Hytaý Halk Respublikasy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Setir 88:
 
Parižde uruşda ýeňijileriň Şandun meselesini Ýaponiýanyň peýdasyna çözmegine närazylyk bildirip, 1919-njy ýylyň 4-nji maýynda talyp ýaşlar, işçiler Pekiniň köçelerine çykdylar. 4-nji maý hereketi diňe şol gün gutarmady. Ol Hytaýyň 60 şäherinde işçileriň syýasy iş taşlaýyşlarynyň başlanmagyna itergi berdi. Şu hereketiň täsiri bilen kommunistik partiýa döredi. Bu hereketler öz netijesini berdi. Waşington maslahatynda Ýaponiýa Şanduny Hytaýa bermäge mejbur boldy. Şeýlelikde, 1917-1921-nji ýyllardaky ynkylap ugrundaky göreşiň netijesinde dünýäde birnäçe patyşalyk düzgünleri agdaryldy, täze özbaşdak döwletler döredi. Bu döwürde hatdjemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.a birinji jahan urşunda ýeňiji bolan, üstesine-de bireýýämden bäri bazar ykdysadyýetli döwletler bolan, parlament demokratiýasynyň nusgawy ýurtlaryna öwrülen Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ ýaly döwletlerde hem syýasy, durmuş dartgynlylyk ýagdaýy döräp, jemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.
 
=== XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda ===
XX asyryň 20-nji ýyllarynda Hytaý öňküsi ýaly ýarym bakna ýurtdy. Ýurtda syýasy dartgynlylyk dowam edýärdi. Ýurt dagynykdy. Her bir welaýatyň ýolbaşçysy ähli Hytaýyň hökümdary bolmak üçin göreşýärdi. Hökümdarlaryň özara dawalary, ýaraglanyşygy haýdatmaklary halkyň durmuş ýagdaýyny barha agyrlaşdyrýardy. Olaryň özara dawalary daşary ýurt talaňçylaryna Hytaýy talamaga mümkinçilik döredýärdi.
 
Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ we Ýaponiýa ýaly döwletleriň hersi bir hökümdary goldap, Hytaýy şol “öz adamsynyň ýolbaşçylygynda” bir bütewi döwlete birleşdirmegi gazanjak bolýardylar. Olar “öz adamlaryny” ýaraglandyrýardylar. Soňrak bu dawa SSSR hem goşuldy. Özara uruşlar adaty ýagdaýa öwrülipdi. Durmuş kynçylyklaryndan we daşary ýurt hojaýynlarynyň sütemlerinden ejir çekýän halk ýene-de ynkylap ugrundaky göreşe baş göterip başlady.
 
Hytaý halkynyň rewolýusion milli azat edijilik göreşine Sun Ýatseniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan (Milli partiýa) we Çen Dusýunyň ýolbaşçylygyndaky Kommunistik partiýa ýolbaşçylyk etdiler. Bu iki partiýanyň ikisiniň-de esasy maksadynyň biri daşary ýurt agalygyny ýok etmekdi. Şu meselede partiýalaryň garaýyşlarynyň meňzeşligi olaryň ýakynlaşmagyna getirdi. 1923-nji ýylda Kommunistik partiýa daşary ýurt agalygyny we ýurt yzagalaklygyny ýok etmek üçin bileleşip göreşmegi Gomindana teklip etdi. Gomindan birleşmäge garşy bolmady. Çünki, Sun Ýatsen diňe SSSR-den kömek almak üçin hem kommunistler bilen birleşmäge taýýardy. Iki tarapyň-da birleşmäge bolan islegi we Moskwanyň täsiri bilen 1924-nji ýylda hytaý kommunistleri Gomindan bilen bir bütewi bileleşige birleşdiler. Bir bütewi göreş ugrunyň emele gelmegi milli azatlyk we demokratik ynkylabyň taýýarlanmagynda möhüm şertleriniň biri boldy.
 
