Owganystan: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Gysgaça mazmuny ýok
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 22:
Prezidenti Aşraf Gani.
{{Aziýanyň ýurtlary}}
 
2014-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Zarar Ahmad Osmanini kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, elektroenergetika, demir ýol gurluşygynda, şeýle hem beýleki pudaklarda mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şunda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde däbe öwprülen medeni-gumanitar gatnaşyklaryny berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Iri düzümleýin taslamalaryň — Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoluny we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman milli Liderimize öňe süren döredijilikli halkara başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şol başlangyçlar Owganystany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, owgan topragynda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, geljekde hem ähli ugurlar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi gatnaşdy.
2014-nji ýylyň 3-nji martynda bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-owgan geňeşmeler geçirildi. Onda Owganystanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministri jenap Zarar Ahmad Osmani ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2014-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.
 
{{stub}}