Difference between revisions of "Hytaý Halk Respublikasy"

no edit summary
1937-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýa Hytaýy doly basyp almak üçin urşa başlady. 1937-1945-nji ýyllarda Hytaý halky ýapon basybalyjylaryna garşy göreşdi.
 
=== XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda ===
== Şäherler ==
Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hytaýda syýasy ýagdaý dartgynly bolmagynda galýardy. Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan partiýasy bilen Mao Szedunyň baştutanlygyndaky Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň (HKP) arasynda göreş dowam edýärdi (seret §22!). 1937-1945-nji ýyllardaky ýapon basybalyjylaryna garşy hytaý halkynyň watançylyk urşy döwründe Gomindan we HKP-nyň arasynda wagtlaýynça oňşuklylyk dowam edipdi. Umumy duşmana - ýaponlara garşy olar bilelikde göreşdiler. Emma uruş gutarandan soňra agzalan partiýalaryň ikisi-de öz gurultaýlaryny geçirip, biri-biriniňkä düýbünden çapraz gelýän maksatnamalary kabul edipdiler. Olaryň diňe biri durmuşa ornaşdyrylyp bilinjekdi, diýmek bu iki partiýanyň arasynda uruş gutulgusyzdy.
 
Gomindan partiýasy Hytaýy 1927-nji ýyldan bäri dolandyrýardy. Emma partiýanyň ýolbaşçysy Çan Kaýşiniň Hytaýyň ähli ýerine hökümi ýöremeýärdi. Ýurt iki bölege bölünip, onuň uly bölegi Çan Kaýşiniň garamagyndady. Hytaýyň 300 mln. ilatly bölegini Gomindan, 100 mln. ilatly Demirgazyk-Gündogar bölegine (Mançžuriýa) bolsa Kompartiýa hojaýynçylyk edýärdi. Iki tarap hem sözde ýurdy parahatçylykly birleşdirmek barada çykyş etseler-de, iş ýüzünde olar täze urşa taýýarlanýardylar.
 
HKP-niň 1 mln. 280 müň çemesi esgerli goşuny bardy. Gomindanyň bolsa 4 mln. 300 müň adamly goşuny bardy. Ýaraglanyşyk babatda taraplar deňeçerdi. Emma urşuň ykbaly diňe goşunyň sanyna bagly däldi.
 
Halkyň bu dawa gatnaşygy barada aýdylanda uruş döwri Gomindan partiýasy barja abraýyny hem döküpdi. HKP-nyň agzalary bolsa Ýaponiýa garşy uruş döwri watanyny goramakda watandaşlaryna nusga bolupdy. Uruş HKP-nyň abraýyny halkyň arasynda artdyrypdy. Şonuň üçin bu dawada halk köpçüligi HKP-ni goldaýardy. Üstesine-de ol SSSR-iň kömegi bilen söweşe ukyply goşun döredipdi. Ýaponlar ýeňlenden soňra Kwantun goşunynyň ýaraglary hem HKP-nyň ygtyýaryna berlipdi.
 
Ikinji jahan urşy gutaran badyna agzalan taraplar dessine biri-birine garşy urşa başlamaga milt edip bilmediler. Diňe 1946-njy ýylyň ortalarynda Gomindan urşa taýýarlygy boldum edip, kommunistleriň eýeleýän ýerleriniň üstüne hüjümee geçdi. Raýatara urşy başlandy. 1946-1949-njy ýyllaryň raýatara urşunda HKP ýeňiş gazandy. Gomindan ýeňlip, onuň tarapdarlarynyň galyndylary Taýwan adasyna gaçyp, janyny gutardylar. Kommunistleriň goşuny Taýwan adasyny zabt etmäge synanyşmady. Çan Kaýşi bu ýerde “Hytaý Respublikasy” atly döwlete ömrüniň ahyryna çenli ýolbaşçylyk etdi. Hytaý emeli ýol bilen ikä bölündi (seret §59!).
 
1949-njy ýylyň 1-nji oktýabry Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) dörän güni hökmünde jar edildi. Döwlet baştutany wezipesine Mao Szedun saýlanyldy. Hytaýda 22 ýyllap dowam eden syýasy gapma-garşy durmak öz çözgüdini tapdy.
 