Hytaýda ynkylap ugrundaky hereketler köplenç ýurduň günortasyndan başlanýardy. (Sinhaý ynkylabyny ýatlaň! §6 seret). Ýigriminji ýyllarda hem ýurduň günortasy has ynkylaplaşan sebit bolmagyny saklaýardy. Üstesine-de, Günortadaky welaýatlaryň birinde-Guançžouda (Kantonda) Sun Ýatsen häkimiýete gelipdi. Onuň hökümeti tizlikde ynkylap ugrundaky hereketiň merkezine öwrülip, goňşy welaýatlara rewolýusion täsirini ýetirýär. Sun Ýatseniň hökümetini Hytaýyň beýleki hökümdarlary-da, daşary döwletler-de ykrar etmediler. Emma Sinhaý ynkylaby döwründe reworlýusiýnayň serdary hökmünde özüni tanadan, demokratik meýilli Sun Ýatseniň halk arasyndaky abraýy barha artýardy. SSSR-iň ýolbaşçylary-da Sun Ýatseni goldap, onuň ýolbaşçylygynda Hytaýyň birleşdirilmegini isleýärdiler.
 
Sun Ýatsen berk düzgün-tertipli goşun bolmasa ynkylabyň ýeňip üstün çykmajakdygyna göz ýetiripdi. Ol aýratyn-da dünýä döwletleriniň on dördüsiniň çozuşyny yza serpikdirmegi başaran Russiýanyň Gyzyl Goşunyna göwni ýetip, gözi gidip, şonuň ýaly ynkylapçy goşun döretmegiň arzuwyndady. Şonuň üçin Sun Ýatsen harby kömek sorap, general Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçiligi Moskwa ýollaýar. Gepleşikleriň netijesinde SSSR birnäçe harby maslahatçylary (W.K.Blýuher, M.M.Borodin, P.A.Pawlow) Hytaýa ugradýar. Olaryň kömegi bilen Huanpu derýasynyň kenarynda harby ýolbaşçylary taýýarlaýan harby mekdep açylýar. Harby mekdebiň ýolbaşçylygyna Sun Ýatseniň ynamyna girmegi başaran Çan Kaýşi bellenýär. Harby mekdebiň açylmagy ynkylaba taýýarlykda ýene bir öňegidişlik boldy.
 
Syn Ýatseniň Guançžoudaky hökümetiniň abraýynyň artmagy Demirgazyk Hytaýdaky hökümdarlaryň käbiriniň watançylyk meýillerini oýardy. Olaryň biri general Fen Ýuýsýan duýdansyz Pekini basyp aldy we ol Sun Ýatseni goldap başlady. Ol öz goşunyny “Milli goşun” diýip jar etdi. Pekinde ählihytaý maslahatyny geçirmek maksady bilen Hytaýyň, ýerli ýolbaşçylaryny çagyrdy. Bu ýygnanyşyga Sun Ýatsen hem çagyrylypdy. Ýygnakda Hytaýy birleşdirmegi we merkezi häkimiýet organlaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşmalydy. Sun Ýatseniň islegi-de şoldy. Ýöne, ýygnaga gatnaşmak üçin Pekine gelende ol agyr kesellidi. 1925-nji ýylyň 12-nji martynda Sun Ýatsen ýogaldy.
 
Ynkylabyň serdarynyň biwagt ýogalmagy ynkylabyň başlanmagynyň öňüni almady. 1925-nji ýylyň güýzünde iňlisler tarapyndan Hytaý talyplarynyň oka tutulmagy, “30-njy maý hereketiniň” başlanmagyna getirdi. 1925-nji ýylyň 30-njy maýynda Şanhaýda jemgyýetiň tas ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda syýasy çykyşlar ýaýbaňlandy. Milli azat edijilik ynkylaby başlandy. Onuň baş maksady ýurduň doly garaşsyzlygyny gazanmak we bir bitewi Hytaý döwletini döredip, feodal agalygyny ýok etmekdi. Ynkylap demokratik, milli azat edijilik häsiýetlidi.
 
