Wikipediýa:Tassyklama: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Häzirlikçe şu ýere çenli terjime etdim, soň dowam etjek. Assa ýuwaş wikipediýa düzgünlerini Türkmençä terjime edeliň
 
Azyrak maglumat goşdum. Birazdan ýene dowam etjek
Setir 45:
Haýsydyr bir mazmun babatda sitata edilen çeşmäniň ygtybarlydygyna şüphäňiz bar bolsa [[ygtybarly çeşme geňeşi]]ne ýüz tutuň. Bu geňeş çeşmeleri derňemek üçin gurnalandyr we şu ýerdäki kriterialar esasynda derňew geçirýärler. Ygtybarly çeşme geňeşi Ygtybarly çeşmeleri anyklamak düzgünlerine eýermelidir, ikisi arasynda gapma-garşylyk ýüze çyksa bu ýerdäki düzgünler kesgitleýjidir.
 
== Adatça ygtybarsyz hasaplanylýan çeşmeler ==
 
=== Belli däl çeşmeler ===
Faktlary barlamak babatynda abraýy pes çeşmeler belli däl çeşmelerdir. Bu çeşmeler editorial barlagy gowşak bolan ýa-da gazanç üçin ýa-da bähbit üçin her hili zat çap edýän çeşmelerdir.
 
Beýle çeşmeler köplenjine beýleki çeşmeler tarapyndan ekstremist ýa-da bähbidi hasaplanylýan esassyz myş-myşly we şahsy pikirleri öz içine alýan websaýtlary esas alýarlar. Beýle çeşmeler diňe özleri baradaky makalade çeşme hökmünde ulanylyp biliner, başga şahyslar ýa-da başga zatlar üçin sitata edilmeli däldir.
 
=== Elin neşir edilen çeşmeler ===
 
Her kim özi şahsy web sahypa açyp biler ýa-da kitap çap edip biler we haýsydyr bir ugurda hünärmentdigini öňe sürüp biler. Şu sebäpden elin ýöredilýän media çeşmeleri, kitaplar, habarlar, patentler, şahsy sahypalar, açyk wiki-ler ýa-da bir topar baradaky bloglar, internet forumlary, şahsy sosial media hasaplardaky neşirler adatça ygtybarly çeşme hökmünde hasap edilmeýär. Bir hünärmentiň hünärmentlik ugrundaky elin neşiri ygtybarly çeşme hökmünde görlüp biliner eger-de ol hünärment bu işinden öňki işleri ygtybarly 3-nji şahys metbugat öýleri tarapyndan çap edilen bolsa. Beýle çeşmelere seresaply çemeleşiň, eger-de ulanmakçy beýle materialyňyz ulanylmaga laýyk bolsady megerem kimdir biri bu materialy ygtybarly garaşsyz çeşmede bireýýäm ulanardy. Diri şahsyýetler baradaky makalalarda asla elin çeşmeleri ulanmaň, eser awtory bu ugurda hünärment ýa-da professional ýazyjy ýa-da gözlegçi hem bolsa.