Abaý Kunanbaýew: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
→‎top: using AWB
Added information from Wikipedia (en)
Setir 9:
}}
 
'''Abaý Kunanbaýew''' (10 Awgust [[1845]] - 6 Iýul [[1904]]) - Meşhur gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýet işgäri, Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsarynyň öňde baryjy demokratik pikirlerini ösdüriji, gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy. Ol [[Semeý]]de Ahmet Ryza mollanyň medresesinde okaýar we şol bir wagtda ýerli rus mekdebine-de gatnaýar. Rus syýasy sürgün edilenleriň kömegi bilen rus dilini, öňde baryjy rus edebiýatyny öwrenýär. Rus şahyrlarnyň goşgularyny, rewolýusion-demokratik pikirlerini gazak zähmetkeşleriniň arasynda propagandirleýär. Şeýle ýol bilen rus ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini gazak obalaryna ýaýradypdyr. Gündogaryň köp edebi eserlerini ([[Şanama]], [[Leýli-Mejnun]], [[Görogly]] we ş.m.) dil üsti bilen halk köpçüligine ýetiripdir.
Ol ajaýyp eserler döredipdir. Onuň käbir liriki goşgulary saza-da geçirilipdir. Abaý Kunanbaýewiň eserleri diňe [[1909]]-njy ýylda ilkinji gezek [[Sankt-Peterburg]]da neşir edilipdir. Onuň eserleri dürli dillerde çap edildi. Abaý Kunanbaýew gazak we beýleki sowet halklarynda köp okalýan ýazyjy-şahyrlardan biri bolupdyr. Gazak ýazyjysy M. O. [[Auezow]] bolsa Abaý Kunanbaýewiň döredijiligini ebedileşdirmek maksady bilen onuň durmuşyna degişli 2 tomdan ybarat "Abaýyň ýoly" romanyny ([[1956]]) ýazdy. Ol roman köp dillere, onuň "Abaý" atlandyrylan 1-nji kitaby bolsa türkmen diline terjime edildi.