Mars: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
using AWB
Added image
Bellik: 2017 source edit
Setir 1:
[[Faýl:Mars Valles Marineris EDIT.jpg|thumb|Mars (1980)]]
 
[[Gün ulgamy]]nda Günden uzaklygy boýunça dördünji planeta. Günüň töwereginde ondan ortaça 228 mln. km uzaklykda elliptik orbita boýunça hereket edýär. Bu uzaklyk perigelide 206 mln. km, afelide 249 mln. km çäginde üýtgäp durýar. [[Marsyň orbitasy]]nyň ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1.8°. Onuň orbitadaky ortaça tizligi 24,2 km/sek bolup, Günüň daşynda 687 gije-gündizde bir aýlaw edýär. Marsyň, [[Ýer]]iň we [[Gün]]üň asman giňişliginde biri-biriniň garşysynda ýerleşmegi ortaça her 780 gije-gündizden gaýtalanyp, şonda Mars bilen Ýeriň arasyndaky aralyk 56 mln. km-den 102 mln. km-e çenli üýtgäp durýar. Bu uzaklyk 56 mln. km bolanda Mars bilen Gün Ýere görä biri-biriniň garşysynda bolup, oňa beýik garşy durma diýilýär (her 15-17 ýyldan gaýtalanýar).