Wikipediýa:Mynasyplyk: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Uly möçberde tamamladym, ýene dowam etjek
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 33:
 
== Adatdan daşary ýagdaýlar ==
=== Mahabat, ýaýbaňlandyrma we meşhurlyk ===
Meşhurlyk Wikipediýa mynasyplyk däldir, bir mowzuk meşhur bolmagy ony göni mynasyp derejä çykarmaýar.
 
Wikipediýa [http://enedilim.com/sozluk/soz/%C3%BDa%C3%BDba%C5%88landyrmak ýaýbaňlandyrma] ýeri däldir. Tölegli ýaýbaňlandyrma, elin-ýaýbaňlandyrma, önüm ýaýbaňlandyrma ýaly maglumat berýän ýa-da mowzugy hasaba alýan çeşmeler mynasyplyga güwä geçmeýär. Mowzugyň mynasyp saýylmagy üçin garaşsyz we bitarap çeşmeler hökmanydyr.
 
=== Wakalar ===
Wikipediýa habar beriş serişdesi däldir, haýsydyr bir habar beriş serişdesi tarapyndan habar edilen waka gönümel mynasyp däldir. Metbugat jarnamalary, jemgyýetçilik jarnamalary, sport wakalarynyň beýany ýa-da mini-žurnalizm mynasyplyk üçin möhüm hasabat däldir. Hat-da metbugat tarapyndan giňişleýin beýanat hem mynasyplyga ýetmän biler eger-de waka tankydy göz bilen hem hasaba alynmadyk bolsa.
 
== Mynasyp däl makalanyň üstünden barylsa näme etmeli? ==
Mynasyplyga gabat gelmeýän makalalar makala statusyny gorap bilmeýär. Bagly ýa-da ugurdaş bir mowzugydaky özbaşdak makala bölüm hökmünde ýerleşdirlip biliner, eger beýle sahypa ýok bolsa onda mynasyp däl sahypa adatça öçürilýär.
 
Eger makala mynasyplyk şertleri bolan birnäçe çeşme talabyny üpjün etmeýän bolsa ulanyjylar özleri akýüreklilik bilen esas gözläp bilerler ýa-da:
* Makala döredijisine ýa-da Wikipediýa jemgyýetindäkilere bu barada geňeşip bilerler;
* Makala {{<nowiki>Mynasyplyk</nowiki>}} şablonyny ýerleşdirip bilerler;
Eger akýürekli gözlegden soňra hem degişli mowzuk mynasyplyk şertlerine gabat gelmeýän bolsa ony birleşdirer ýaly sahypa gözläň. Ol hem ýok bolsa onda öçürilmegi talap edilip biliner we sahypa öçürilmelidir.