Azerbaýjan taryhy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj Kategoriýa + Salgylanmasyz statusy goşdum
Setir 1:
{{Salgylanma ýok}}
 
==XVI-XVIII asyrlarda==
[[Azerbaýjan]] Sefewiler döwründe Osmanly-sefewi urşy Sefewi türkmenleriň hökümdarlygyny XVI asyryň ahyrlarynda Ysmaýyl I ([[1501]]-[[1524]]) esaslandyrýar. [[1500]]-[[1501]]-nji ýylda Sefewiler Şirwan şasy Farruh Ýasaryň goşunyny derbi- dagyn edip Semahy we Bakuwy eýeleýärler. Soňra bolsa günorta tarap Nahiçewana süýşýärler. Bu ýerde [[1501]]-nji ýylda Ysmaýyl Akgoýunly döwletiniň esasy güýjüni ýeňlişe sezewar edýär. Ol şol ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda Töwrize girýär. Şol ýerde şa täjini geýmek bilen özüni Azerbaýjanyň şasy diýip yglan edýär. Ysmaýyl şa döwletiň paýtagty edip Töwriz şäherini saýlaýar. XVI asyryň başlarynda Merkezi Aziýada Temirler döwletini ýykan Muhammet Şeýbany han ([[1500]]-[[1510]]) güýçli döwlet gurup, Sefewiler döwletiniň garşysyna durýar. [[1510]]-nji ýylda Ysmaýyl şa Şeýbany hany ýeňip, [[Horasan]]y Şeýbanylaryň elinden alýar. Sefewileriň günbatara süýşmegi bolsa Osmanly döwleti tarapyndan güýçli garşylyga sezewar bolýar. Şeýlelikde, [[1514]]-nji ýylda Çaldyran düzlüginde gazaply söweş bolup, söweşde Ysmaýyl I goşuny soltan Selim I goşunyndan ýeňilýär. Şol söweşden soň, ysmaýyl şa uly söweşlere gatnaşmandyr we 1524-nji ýylda 35 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Tagta Ysmaýylyň ogly Tahmasp I ([[1524]]-[[1576]]) çykypdyr. Tutuş XVI asyryň dowamynda Osmanly döwleti [[Azerbaýjan]]y basyp almak meýlinden el üzmändir. Osmanly hökümdary soltan Süleýman [[Azerbaýjan]]yň üstüne dört gezek [[(1534]], [[1535]], [[1548]], [[1554]]) ýöriş edipdir. Söweşiň gidişinde osman goşunlary Töwriz şäherini basyp alýarlar we rehimsizlik bilen talaýarlar. Urşuň netijesinde [[1555]]-nji ýylda Amasýa şäherinde iki döwlet arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Şertnama boýunça Gündogar Ermenistan, Gündogar Gürjüstan we [[Azerbaýjan]] Sefewiler döwletiniň düzüminde galýar. Osmanly döwletiniň [[Azerbaýjan]]y basyp alyp, Kaspiý deňziniň kenarlaryna çykmak meýli başa barmaýar. [[1576]]-njy ýylda Tahmasp I ölenden soň, onuň ogullarynyň tagt ugrundaky özara dawalary başlanýar. Ýokary gatlak wekilleriniň goldamagynda tagta Ysmaýyl II ([[1576]]-[[1577]]) çykýar. Emma ol ýyl ýarym geçensoň dildüwşülip öldürilýär. Sefewiler döwletiniň içki agzalalygyndan Osman soltany Myrat III peýdalanypdyr. [[1578]]-nji ýylda ýüz müň adamdan ybarat osman goşuny Zakawkazýa çozýar. Netijede, on iki ýyla çeken uruş başlanýar. Basyp alyjylar Şemahy, [[Derbend]]i we Şirwany alýarlar. Şol bir wagtda Osmanlylary goldap Sefewileriň üstüne Krym hanlygy hem çozuş edýär. Sefewiler bir wagtyň özünde hem Osmanly döwletiniň hem Krym hanlygynyň garşysyna göreşmeli bolupdyr. Osman soltany Myrat III uly ýitgiler çekip, tutuş Zakawkaziýany şeýle hem [[Azerbaýjan]]y basyp alypdyr. [[1590]]-njy ýylda Stambul şertnamasy boýunça Sefewiler döwletiniň patyşasy [[Abbas I]] ([[1587]]-[[1629]]) [[Azerbaýjan]]yň günorta-gündogar böleginden galanyny Osman döwletine bermäge razy bolýar. Osman döwletiniň [[Azerbaýjan]]y basyp almagy XVII asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. [[Azerbaýjan]]yň territoriýasyndan Osman goşunlaryny çykarmak maksady bilen [[Abbas I]] birnäçe reformalary geçirýär. Ol Azerbaýjanyň tertip-düzgünli goşunyny döredýär. Merkezi häkimiýeti berkidýär. [[1598]]-nji ýylda Sefewiler döwletiniň paýtagtyny Kazwinden Eýranyň Yspyhan şäherine geçirýär. Abbasylaryň döwründe döwlet dili azerbaýjan dili bolupdyr. [[1607]]-nji ýylda [[Abbas I]] Osmanly döwletinden tutuş [[Azerbaýjan]]y, şeýle hem Ermenistanyň we Gürjistanyň bir bölegini yzyna almagy başarýar. Osman-sefewi urşy ara wagt salnyp, tä [[1639]]-njy ýyla çenli dowam edýär. Urşuň netijesi Sefewiler döwletiniň ýeňşi bilen gutarýar.
Line 13 ⟶ 15:
 
[[Kategoriýa:Azerbaýjan taryhy| ]]
[[Kategoriýa:Taryh]]
[[Kategoriýa:SSSR]]