Bişr Hafi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: ''''Bişr Hafi''' (dogluşy: 767-nji ýyl, Merw, Horasan - ýogalyşy: 841-nji ýyl, Bagdat), hijri 150-nji ýylda häzirki Türkmenistanyň Merw ş...'
 
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
'''Bişr Hafi''' (dogluşy: 767-nji ýyl, [[Merw]], [[Horasan]] - ýogalyşy: 841-nji ýyl, [[Bagdat]]), hijri 150-nji ýylda häzirki [[Türkmenistan|Türkmenistanyň]] [[Merw]] şäherinde doguldy, hijri 227-nji ýylda häzirki Yragyň [[Bagdat]] şäherinde wepat boldy. Ady, Bişr bin Haris Abdurrahman, künýesi Ebu Nasrdyr.
 
Aýakýalaňaç gezendigi üçin "Hafi" lakamy bilen tanalyp, "Bişri Hafi" ady bilen meşhur bolandyr. Mazary Bagdatda we zyýarat edilýändir.
Setir 10:
Toba edip köne ýaşaýşyny terk edeninden soňra bir süre Merwde ylym öwrenip daýysy Ali bin Harşamdan ders aldy. Syýahatlara çykdy. [[Mekge]], [[Kufa]], [[Basra]], [[Şam]] we [[Liwan]] taraplaryna gitdi. Şol sebäpden Syýahatçy Sopylardan saýyldy. Iň soňunda Bagdada gelip ýerleşdi. Gezen ýerlerinde we Bagdatda döwrüniň öňde gelen alymlaryndan ylym aldy we [[hadys]] diňledi. İbrahim Sad, Abdurrahman bin Zeýd bin Eslem, Hammad bin Zeýd, Şureýk bin Abdullah, Muafa bin İmran Musuli, Weki bin Jerrah, Ebu Bekr bin Iýaş, Hafs bin Gyýas, Abdullah bin Mubarak, Isa bin Ýunus, Abdullah bin Dawud el-Haýri, Ebu Muawiýa ed-Darir, Zeýd bin Ebiz-Zerka onuň ylym alan we hadys diňlän alymlaryndan bir bölegidir.
 
Onuň ýaşan ýyllarynda esasy şäherleriň biri bolan Bagdatda, [[Ahmed bin Hanbel]], Sufýany Sewri Fudaýl bin Iýad, Muafa bin İmran we [[Ymam Mälik]] ýaly alymlaryň mejlislerinde we söhbetlerinde bolup olardan ylham aldy. Bulardan [[Hanbali mezhebi|Hanbeli]] mezhebiniň ymamy Ahmed bin Hanbel, Bişri Hafini örän gowy görýärdi.
 
[[Din]] ylymlarynda beýik alym, beýik weli Bişri Hafi, döwrüniň medisina biliminde-de söz eýesidi. Birnäçe kişä ylym öwredip, sapak berdi. Nuaým bin Heýdam, Muhammed bin Heýdam, İbrahim bin Haşim, Nasr ibn Mansur, El-Bezzar, Muhammed bin el-Musenna, Syrri-i Sekati, İbrahim bin Harbi en-Nişapury, Omar bin Musa el-Jela ýaly birnäçe alym ondan sapak alyp, hadys okandyrlar.
 
Bişri Hafi bütin ömrüni ylym öwrenmek we öwretmek bilen geçirdi. 841-nji (Hijri 227-nji) vyly[ [[Rebiulewwel]] aýynda [[Bagdat|Bagdatda]] ýogaldy.