Antoniýo Banderas: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
clean up using AWB
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 1:
Hakyky ady: Jose Antoniýo Dominguýez BanderasBandera (José Antonio Domínguez BanderasBandera)
 
Doguldy: 10.08.1960 (55 ýaş) [[Ispaniýa]]. [[Malaga]] ş.
Setir 5:
Aýallary: [[Ana Leza]] (1987 - 1995) [[Melaniýe Griffith]] (1996-)
 
Jose Antoniýo Dominguýez BanderasBandera ispan kino artistidir.
 
Ol 1960-njy ýylyň 10-njy awgustynda dünýä indi. Onuň kiçi gyz jigsi bar. Ady Hloýa. Antoniýo çagalyk ýyllarynda fudbola höwes bildiren Antoniýo dünýä çempionatyna gatnaşyp üstünlik gazanmak işleýärdi. Emma bu niýetinden çalt ýüz öwürdi. 10 ýaşyna baranda Antoniýo kino sahnasyna gatnaşyp başlady. Dostlary bilen tutuş Ispaniýany aýlanyp gezdi. 1979-njy ýylda «Hair» filmde kiçiräk senariýa gatnaşdy. 1981-nji ýylda Madrida gelen Antoniýo Teatra işe girdi. Teatrda işleýärkä meşhur ispaniýaly uly wezipede işleýän Pedro Almadowar bilen tanyşan aktýor, özüniň tanymallygy bilen Sinema dünýäsine gadam basdy. 1982-nji ýylda alyp baryjynyň «Labyrinth of Passion» atly jynsy gatnaşykly, gülkili komediýasyna gatnaşan Antoniýo Banderas, «Women on the Verge of a Nerwous Breakdown» we «Law of Desire» ýaly filmlerde Almadowar bilen bile işleşdi. 1983-nji ýylda film industriýasyna ilkinji gadamlaryny basan Antoniýo Banderas 1990-njy ýylda Almadowaryň «Tie Me Up! Tie Me Down!» atly filminde hem baş keşbi janlandyrdy. Şol filmden soňra ugruny Golliwuda tarap üýtgetdi. Golliwutda wagty Arne Glimçeriň ýazan «The Mambo Kings» romanyny janlandyrylan filme gatnaşdy. Ýaş hem tejribesiz bolan Antoniýo Banderas bu filmde oýnap bilmek üçin Berlitz Okuwynda bilim alyp iňlis dilini öwrendi. 1993-nji ýylda baş rollarda Tom Hanks we Denzel Waşingtonyň oýnan «Philedelphia» atly filmde AIDS e baglanan halaşýan gyzyna moral maslahatyny berip sahna gatnaşýar. Soňra Almadowaryň «Law of Desire» ýaly filmlerde ahlaksyzlaryň keşbini janlanlandyrdy Soňra Jeremy Irons, Meryl Strip we Glenn Klose ýaly artistleriň gatnaşan «The House of the Spirits» (1993), Neil Jordanyň «Interview with the Vampire», Salma Heýekli «Desperado» (1995) atly filmlerde meşhurlyk gazanmaga başlady. Sylwester Stallona bilen birlikde oýnan «Assasins» (1995) atly filmde doňýürek prifessional duşmanyň keşbini janlandyrdy. 1995-nji ýylda «Two Much» atly filmde baş keşbi janlandyran Melaniýe Griffithe aşyk bolan Antoniýo Banderas, sekiz ýyllap ýaşaşan aýaly Ana Liza bilen aýrylyşyp we bir ýyl soňra Griffith bilen durmuş gurdy. Kariýerindäki ýeketäk owazly film bolan «Evita» da Madonna bilen birlikde oýnan aktiýor, 1998-nji ýylda Katerine Zeta-Jones bilen birlikde «The Mask of Zorro» atly filmde oýnady. 1999-njy ýylda Mikaýel Kriçtonyň X asyrdaky adam iýýän mahluklar hakyndaky «Eaters of the Dead» atly romanyndan täsirlenip «The 13th warrior» atly filmde başrolda oýnady. Şol ýyllarda alyp baryjylyga gol çeken aktýor Griffithyň baş rollarda oýnan «Crazy in Alabama» ny surata düşürdi. Bu filmyň yz ýany Woody Harrelson bilen birlikde Rod Şeltonyň «Play it to the Bone» atly boks hakyndaky filmde oýnady. 2000-nji ýyllarda «The White River Kid» atly filmde başrolda oýnan Antoniýo Banderas şol ýyl «The Sparrow» atly filmde hem oýnady. Gelşikli oýunçy Banderas körpejeleriň filmi bolan we ilkinji filmi 2001-de surata düşürilen Spy Kids bölümli birnäçe animasiýon filmlerde Şrekda (Şrek) pişigiň sesini berdi. Banderasyň oýnan iň soňky filmy bolsa «Ejemiň Söýgülisi» atly film boldy we bu filmde gizlin jansyzyň roluny ýerine ýetirdi.