Alı bin Isa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
'''Ali bin İsa''' ([[Arapça]]: علي بن عيسى‎), [[Bagdat|Bagdatda]] doglandyr. IX. asyrda [[astronomiýa]], [[geografiýa]] esasan hem [[optika]] boýunça uly işler alyp baran [[Musulman]] alymydyr.
 
Ali bin Isa [[Orta asyrlar|Orta Asyrlarda]] göz hassalyklary hakynda ýazylan ilkinji eser ''Notebook of Oculist'' (Göz Lukmanynyň Depderi) atly eserini ýazandyr. Bu eser onuň [[Orta asyrlar|Orta Asyr]] [[Ýewropa|Ýewropasynda]] '''Jesu Occulist''' ady bilen tanalmagyna sebäp bolandyr. Jesu [[Latyn dili|Latyn dilinde]] Isa diýmegi aňladýar. Bu eser ilki bilen [[Pars diline]] terjime edilýär. Soňra bolsa, Latyn diline çevrilerek terjime edilip, 1497-nji ýylda [[Wenesiýada]] çap edilýär. DHasHas soňra bolsa, 1904-nji ýylda [[Hirschberg]] we [[Litter]] tarapyndan [[Nemes dili|Nemes diline]]; 1936-njy ýylda bolsa, [[Casey Wood]] tarapyndan [[Iňlis dili|Iňlis diline]] terjime edilendir. Ibn İsanyň bu kitaby, özünden soň gelen optika alymlary tarapyndan iň köp ýüz tutulan kitap çeşmelerinden biri bolandyr.
Ali bin Isa bu işlerinden başga-da 827-nji ýylda Halid bin [[Abdulmelik]] bilen bilelikde, dünýäniň töweregini ölçäp, 40.248 km. netijesini alandyrlar. Beýleki çeşmelerde bu netije 41.136 kilometrdir.