1949-njy ýyldan başlap Hytaýda sosializm gurluşygy başlandy. Ilkinji nobatda XX asyryň birinji ýarymyndaky uruşlarda weýran edilen hojalyk dikeldildi. Dikeldiş üçin üç ýyllyk maksatnama kabul edildi (1950-1952ýý.). Üçýyllyk döwründe täze syýasy we ykdysady ýörelgeleri işläp düzmek, ýerleri daýhanlara paýlap bermek, täze hökümetiň etsem-goýsamlaryny halka düşündirmek ýaly meseleler çözüldi. Gomindanyň tarapdarlarynyň taşlap giden senagat kärhanalary döwlet eýeçiligine geçirilip, ykdysadyýetde döwlet pudagy döredildi. Bu ýyllarda jemgyýet Gomindanyň tarapdarlarynyň galyndylaryndan arassalanyldy. Geçirilen çäreleriň netijesinde 1952-nji ýylyň ahyryna çenli ykdysadyýet dikeldildi. Syýasy durnuklylyk gazanyldy.
 
1952-nji ýylyň ahyrynda 1953-1957-nji ýyllara niýetlenen birinji bäşýyllyk maksatnama kabul edildi. Bäşýyllygyň ýyllary içinde Hytaýda 595 sany iri senagat kärhanalary guruldy. Öň hiç wagt öndürilmedik uçarlar, awtoulaglar, reňkli metallar ýaly täze senagat önümçilikleri ýola goýuldy.
 
Hytaý sosializmi turuwbaşdan özboluşlulygy bilen dünýäniň beýleki sosialistik ýurtlardaky we SSSR-däki gurluşdan tapawutlanýardy. Muňa mysal edip SSSR-de iri senagat kärhalary gyssanmaçlyk bilen döwletiň haýryna geçirilip, raýatara urşunyň başlanmagyna kanunalaýyk hadysa hökmünde garalan bolsa, bu tejribe Hytaýda ulanylmady. Hytaýda senagat kärhanalary eýeleriniň elinden zorluk bilen alynmady. Diňe hususy önümçiligiň üstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Hususy senagat kärhanalaryna döwlet tabşyrygy berlip, olaryň önümlerini döwlet satyn aldy. Elbetde, harytlaryň bahasyny döwlet kesgitledi. Hususy söwda bilen meşgullanýanlaryň dükanlarynyň üstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Döwlet hususy söwdägärleri hakyna tutup işletdi.
 
Oba hojalygynda hem hytaý sosializmi özboluşludy. SSSR-däki ýaly ur-tut kolhoz gurluşyna geçilmän, Hytaýda köpçülikleýin daýhan zähmetini guramagyň ýönekeý görnüşlerinden başlanyldy. Döwlet wagtlaýyn, möwsümleýin daýhan birleşiklerini döretmäge ýardam berdi. Daýhanlar birleşmä goşan ýeriniň möçberine, orta goýan zähmet guralyna we öz çeken zähmetine görä hak alýardylar.
 
Hytaýyň geçiş döwrüniň esasyny 1958-1961-nji ýyllara niýetlenen ikinji bäşýyllyk maksatnamasy düzmelidi. Emma bäşýyllyk maksatnama ýerine ýetirilip başlanyp başlanmanka onda bellenilen sepgitler Mao Szedunyň gözüne gaty az göründi. Mao Szedun gysga wagtda ýurdy tiz ösdürmek isledi. Ikinji bäşýyllygyň görkezijilerine täzeden seredip, ýurduň öňünde mümkin bolmadyk, öňkä seredende birnäçe esse artdyrylan maksatnamany goýdy. Ýekeje mysal, öňki bäşýyllyk maksatnamada bäşýyllygyň ahyryna çenli 10 mln. tonna polat öndürmek bellenilen bolsa, täzesinde ol 10 esse köp öndürilmelidi. Ykdysady ösüşiň ähli ugurlary babatda hem şeýle edildi. Mao Szedunyň gysga wagtda tiz ösüş ýörelgesi “Uly böküş” diýlip atlandyryldy. Bu syýasat 1958-1961-njy ýyllary öz içine aldy.
 
“Uly böküş” syýasaty ýyllarynda millionlarça adamlaryň zähmet joşguny, watançylyk hyjuwy biderek harçlandy. Ýene-de polatdan mysal alaýalyň! Ähli ýurt möçberinde “polat ugrunda söweş” şygary esasynda janaýamazakly zähmet çekildi. Poladyň öndürilişini artdyrmak üçin ähli maşgalalar diýen ýaly öz hojalyklarynda ýönekeý peçlerde polat önümçiligini guradylar. Emma şeýle usulda öndürilen polat senagatyň bähbitlerine ýaramsyz bolup çykdy.
 
