Aman Kekilow: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
→‎top: clean up using AWB
Setir 3:
 
'''(1912-1974)'''
 
 
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Aman Kekilow 1912-nji ýylda, Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Köşi obasynda, daýhan maşgalasynda dünýä inýär.
Line 13 ⟶ 12:
Şygyrýeti
 
Aman Kekilowyň edebiýata we çeper söze bolan höwesi gaty ir wagtdan başlanýar. Edebiýata, çeper söze bolan çäksiz söýgi Amanda goşgy ýazmaklyga ymtylyş döredýär. Şonuň netijesinde-de, onuň 1928-nji ýylyň 18-nji maýynda “Türkmenistan” gazetinde “Oba mugallymlaryna” atly ilkinji goşgusy peýda bolýar. Bu goşguda, adyndan belli bolşy ýaly, oba mekdeplerinde ylym, medeniýet ýaýradýan daýhan çagalaryna bilim berýän oba mugallymlary barada söz açylýar. Ilkinji goşgusynyň respublikan metbugatynda peýda bolmagy Aman Kekilowyň kalbyny joşa getirýär, ony çäksiz hyjuwlandyryp, ylhamyna ganat bekleýär. Ol şundan soň gündelik ýüze çykýan möhüm wakalara şahyrana söz bilen aýny wagtynda seslenip durýar.
 
Döredijilik işine ilkinji gadam basan döwürlerinde şahyr çagalar durmuşyna köp üns berýär. Aman Kekilowyň çagalaryň durmuşyna köp üns bermegi onuň “Pioner” žurnalynda işlänligi bilen baglanyşyklydyr. Şahyr çagalara bagyşlap “Oglanlar hem kitap”, “Guşlar”, “Haýwanlary çagyrmak” ýaly birnäçe eserler döretdi.
 
Şahyr 20-30-njy ýyllarda öz döwrüniň talabyna görä birnäçe goşgudyr poemalar ýazdy.
 
Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Aman Kekilow “Egri azar, dogry ozar”, “Kawkaz”, “Watan”, “Günbatara” ýaly birnäçe kämil eserler döretdi. Şahyryň “Watan” atly goşgusy, adyndan belli bolşy ýaly, çuňňur watançylyk ruhuna ýugrulan eserdir:
Line 26 ⟶ 25:
Açylmandy hiç wagt gözüň talaşdan, Watan,
Ganly göreşde ösdüň, düşmediň güýçden, Watan.
 
 
 
Poemalary
 
Aman Kekilow ir wagtdan başlap liriki goşgular bilen birlikde mazmunly eserleri döretmäge-de girişýär. Bu babatda onuň ilkinji synanyşygy 1932-nji ýylda ýazan “Geçen günlerim” atly poemasydyr. Şahyr bu eserini 1940-njy ýylda täzeden işläp, üstüni ýetirýär we çeperleşdirýär.
 
Şahyryň “Öňe” atly poemasy (1934) öz döwrüniň iň bir wawaly meselesi bolan kolhoz gurluşy baradadyr.
 
Şahyr 1939-njy ýylda “Soňky duşuşyk” atly poemasyny ýazýar. Bu poema dili we çeperçiligi taýdan öňki eserlerinden has kämil ýazylandyr. Poema 1917-nji ýylyň öňüsyrasyndaky we 20-nji ýyllaryň başlaryndaky türkmen obasynda bolup geçen waka bagyşlanypdyr.
 
Aman Kekilowyň “Çopan we patyşa”, “Küýze we tilki” atly poemalary türkmen halk ertekileriniň esasynda ýazylandyr. Şahyr olara täze reňk, täze öwüşgin berdi, mazmunyny çuňlaşdyrdy. Netijede halk arasynda belli bolan bu ertekiler şahyryň ýiti galamynyň aşagyndan has hem kämil bolup çykdy.
 
Şahyr “Ölüm penjesinden” we “Gahryman gyzlar” atly poemalaryny 1942-nji ýylda ýazýar.
Bu eserleriň ikisi-de Ikinji Jahan urşunyň wakalaryna bagyşlanypdyr. “Ölüm penjesinden” atly poema bu ýyllarda Türkmenistanda ilkinji bolup Sowet Soýuzynyň gahrymany diýen beýik ada mynasyp bolan türkmen halkynyň şöhratly ogly Gurban Durda bagyşlanýar.
 
 
 
 
“Söýgi” romany
Line 57 ⟶ 51:
 
Netijede, gyzyň päk söýgüsi ejesiniň garşylygyndan üstün çykýar. Ýaşlar durmuş gurýarlar. Emma bularyň şatlygy uzaga çekmeýär. Nägehan urşuň Begenjiň bedeninde galdyran ganym güllesi ýaşlaryň bal gününe awy gatýar. Begenç aradan çykýar. Birbada bu ajy aýralyk Ogulnabadyň ýüregini sarsdyrýar, ony çykyp bolmajak gam laýyna batyrýar. Ogulnabadyň bu agyr ýagdaýyny obadaşlary hem ýakyn adamlary deň paýlaşýarlar hem oňa hemme taraplaýyn ruhy goldaw berýärler, ony ýeke goýman, halyndan habar alýarlar, täzeden durmuşa ruhlandyrýarlar. Şahyr bu ýagdaýlary oba ýaşulusy Oraz aganyň hereketleri we Ogulnabada ata hökmünde berýän maslahatlary arkaly has aýdyň açyp görkezýär. Begençden galan ýalňyz guwanjy Öwezjik onuň ýaraly ýüregine melhem bolýar. Ogulnabat täzeden durmuşa dolanýar, işlemäge başlaýar, soň Aşgabada okuwa gidýär. Şol ýerde-de ýokarda adyny agzan gahrymanymyz Akmyrada duşýar. Ogulnabadyň ýagdaýyndan habarly bolan Akmyradyň ýüregindäki söýgi uçguny täzeden tutaşýar. Ýöne olaryň öňünde türkmen ruhuna ýat bolan “dul geline boý ýigidiň öýlenmeginiň” gaty geň görüljekdigi baradaky mesele ör boýuna galýar. Akmyrat bu kynçylyklary we dürli garşylyklary öz arassa ahlagy, ýokary düşünjesi, belent adamkärçiligi bilen ýeňip geçmegi başarýar, netijede bolsa, ol Ogulnabadyň ýüreginde müdimilik orun tapýar.
 
[[CategoryKategoriýa:Şahyrlar]]
[[CategoryKategoriýa:Edebiýat]]