Difference between revisions of "Hytaý Halk Respublikasy"

no edit summary
60-njy ýyllarda Hytaý goňşy ýurtlar bolan Mongoliýa, Koreýa, Hindi-Hytaý ýurtlarynyň, SSSR-iň territoriýalarynyň käbir ýerlerine dawa etdi. Bu ýagdaý sebitde howsalaly ýagdaýyň döremegine getirdi.
 
ABŞ kommunistik düzgünli Hytaý hökümetine garşy 50-60-njy ýyllaryň dowamynda duşmançylykly syýasat alyp bardy. Ol HHR ýaly dünýäniň iri döwlletini ykrar etmändi. 60-njy ýyllarda ABŞ Hytaýyň baş duşmanlarynyň biri hasaplaylýardy. Ýapon-hytaý gatnaşyklary barada aýdylanda Ýaponiýanyň ABŞ-nyň täsirinde bolanlygy sebäpli hat-da ýapon-hytaý diplomatik gatnaşyklary-da dikeldilmändi.
 
=== 1980-90-nji ýyllarda ===
Hytaý Kommunistik partiýasy soňky 20 ýylyň içinde ýurdy özgerdişler ýoly bilen dkidip, Hytaýy ykdysady ösüşiniň depgini boýunça dünýäniň ilkinji ýediligine goşdy. Senagat we oba hojalygy ösdi. 1978-1998-nji ýyllar aralygynda jemi içerki önüm 362,4 mlrd ýuandan 7955,3 mlrd ýuana çenli, ýagny tas 22 esse artdy. Ykdysady ösüşiniň umumy möçberi boýunça Hytaý dünýäde 7-nji, ösýän ýurtlaryň arasynda 1-nji orny eýeleýär.
 
Hytaýyň eksportynyň we importunyň möçberi 1950-nji ýylda 1,13 mlrd dollar bolanlygyndan 1998-nji ýylda 323,9 mlrd dollara çenli, ýagny 286 esse artdy. Häzirki wagtda Hytaý dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Daşary söwdasynyň möçberi boýunça Hytaý dünýäde 9-njy ýerde durýar.
 
Hytaý Halk Respublikasy (HHR) döredilen mahaly oba hojalygynyň we senagatynyň gatnaşygy 58,5% we 30% bolan bolsa, 1998-nji ýylda ol senagatyň peýdasyna üýtgedi (18%:49,2%). Munuň özi Hytaýyň senagatlaşan ýurda öwrüldi diýildigidir. Hytaý galla, pagta, et, ösümlik ýagy, kömür, polat, sement, süýümleri, telegörkezijileri öndürmekde dünýäde birinji ýere geçdi. Reňkli metallary eretmekde, himiýa süýümlerini, gämileri, mineral dökünleri, şekeri, elektrik energiýasyny öndürmekde hem Hytaý öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär.
 
1999-njy ýylyň ahyrynda Hytaýyň ilaty 1 mlrd 260 mln. adama ýetdi. Bu Hytaý ilatynyň sany boýunça dünýäde 1-nji ýerde durýar, Ýer şarynyň ilatynyň 22%-ti şu ýerde ýaşaýar diýildigidir. Ýurduň ähli ilatynyň üçden biri şäherlerde, üçden ikisi obalarda ýaşaýar.
 
1978-nji ýylyň dekabrynda özgerdişler we aç-açanlyk syýasaty yglan edilensoň oba ýerlerindäki kärhanalaryň sany artyp, 1,5 mln. adama iş ýeri döredildi. Häzirki wagtda 200 mln. gowrak hytaý daýhany garyplykdan halas boldy. Daýhanlaryň aglabasy üçin indi azyk, egin-eşik we beýleki durmuş meseleleri kynçylyk döredenok. Oba ilatynyň girdejileri 50 ýyla golaý wagtyň içinde 48 esse artdy.
 
