Wikipediýa:Mynasyplyk: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Wikipediýa ýörelgelerini esaslandyrmak üçin ädimler. Makala giňeldilmeli, ýene üstünde işläris. Ulanyjylar bolup geňeşip dowam edeli
 
Uly möçberde tamamladym, ýene dowam etjek
Setir 1:
Mynasyplyk, Bir mowzugyň Wikipediýada öz başyna bir makala açylmagyna mynasypmy ýa-da däldigini kesgitlemek üçin ulanylýan ýörelge.<br>
== Mynasyplyk kriteriýalarygollanmasy ==
=== Mynasyplyk kriteriýalary ===
Bir mowzuk birnäçe bitarap, abraýly we [https://tk.wikipedia.org/wiki/Wikipedi%C3%BDa:Tassyklama#Ygtybarly_%C3%A7e%C5%9Fmeler ygtybarly çeşme] tarapyndan ähmiýetli biçüwde we giňişleýin hasaba alynan bolsa we ol mowzuk "Wikipediýa näme däldir" kadalaryna girmeýän bolsa onda ol mowzuk Wikipediýada özbaşyna makalasy bolmagyna mynasyp hasaplanýarsaýylýar.
* Ähmiýetli biçüw: Mowzuk ol çeşmede gönüden öz başyna hasaba alynan bolmaly. [https://tk.wikipedia.org/wiki/Wikipedi%C3%BDa:Elin_g%C3%B6zleg_gadagan Elin gözleg]e zerurlyk galdyrmajak biçüwde bolsa bu mowzuk Wikipediýa mynasyp hasaplanýar.
* Birnäçe ygtybarly çeşme diýlende biri-birinden garaşsyz we biri-birinden tapawutly çeşmeler gözöňünde tutulýar. Çeşme sany çeşmeleriň hiline baglydyr. Çeşmeler bitarap nukdaýnazara eýerýändigi we ygtybarlydygy anyklamaga elýeter bolmaly.
* Mynasyp saýylýar diýilmegi mynasypdygyna kepil geçýär diýip teswirlenmeli däldir, bu mowzuk özbaşyna makala ýazylmagy üçin uly ähtimallyga eýedir. Beýle mowzuk meselem haýsydyr bir mowzugyň içinde aýratyn bölüme ýerleşdirilmegi mümkindir ýa-da bu mowzuk "Wikipediýa näme däldir?" kadalaryna gabat gelýän bolup biler, şu sebäpden bir makala özbaşyna sahypa eýe bolmaga mynasypdygy ýa däldigi çekeleşige açykdyr.
 
Bu kriteriýalar Mynasyplyk kadalarynyň düýp ýörelgesidir. Eger-de bir mowzuk bu kriteriýalara gabat gelmeýän emma şonda-da giňden meşhur bolan bir mowzuk bolsa onda ol başga makalanyň içinde ýerleşmegi çekeleşilip bilner.
 
=== Mynasyplyk kadalary makalalar üçindir, makala mazmuny üçin däl ===
Makala içine alynjak maglumatlar ýa-da materiallar Mynasyplyk kadalaryna tabyn däldir. Olar [[Wikipediýa:Tassyklama]], [[Wikipediýa:Bitarap nukdaýnazar]] we [[Wikipediýa:Elin gözleg gadagan]] kadalaryna tabyndyr.
== Mynasyplyk nämedir - näme däldir ==
=== Makala mazmuny mynasyplyga täsir etmeýär ===
Mynasyplyk statusy makala mowzugy üçindir, makala içinde üpjün ediljek maglumatlar näçe pes hilli ýa-da az bolsa hem sahypa öz başyna bar bolmaga dowam edip biljekdigine ýa-da däldigine täsir etmez. Makala mazmuny garyp bolsa o makala "Ownuk makala" statusy berilmelidir, özbaşdak makala mynasyp däl diýlip öçürlip bilinmez. Eger makala mazmuny baý emma taraply ýa-da elin gözleg bolsa degişli kadalara görä şablon ýerleşdiriler, makala mazmuny taraply ýa-da elin gözleg netijesi bolmagy o makalanyň mynasyplygyna garşy sebäp hökmünde ulanylyp bilinmez.
 
=== Mynasyplyk üçin tassyklanyp bilinjek delil hökmanydyr ===
Bir mowzuk mynasyp saýylmagy üçin ýeterlik üns çekendigi barada delil bolmalydyr. Bir makalanyň özbaşyna makala bolmagyny anyklamak isleýän ulanyjy o makala ýeterlik çeşmeden üns görendigini anyklap bilmelidir.
==== Mynasyplyk jaýdar çeşmeleriň barlygyna baglydyr, makalada ýeterlik çeşme sitata edilmegine däl ====
Makalada ýeterlik ýa-da hiç çeşme ýok bolmagy makalanyň mynasyp däldigini aňlatmaýar. Mynasyplyk bu mowzugyň ýeterlikli çeşmelerden üns çekip çekmändigine bagly, o çeşmeleriň sitata edilendigine ýa-da edilmändigine däl. Meselem haýsydyr bir o diýen meşhur däl bir şahyr bir näçe ygtyýarly resmiler tarapyndan (meselem ýokary okuw we orta mekdep gollanmalary) hasaba alnan bolsa o şahyr özbaşyna sahypa mynasypdyr.
 
=== Mynasyplyk wagtlaýyn däldir ===
Bir makala bir döwürde Mynasyplyk derejesine ýeten bolsa we indi beýle däl bolsa (meselem 1950-nji ýyldaky aýdymçylar häzir ýeterlik derejede meşhur däldir, häzir üns çekýänem däldir belki) bu sahypa Wikipediadan öçürilmeli däldir, Mynasyplyk statusyna ýeten mowzuk hemişe mynasyp saýylmalydyr.
 
== Mynasyplyk kadalary nämä gerek? ==
Mynasyplyk talaplary bolmasa Wikipediýa her mowzuga ýer bermeli bolar. Mundanam daşary:
* Wikipediýa üçin giňişleýin hasaba alynmak zerurdyr bir mowzuk üstündäki makala diňe bir gysga kesgitleme ýa-da ýarym abzas bilen çäklenmezligi üçin.
* Ygtybarly çeşmeler Wikipediýa üçin hökmanydyr her gabat gelen gybat Wikipediýa ýazylmagy üçin.
* Bitarap 3-nji tarap çeşmeler hökmanydyr Wikipediýa her mowzuga adyl we deň çemeleşip bilmegi üçin; haýsydyr bir tarapyň propogandasyny ýa-da garalamasyny ýaýratmazlyk üçin.
* Birnäçe çeşme hökmanydyr giňişleýin we köp taraply maglumat üpjün edip bilmek üçin.
* Bitarap nukdaýnazar, Elin gözleg gadaganlygy we Tassyklama hökmanydyr Wikipediýada her kim öz bähbidini ýa-da garaýşyny öňe çykarmazlygy üçin.
Bu kriteriýalaryň ählisi düýp ýörelgelerdigi üçin ähli makalalar bu kadalara tabyndyr.
 
== Adatdan daşary ýagdaýlar ==