Ýapon dili: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Gysgaça mazmuny ýok
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Setir 8:
Ýapon dili diňe Ýaponiýanyň çäginde geplenilýär diýsek ýalňyş bolar. Ýaponiýa Koreany, Taýwany, Hytaýyň käbir ýerlerini ,Filippinleri we [[Ýuwaş okean]]daky käbir ýerleri ikinji jahan urşy wagtlarynda basyp alypdyr.
== Ýapon diliniň taryhy we aýratynlyklary ==
Ýapon diliniň taryhy hakynda aýdylanda bolsa, Ýaponiýadaky ýerli ilatyň dili we şiwesi II asyryň başlarynda Ýewropa ýakyn bolan aziýalylaryň we Ýuwaş umman adalarynyň ýaşaýjylarynyň gelmegi bilen üýtgänligi çaklanylýar. Emele gelen dili bolsa ýapon günorta-günbatar adalarynyň dilleri diýlip atlandyrylypdyr. III asyra degişli Hytaý resmi-iş kagyzlarynda gadymy ýapon sözleriniň birnäçesi gabat gelýär. Emma tutuşlygyna ýapon dilinde ýazylan resminamalara diňe 8 asyrdan soň gabat gelinýär. Ýapon diliniň köki hytaý dilinden gaýdan bolmasa-da, hytaý diliniň gadymy ýapon diline eden täsiri güýçli bolupdyr. Muny ýapon dilinde duşýan birnäçe hytaý sözleri bile düşündirmek bolar. Häzirki zaman ýapon dilinde bolsa ýewropa dillerinden gaýdýan birnäçe alynma sözlere hem gabat gelinýär.
 
Ýapon diliniň döwürleri:
# Gadymy döwür ýapon dili
# Irki döwür ýapon dili
# Giçki ýapon dili
# Irki häzirki zaman ýapon dili
# Häzirki zaman ýapon dili
Ýapon dili agglýutinatiw dildir (ýagny dürli morfemasy bolan sözleriň birigip, dürli sözleri emele getirmegi). Onuň çekimsiz sesleriniň uzynlygy we çekimileriniň  arassa aýdylmagy beýleki dillerden tapawutly fonetikany emele getirýär. Sözleriniň ýazylyşy boýunça ol üç topara bölünýär: hiragana katakana, kanji. Işlikler zaman we işlik şekilleriniň goşulmalaryny kabul edýärler.
 
Häzirki wagtda dünýäniň iň ösen uniwersitetlerinde ýapon dili ikinji dil hökmünde öwredilýär. Hatda orta mekdeplerde-de ýapon dili bardyr. Ýapon medeniýetiniň, tehnologiýasynyň, animasion filmleriniň ýaýramagy bilen bu dili öwrenmäge höwes edýän halklaryň sany barha artýar.
 
== Hiragana ==