Gawun: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
clean up using AWB
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
'''Gawun''' — [[Türkmen]] gawunlarynyň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri we taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyryp gidipdirler. XII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy „Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmandym“ diýse, on ikinji asyryň meşhur taryhçysy [[Al-Makdisi]]: „Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur“ diýipdir. Merw we Horezm gawunlaryny arap halyflary Mamunyň we Wasihiň köşklerine daşy buz bilen gurşalan gurşun gaplarda eltipdirler. Olar eltilmeli ýerine zaýalanman eltilen halatynda her gawun üçin 700 dirhem töläpdirler.
 
Fransua Bernýe on ýedinji asyrda [[gyş]] paslynda Delide Orta Aziýadan getirilen gawunlaryň gymmat bahadan satylýandygy hakynda ýazypdyr. Ol gawunlary pagta dolap eltýän ekenler. Türkmen gawunlary hytaý imperatorlarynyň, hindi şalarynyň we arap halifleriniň desterhanlaryny bezese, şirin-şeker türkmen gawunlary Soltan Sanjaryň, Baýram han Türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň söýer aşy bolupdyr.