Sumerliler: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: 'thumb|250px|Mezepotamiýada şäherleriň ýerleşişi. '''Sumerliler''' dünýäde ilkinji gezek ýagny biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl ö...'
(Tapawut ýok)

21:58, 18 maý 2017 senesindäki wersiýa

Sumerliler dünýäde ilkinji gezek ýagny biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl öň Mezopotamiýada (häzirki Yrakda) ýazuwy oýlap tapmak bilen, ynsanlaryň diliniň gepleýän we hakydalaryndan geçýän zatlary beýleki ynsanlara ýetirmek hem-de soňraky nesillere galdyrmaklygyň mümkinligini subut etdýärler.Hut şonuň üçin hem olara „adamzat medeniýetiniň düýbüni tutujylar“ diýip baha berilýär. Sumerliler ýazuwlaryny uwçly gurallar bilen çig kerpiçleriň ýüzüne basyp ýazyp soň hem ol kerpiçleri bişiripdirler. Şeýle ýazylany sebäpli ýazuwyň formasy dik we kese çüýlere meňzeş bolany üçin, alymlar oňa çüý ýazuwy - Keilschrift diýip at beripdirler, türkmen edebiýatynda bolsa pahna ýazuwy diýilýär.

Mezepotamiýada şäherleriň ýerleşişi.
  Sumer ýa Şumer aslynda ol halkyň öz ady däl-de eýsem yurtlarynyň ady bolup, Bibilde „Şen-ar“ görnüşinde geçýär. Şonuň üçin hem alymlaryň köpüsi ol halka sumerlilerdiýýärler. Ol halkyň adynyň has ýörgünliräk görnüşini, ýagny sumerliler sözüni ulanýaris. 
   Bu gün Sumeri öwreniji alymlaryň arasynda jedelsiz meselä öwrülen hakykatlar şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1. Sumerlileriň dili Indo-German (Hindi-Ýewropa) dillerine-de samid dillerine-de degişli bolman eýsem, esasy Üral-Altaý dillerinden ybarat bolan Agglutinativ (iltisaky) dil toparyna degişilidir. 2. Sumerliler Mezopotamiýanyň ýerli halky bolman eýsem bagşa bir, medeniýetiň dürli ugurlarynyň ösen ýurdundan ol ýerik göçüp barypdyrlar. 3. Sumerlileriň ata watanlary Orta-Azýa bolup olar, biziň eýýamymyzdan öňki 4-nji müňýyllygyň ikinji ýarymynda Hazar deňziniň günortasyndan aýlanyp Mezopotamiýa (häzirki Yraga) baryp ýerleşipdirler.