1925-nji ýylyň 1-nji iýulynda Guançžou hökümeti özüni Hytaýyň Milli hökümeti diýip jar etdi. Ol Hytaýy ýaragly ýol bilen birleşdirmäge başlady. Sun Ýatsen aradan çykan soň, Milli hökümete Çan Kaýşi ýolbaşçylyk edýärdi. Çan Kaýşi 1926-njy ýylyň iýulyna çenli Günorta Hytaýyň dört welaýatyny birleşdirmegi başardy.
 
1926-nji ýylyň iýulynda ýurduň demirgazygyna ýöriş başlanýar. Demirgazyk ýörişini rus harby maslahatçylary taýýarlapdylar. Bu ýöriş Hytaýy milli taýdan birleşdirmegi tamamlamalydy. 1926-njy ýylyň sentýabrynda ynkylapçy goşun Ýanszi derýasyna baryp ýetýär. Uhan, Nankin, Şanhaý ýaly iri şäherleriň halky ynkylapçy goşuny goldap, gozgalaň turuzdy. Gozgalaňçylaryň kömegi bilen ol şäherler ýeňillik bilen ynkylapçy goşun tarapyndan eýelenipdi.
 
Ynkylap Hytaýdan entekler tamakin ABŞ we Beýik Britaniýany gorkuzdy. Olar 1927-nji ýylyň ýazynda 170-e golaý harby gämilerini Hytaýyň suwlaryna getirdiler. Nankini oka tutdylar, üstesine-de oka tutulandaky çykdajylaryň öwezini dolmagyny talap etdiler. Nankiniň oka tutulmagy we kemsidiji talapnama Çan Kaýşi bilen kommunistleriň arasynda dawanyň başlanmagyna getirdi. Kommunistler daşary ýurt harby gämilerini ýok etmegi teklip etdiler. Çan Kaýşi ABŞ we Beýik Britaniýa bilen gizlin gepleşikler geçirýärdi.
 
Çan Kaýşi 1927-nji ýylyň aprelinde kommunistler bilen hyzmatdaşlygy bes edip, olaryň birnäçesini jezalandyrdy. Kommunistler onuň bu hereketini dönüklik hasap edip, Çan Kaýşä garşy göreşip başladylar. Şeýlelikde, ynkylapçylaryň arasynda bölünişik bolup geçdi.
 
Çan Kaýşi 1927-nji ýylyň aprelinde döwletiň paýtagtyny Nankin şäherine geçirdi. Ol 1928-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýy birleşdirmegi başardy. Hytaýy Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan partiýasy tä 1949-njy ýyla çenli dolandyrdy.
 
1927-nji ýylyň 1-nji awgustynda kommunistleriň ýolbaşçylygynda, Nançan şäherinde, 30 müň esgeriň gatnaşmagynda Gomindanyň agalygyna garşy gozgalaň başlandy. (1-nji awgust – häzir Hytaýda Gyzyl Goşunynyň dörän güni hökmünde bellenilýär). Bu gozgalaň 1927-1936-njy ýyllaryň raýatara urşunyň hem başlangyjy boldy. Kommunistler oba ilatynyň durmuş ýagdaýynyň erbetligini göz öňünde tutup, daýhanlary öz tarapyna çekmek ýörelgesini alyp bardylar. Olar Gomindandan azat edilen obalarda Sowetleri döretdiler. Sowetler halk häkimiýeti diýlip jar edildi. Hytaý Kommunistik partiýasy (HKP) şäherleriň daşyny sowet obalary bilen gabap, amatly pursat dörände şäherleri Gomindanyň agalygyndan halas etmegi maksat edindiler.
 
Çan Kaýşi rus harby maslahatçylaryny ýurtdan çykmaga mejbur etdi. 1929-njy ýylda Hytaýyň Russiýa bilen diplomatik gatnaşyklary kesildi. Çan Kaýşi ABŞ-a we Beýik Britaniýa arka direýärdi. Ol şolaryň kömegi bilen SSSR-den kömek alýan Hytaý kommunistleriniň Gyzyl Goşunyny, Sowet obalaryny derbi-dagyn etmek isleýärdi. Sowet obalaryna garşy otuzynjy ýyllaryň birinji ýarymynda bäş gezek uly ýöriş gurady. Birinji ýörişde 100 müň, ikinji ýörişde 200 müň, üçünji-de-300 müň, dördünjide-500 müň esger Sowet obalaryna garşy sürüldi. Bu ýörişleriň dördüsinde-de Gomindan asgyn geldi.
 
