Alyşir Nowaýy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Turkmen (gürleşme | goşantlar)
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
'''Alyşir Nowaýy''' Gündogar edebiýatynyň beýik klassik şahyry. Ony türkmen halky öz zamanasynyň uly döwlet işgäri, ökde dilçisi, tanymal sazandasy, meşhur suratkeş, zöhmetkeş halkyň hemaýatçysy, ylma, medenýete, hormat goýujy hökmünde tanaýar.
Alyşir Nowaýy
 
'''Alyşir Nowaýy''' Gündogar edebiýatynyň beýik klassik şahyry. Ony türkmen halky öz zamanasynyň uly döwlet işgäri, ökde dilçisi, tanymal sazandasy, meşhur suratkeş, zöhmetkeş halkyň hemaýatçysy, ylma, medenýete, hormat goýujy hökmünde tanaýar.
Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylda häzirki Owganystanyň Hyrat şäherinde eneden bolýar. Onuň kakasyna Kyýasetdin Kiçgene diýär ekenler. Ol Horasan şasy Ebulkasym Baburyň emeldarlarynyň biri bolupdyr. Alyşir eýýäm 4-5 ýaşlaryndaka oňa pars, türki dillerdäki eserleri okamagy öwredipdirler. Ol 6 ýaşdan başlap, Hüseýin Baýkara (Soltansöýün 1437-1505) bilen bir mekdepde okaýar. Ol Gündogar edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň eserlerini işdämenlik bilen okaýar. Mundan başgada, şol döwrüň güýçli sazandalaryndan sapak alýar. Nowaýynyň ilki gowy gören şahyry öz döwründe türki dilde eser ýazan meşhur şahyr Lutfy bolupdyr. Nowaýy türki dilde ýazan goşgularyny oňa okap berer eken. Şu zeýilli goşgularynda Alyşir “Nowaýy” (owazly) lakamyny ulanypdyr we soňra onuň ýörgünli ady Nowaýy bolup galypdyr.
Nowaýy 12-13 ýaşlaryndaka kakasy ýogalyp , şol döwrüň däbi boýunça patyşa Ebulkasymyň hyzmatynda bolmaga mejbur bolupdyr. Şol mahal Hüseýin Baýkara hem Ebulkasymyň gullugynda eken. 1456-njy ýylda Ebulkasym Nowaýyny hem-de Hüseýin Baýkarany Maşada alyp gidýär. Nowaýy bu ýerde okuwyny dowam etdirip, belli alymlar bilen tanyşýar. 1457-nji ýylda Ebulkasym Maşatda ýogalýar. Tagtdan hantama Hüseýin Baýkara Mara gaýdýar. Emma Nowaýy Maşatda galyp, okuwyny dowam etdirýär. Ol diňe edebiýat bilen meşgul bolman, matematika, filosofiýa, taryh ylymlaryna-da üns berip ugraýar. Nowaýy bu ýerde şol döwrüň görnükli şahyry hem-de alymy Abdyrahman Jamy (1414-1492) bilen tanyşýar. Onuň bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.
1464-nji ýylda Nowaýy Maşatdan Hyrada gaýdýar. 1469-njy ýylda Hüseýin Baýkara özüni Horasanyň şasy diýip yglan edýär we Nowaýyny özüne möhürdar edip alýar. 1483-1485-nji ýyllar aralygynda şahyryň iň göwrümli eserleriniň biri bolan “Perhat-Şirin” eserini öz içine alýan “Hamsany” (arap dilinden “hams”- bäş) ýazýar.
 
1487-nji ýylda bolsa Alyşir Astrabada “häkim edip bellenýär”. Nowaýy bu ýerde türki dilde ýazan goşgularyny toplap, “Manylar hazynasy” ady bilen ýygyndy (diwan) döredýär. Nowaýy Astrabatdan Hyrada dolanyp gelenden soň, agyr kesele sezewar bolýar we 1501-nji ýylyň başlaryna dünýäden ötýär. Nowaýynyň gubury Hyrat şäherinde ýerleşýär.
 
Türkmenler arasynda Nowaýynyň eserleri, ol barada döredilen rowaýatlar we şorta sözler “Myraly we Soltansöýün” (1941) we “Myraly” (1948) atlary bilen ýörite kitapça görnüşinde çap edildi.
 
Alyşir Nowaýynyň döredijilik mirasy uly göwrümli we köpugurly: ol 30 sany uly eseri öz içine alýar — diwanlar, dessanlar, ylmy we filosofiki eserler. Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň musulman halklarynyň köpasyrly medeni däp-dessurlaryny ulanmak bilen, Nowaýy diýseň özboluşly eserleri döretdi.