Hytaýyň 1979-njy ýylda özgerdişler we aç-açanlyk syýasatyna geçmegi bilen onuň daşarky dünýä bilen aragatnaşygy ýygjamlaşdy. 1997-nji ýylyň ahyryna çenli hytaý ykdysadyýetine goýlan daşary ýurt maýasy 464 mlrd dollardan geçdi. Soňky 8 ýylyň içinde daşary ýurt maýasyny peýdalanmakda Hytaý ösýän ýurtlaryň arasynda 1-nji, dünýäde bolsa ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýar. Häzirki wagtda Hytaýda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda 310 müňden gowrak kärhana hasaba alyndy.
 
1997-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň 170-den gowrak döwleti Hytaýa özüniň maýa goýumyny goýdy. Onuň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine almagy hytaý ykdysadyýetiniň dogrudanam açykdygyna şaýatlyk edýär.
 
Sosializm gurluşygynda Mao Szedunyň marksçylyga dogma hökmünde çemeleşmegi uly kynçylyklara getiripdi. 10 ýyly (1966-1976) öz içine alan “medeni ynkylabyň” netijesinde sosialistik gurluşyga uly zeper ýetirildi (seret §47!).
 
Mao Szedun ýaly HKP-nyň çepçi ganatynyň wekili bolan Den Sýaopiniň “medeni ynkylabyň” ýalňyşlyklaryny düýpli düzetmek synanyşygy birbada ýol almady. Ol iki gezek işden çetleşdirilip, sürgüne iberildi. 1977-nji ýylda häkimiýete gaýtadan gelen bu adam birnäçe wagtlap Hytaýy ösdürmegiň ýollaryny gözläpdir.
 
1982-nji ýylyň sentýabrynda HKP-nyň XII gurultaýynda eden dokladynda Den Sýaopin ilkinji gezek “hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmagyň” zerurdygyny orta atdy. Onuň çagyryşy ýöne bir çagyryş däl-de, Hytaý ýaly ýurtda sosializm gurmak barada taryhyň öňde goýan meselesiniň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgüdidi. Onuň nazaryýetiniň esasy ähli zada hakyky ýagdaýlardan ugur alyp çemeleşmek bolup durýardy. Bu düzgüni durmuşa geçirmek üçin Den sosializmiň birnäçe tapgyrda gurulmalydygyny nygtady.
 
1987-nji ýylyň noýabrynda HKP-nyň XIII gurultaýynda Hytaýyň entek sosializm gurluşygynyň başlangyç tapgyryny başyndan geçirýändigi öňe sürüldi. Gedaýlykdan we yzagalaklykdan çykmak, oba hojalykly döwlet bolmakdan senagatlaşan ýurda öwrülmek sosializm gurluşygynyň başlangyç tapgyrynda çözülmeli esasy wezipeler diýlip bellendi.
 
HKP-nyň XIV Ählihytaý gurultaýynda (1992ý. oktýabry) Hytaý Kompartiýasynyň öňbaşçysy Szýan Szemin hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmagyň nazaryýetiniň esasy düzgünlerini beýan etdi. Ol diňe öz ýoluň bilen gitmegi, kitaplardan göçürilen dogmalary üýtgewsiz durmuşa ornaşdyrmazlygy, daşary nusgalara eýermezligi göz öňünde tutýar. Hytaýda sosializmiň başlangyç tapgyry 100 ýyla golaý dowam etmeli diýlip göz öňüne getirilýär.
 
Sosializm gurluşygynyň esasy meselesi öndüriji güýçleri baknalykdan halas etmek, jemgyýetiň baý-garyp gatlaga bölünmeginiň öňüni almak, umumy ösüşiň netijesinde halkyň abadançylygyny, bolçuçylygyny gazanmak bolmalydy. Ylmy-tehniki ösüşi gazanmak zähmetkeşleriň bagtly ýaşaýşynyň açary diýlip düşünilýärdi. Hytaýyň dünýä bileleşigi üçin açyk, elýeterli bolmagy özgerdişler syýasaty üçin amatly halkara ýagdaýyny döretmelidi.
 