Raýatara urşunyň ýaýbaňlanýan döwri Ýaponiýa duýdansyz Hytaýyň Mançžuriýa welaýatyna goşun girizdi. Hiç hili söweşsiz diýen ýaly 1931-nji ýylyň sentýabrynda Mançžuriýa Ýaponiýa tarapyndan eýelendi. Ýurduň esasy hojaýyny Çan Kaýşi ýaponlara garşy göreş alyp barmakdan ýurduň içindäki duşmanlaryna-kommunistlere garşy uruşmagy derwaýys hasaplap, Mançžuriýany gorajak hem bolmady.
 
1931-nji ýylyň noýabrynda Hytaýdaky Sowet obalarynyň wekilleriniň I gurultaýy bolup geçdi. Onda Sowet obalaryndan ybarat Hytaý Sowet respublikasynyň (HSR) döredilýändigi jar edildi. Mao Szedun (1893-1975 ýý.) HSR-niň başlygy wezipesine saýlandy. Ýurt ýene-de iki bölege bölündi.
 
Çan Kaýşi Sowet obalaryny ýok etmek üçin bäşinji ýörişe has düýpli taýýarlyk gördi. Oňa ABŞ pul kömegini we harby uçarlary edinmekde ýardam berdi. Ýöriş german harby maslahatçylarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. Ýörişe 1 mln. adamly goşun gatnaşdy. Gyzyl Goşun ýaňy üç ýüz müň adama ýetipdi. Gomindanyň bäşinji ýörişinde Gyzyl Goşun ýeňildi. Sowet obalary ýok edildi. Gyzyl goşunyň az sanlysy 1934-nji ýylyň güýzünde ýurduň demirgazyk-günbataryna tarap gaçmaga mejbur boldy. Olar birnäçe welaýatlaryň üstünden geçip, 12 müň kilometrlik ýol söküp, 1936-njy ýylyň güýzünde Şensi, Gansu we Ninsýa welaýatlarynyň çatrygynda ornaşdylar. Olar Ýanýan şäherini merkez edindiler. Bäşinji ýöriş netijesinde Hytaýdaky sowetler hereketi basylyp ýatyryldy.
 
Mançžuriýany uruşsyz eýelän Ýaponiýanyň işdäsi açylyp, ol Hytaýyň beýleki sebitlerine ýörişe taýýarlyk görýärdi. Çan Kaýşi 30-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap, SSSR-den Ýaponiýa garşy uruşda kömek almak üçin onuň bilen gepleşikler geçirdi. SSSR hem Ýaponiýanyň güýçlenmeginden, öz serhetlerine ýakyn bolan Demirgazyk Hytaýda berkleşmeginden howatyrlanýardy. Şeýle şertlerde SSSR Hytaýa ýapon basybalyjylaryna garşy uruşda kömek bermäge razylaşdy. Ýöne SSSR raýatara urşunyň we kommunistleriň jezalandyrylmagynyň bes edilmegini Çan Kaýşiden talap etdi.
 
Çan Kaýşiniň öz goşun generallarynyň arasynda-da raýatara urşunyň ýatyrylmagynyň we ýaponlara garşy bileleşip göreşmegiň tarapdarlary köpelipdi. Öz goşun generallarynyň we SSSR-iň talaby boýunça Çan Kaýşi kommunistlere garşy urşy bes etdi. Kommunistler we Gomindan ýene-de birleşip, Ýaponiýa garşy bir göreş ugruna birleşmek barada 1937-nji ýylyň ýazynda ylalaşdylar. 1927-1937-nji ýyllaryň raýatara urşy netijesiz tamamlandy.
 
1937-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýa Hytaýy doly basyp almak üçin urşa başlady. 1937-1945-nji ýyllarda Hytaý halky ýapon basybalyjylaryna garşy göreşdi.
 
== Şäherler ==