“Uly böküş” döwrüniň oba hojalygy barada aýdylanda halk kommunalarynyň döredilendigini aýtmalydyrys. Olar ýaňy ösüp, özüni dürsäp gelýän daýhan birleşmeleriniň ornuna döredildi. Kommunalar harby bölümlere çalym edýärdi. Daýhanlaryň ähli emlägi, zähmet gurallary, hat-da mellek ýerleri kommunalarda umumylaşdyrylýardy. Kommunalarda daýhanlar birmeňzeş zähmet çekýärdi, birmeňzeş hem iýmitlenýärdi. Kommunalarda zähmet haky umumylaşdyrylandy. Ähli zadyň umumylaşdyrylmagy daýhanlaryň ödürijilikli zähmete höwesini gaçyrýardy. Kommunalaryň döredilmegi oba hojalyk önümçiliginiň hem pese gaçmagyna getirdi. “Uly böküş” öňe däl-de, yza boldy.
 
Hytaýyň kommunistik hökümetiniň alyp barýan içerki syýasatyna garşy halkyň närazylygy başlandy. Mundan peýdalanyp intelligensiýa we döwlet emeldarlarynyň bir bölegi halky döwlete garşy öjükdirýärdi. Döredijilik işgärleri Mao Szedunyň prototipini çeper obrazlaryň üsti bilen tankytlaýardylar. Özüne garşy hereketiň başlanandygyna düşünen Mao 1966-1976-njy ýyllarda intelligensiýa we döwlet, partiýa emeldarlarynyň bir bölegine garşy ýurt möçberinde göreşe başlady. Bu göreş taryha “medeni ynkylap” ady bilen girdi.
 
“Medeni ynkylap” döwründe ýaşlardan döredilen harby guramalar (hunweýbinler, szaofanlar) Maonyň öz garşydaşlaryndan öç almagy üçin esasy daýanja öwrülipdi. Hytaýlylar “medeni ynkylap” döwründäki öte geçmeleri Maonyň garran çagy goýberen ýalňyşlyklary we onuň egindeşleriniň günäsi hökmünde düşündirýärler. “Medeni ynkylap” syýasaty 1976-njy ýylda Mao Szedunyň aradan çykmagy bilen tamamlandy. Hytaýda “Medeni ynkylap“ döwründe goýberilen öte geçmeleri soňky döwürde häkimiýete gelen sagdyn güýçler (Den Sýaopin) kem-käsleýin ýazgardy.
 
50-nji ýyllarda Hytaýyň daşary syýasatynyň esasy ugruny onuň SSSR bilen gatnaşygy düzýärdi. SSSR Hytaýdaky birinji bäşýyllyk döwründe oňa täze senagat kärhanalaryny gurmakda saldamly kömek beripdi. Halkara meselelerinde SSSR we Hytaý bilelikde çykyş edýärdi. 1950-1953-nji ýyllardaky Koreý urşy döwründe Hytaý SSSR-i goldap, Demirgazyk Koreýa ýardam beripdi. Staliniň ýogalmagy we onuň şahsyýet kultunyň ýazgarylmagy bilen baglanyşykly sowet-hytaý gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşdy. Bu sowuklyk 50-nji ýyllaryň ahyryndan başlap duşmançylyk häsiýetine geçdi. 60-njy ýyllar SSSR bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň iň bir ýaramazlaşan döwrüdir. 60-njy ýyllaryň ahyrynda Hytaý bilen SSSR-iň arasynda serhetýaka çaknyşyklary bolup geçdi (seret §59!).
 
60-njy ýyllarda Hytaý goňşy ýurtlar bolan Mongoliýa, Koreýa, Hindi-Hytaý ýurtlarynyň, SSSR-iň territoriýalarynyň käbir ýerlerine dawa etdi. Bu ýagdaý sebitde howsalaly ýagdaýyň döremegine getirdi.
 
ABŞ kommunistik düzgünli Hytaý hökümetine garşy 50-60-njy ýyllaryň dowamynda duşmançylykly syýasat alyp bardy. Ol HHR ýaly dünýäniň iri döwlletini ykrar etmändi. 60-njy ýyllarda ABŞ Hytaýyň baş duşmanlarynyň biri hasaplaylýardy. Ýapon-hytaý gatnaşyklary barada aýdylanda Ýaponiýanyň ABŞ-nyň täsirinde bolanlygy sebäpli hat-da ýapon-hytaý diplomatik gatnaşyklary-da dikeldilmändi
 
=== Şäherler ===
* [[Pekin]]
* [[Şanhaý]]
2,093

edits