Sosializm gurmagyň hytaý strategiýasy “üç ädimi” göz öňünde tutýar. Birinji ädim geçildi: ol 1980-nji ýyla garanda jemi milli önümiň iki esse artmagyny göz öňünde tutupdy. Ikinji ädim XX asyryň ahyryna çenli jemi milli önümiň ýene iki esse artmagyny hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini orta gürpe ýetirirlmegini gazanmagy göz öňünde tutupdy. Bu wezipd hem hötde gelindi.
 
Üçünji ädim XXI asyryň birinji ýarymyny öz içine almaly. Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna çenli jemi milli önümiň jan başyna düşýän mukdary boýunça Hytaý dünýäniň ortaça ösen döwletleriniň hataryna çykmaly. Halk gurply ýaşap, döwrebaplaşdyrmak esasan tamamlanmaly.
 
Ýurduň bitewiligi babatda bu nazaryýet “bir döwlet-iki gurluş” ideýasyny öňe sürýär. Ol Hytaýa gaýtarylyp berlen Gonkong (Sýangan), Aomyn (Makao) ýaly ýerlerde hem-de Hytaýyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan Taýwanda kapitalistik gurluşyň saklanyp galjakdygyny aňladýar.
 
Hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmak üçin ykdysadyýetde önümçilik serişdelerine jemgyýetçilik eýeçiligi saklanyp galmak bilen eýeçiligiň beýleki görnüşleri hem döwlet goldawyndan peýdalanýar. Hususylaşdyrmak işine kem-kemden ýol arçalýar. Planly-haryt hojalygy bazar düzgünleşdirilişi bilen utgaşdyrylýar.
 
Den Sýaopin jemgyýetçilik eýeçiligine esaslanýan pudagyň agalyk etmegini we ählumumy bolçulygy gazanmagy sosializmiň hökman saklanylmaly ýörelgeleri hökmünde göz öňüne getirýärdi. Ýogsam, onuň pikiriçe, Hytaýyň sosializmden ýüz öwrüp, kapitalistik ösüş ýoluna düşen, onuň ykdysadyýetiniň belli bir derejede ösen ýagdaýynda-da adamlaryň azajyk bölegi baýajakdy. Ilatyň galan 90%-ti bolsa garyplara öwrülmelidi. 1 mlrd gowrak garyby bolan ýurtda bolsa ykdysadyýetiň üstünlikli ösüşi we durmuş goraglylygy mümkin däldi.
 
Hytaý maddy nygmatlaryň paýlanylmagynda deňleşdirmekden, hemmäni bir aýakdan sürmekden boýun gaçyrýar. Ykdysady höweslendirmeler ulanylýar. 1978-nji ýylda Hytaýdaky ykdysady özgerdişleriň maksady sosialistik bazar ykdysadyýetini döretmek diýlip yglan edildi.
 
Özgerdişleriň amala aşyrylmagy üçin Hytaý halkyň demokratik agalygyny berk saklaýar. Köppartiýalylyga ýol berilýänem bolsa, Hytaý onuň Günbatar nusgasynyň tarapdary däl. Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy (HWÄÝ) halkyň öz häkimiýetini amala aşyrmagynyň esasy guramasy hasaplanýar. Onuň kanun çykaryjy, gözegçilik etmek, kadrlary bellemek we wezipesinden boşatmak hukuklary bar. HWÄÝ halk bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýar.
 
1997-nji ýylyň 1-nji iýulynda öň Beýik Britaniýanyň baknalyk täsirinde bolan Gonkong (Sýangan) Hytaýa gaýtarylyp berildi. Bu ýerde Aýratyn dolandyryş etrabynyň hökümeti döredildi. “Bir döwlet, iki gurluş” ýörelgesi saklanyp, Gonkongyň köp babatda erkinligini saklap galdyrýar.
 
