaryň çüỷremeginden we ýanmagyndan (şol sanda ýangyçlar hem ýananda), haýwanlaryň dem almagyndan bölünip çykýar. CO2 mukdary köplenç halatda hemişelik ýagdaýda bolýar, ýöne howanyň ýere galtaşýan gatlagynda ýerli şertleriň aýratynlygyna hem bagly bolýar. Iri senagatly şäherlerde ol has duýarlyklydyr. Senagatly sebitlerde kömürturşy gazynyň mukdary 0,05 % çenli ýokarlanyp biler, şäherlerden uzakda 0,03 % köp bolmaýar. Polýar guşaklykda bu görkeziji has-da azdyr, meselem, Antarktikada bary-ýogy 0,0205 %. Bu gaz atmosfera howasynyň beýleki gazlary bilen täsirleşme (reaksiýa) geçirmeýär. Atmosferanyň turbulentliligi zerarly CO2 mukdary beýiklik boýunça az üýtgeýär. Ýöne bu gazyň mukdary has ýokary beýiklikde azalmagy mümkin. Bu gazyň saklanýan araçägi
[[Kategoriýa:Atmosfera|*]]
|