Mollanepes: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
ujGysgaça mazmuny ýok
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 36:
| portaldisp =
}}
Beýik söz ussady '''Mollanepes''' —Beýik söz ussady XIX asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyrymyzdyr. Beýleki nusgawy şahyrlarymyza garanyňda, Mollanepesiň terjimehalyna degişli köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Adamlarda gözel duýgulary, ajaýyp arzuwlary oýarýan şygyrlary bolan lirik şahyrymyz Mollanepes 1810-njy ýylda häzirki Sarahs etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna molla Kadyrberdi diýer ekenler. Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr, oalryň iň kiçisi Nepes bolupdyr. Örän ylymly, sowatly adam bolansoň, onuň adynyň öňüne “molla” sözi soň goşulyp, Mollanepes diýen at ýörgünli bolýar. Umuman öňki zamanlarda şahyrlara Molla Kemine, Molla Zelili ýaly epitet bilen ýüzlenilipdir. Mollanepes ilki oba mekdebinde soňra Maryda Molla Töre ahunyň medresesinde bilim alypdyr. Has soňrak Buhar medresesini tamamlap ahunlyk derejesine ýetipdir. Gündogaryň beýik söz ussatlary Nyzamynyň, Nowaýynyň, Firdewsiniň, Jamynyň Fizuliniň, Magtymgulynyň eserlerini ürç edip okapdyr. Şahyr arap, pars dillerinden gowy baş çykarypdyr. Şonuň üçin ol pars dili şahyrlaryň goşgularyny, poemalaryny asyl nusgasyndan okapdyr. Şeýle hem ol musulmanlaryň, hristianlaryň keramatly kitaplary bolan Gurhany, Injili gowy öwrenipdir. Muny onuň özüniň ölmez-ýitmez “Zöhre-Tahyr” dessanda ulanan Musa pygamber, Isa pygamber bilen baglanyşykly rowaýatlary hem tassyk edýär. Şahyryň:
Gezdim Buhar şährin Samarkant bilen…
Seýran edip gezdim ýakyny – ýady… –