1999-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Aomyn (Makao) Hytaýa gaýtarylyp berildi. Ol 1553-nji ýyldan bäri Portugaliýanyň bakna mülki bolupdy.
 
Hytaýa degişli bolan Taýwan adasy 1590-njy ýylda portugallar tarapyndan basylyp alnypdy. Simotoseku şertnamasyna (1895) görä Ýaponiýa Taýwany Hytaýdan bölüp aýrypdy. 1949-njy ýylda Hytaýda halk ynkylaby ýeňenden soň gomindançylaryň galyndylary Taýwana gaçyp, ol ýerde “Hytaý Respublikasyny” jar etdiler. 1949-1971-nji ýyllar aralygynda Taýwan hökümeti kanuny däl ýagdaýda BMG-de Hytaýa wekilçilik etdi.
 
Den Sýaopiniň teklibi bilen 1979-njy ýyldan başlap “bir döwlet, iki gurluş” ýörelgesiniň esasynda Taýwany Hytaýa birikdirmek hereketi başlandy. Emma 1988-nji ýyldan başlap Taýwanyň dolandyryjylary bölünijilik syýasatyny ýöretdi. 2000-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Taýwanda demokratik güýçler ýeňiş gazanyp, Gomindan partiýasy häkimiýetden çetleşdirildi. Umuman, Hytaý daşary syýasatda ýurduň bütewiligini saklap galdyrmak syýasatyny ýöredýär. Hytaý diňe Taýwanyň Hytaýyň aýrylmaz bölegidigini ykrar edýän döwletler bilen gatnaşyk edýär.
 
== Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklary ==
1991-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda iki döwletiň arasynda ilçileriň derejesinde diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şol ýylyň 19-23-nji noýabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hytaýa ilkinji resmi sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda täze sepgitleri açdy. 1994-nji ýylyň 20-22-nji aprelinde HHR-iň Döwlet geňeşiniň başlygy Li Peniň Türkmenistana resmi sapary boldy. 1998-nji ýylyň 30-njy awgustyndan 4-nji sentýabryna çenli aralykda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hytaýa ikinji gezek resmi sapary boldy. Türkmenistanyň ýolbaşçysy Szýan Szemin bilen duşuşygynda Türkmenistanyň Hytaý ýaly beýik döwletiň tejribelerini öwrenýändigi barada: “Biziň “10 ýyl abadançylyk” geçiş maksatnamamyz siziň tejribeleriňiziň gös-göni täsiri esasynda döredi” diýip belledi.
 
Şu güne çenli Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda döwletara we hökümetara resminamalaryň 30-a golaýyna gol çekildi. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, medeni we bilim ugurlarynda alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 50 mln. dollardan geçdi. Türkmenistanda Hytaýyň maýadarlarynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 10-sy gurulýar. Hytaý hünärmenleri Günbatar Türkmenistanda nebit ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşýarlar. 2000-nji ýylyň 5-7-nji iýuly aralygynda HHR-iň döwlet başlygy Szýan Szeminiň Türkmenistana resmi sapary boldy.
 
Bilelikdäki türkmen-hytaý Jarnamasyndan bölek “Taraplar ähli ýurtlaryň öz syýasy, ykdysady ulgamyny we sosial gurluşyny kesgitlemäge, öz ýaşaýşyny üpjün edýän modeli saýlap almaga we öz ýurdunyň ýagdaýlaryna laýyklykda adam hukuklaryny goramaga haky bardyr. Islendik bahana bilen, şol sanda “Adam hukugynyň özygtyýarlylykdan artykmaçlygy” hakdaky tezisi we garaşsyz döwletleriň özygtyýarlylygyny dsgermezlik etmek üçin “ynsanperwer gatyşmak“ teoriýasyny peýdalanyp hem hiç bir ýurduň başga bir özygtyýarly ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmaga haky ýokdur diýip hasap edýärler”.
 
=== Şäherler ===
2,093

edits