Bronhit: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj Gaýryensiklopedik mazmuny öçürdim. Serediň: Wikipediýa näme däldir Kemter we esassyz statusy berdim.
Setir 1:
{{Esassyz}}{{Ösdür}}[[Faýl:Bronhit.jpg|right|frame]]
'''Bronhit''' ({{lang-lat|bronchitis}}, [[bronh]] + ''-itis'' — sowuklama) — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.
==== Ýiti bronhit ====
Setir 18:
 
Kesel başlanyndan soň, goýy gakylyk emele gelýär we üsgülewük az-kem ýeňleýär. Näsagyň özüni duýşy gowulaşýar. Adatça kesel bir-iki hepde dowam edýär. Emma üsgülewük bir aýa çekip bilýär.Ýiti bronhitde dem almak has kynlaşýar. Ýiti bronhit dowamly bronhite geçip bilýär.
 
==== Ýiti bronhitiň bejerilişi ====
Ýiti bronhitde düşekde ýatmak we azrak hereket etmek maslahat berilýär. Bu örän wajypdyr! Köp hereket edilende, dem alyş ulgamyna agram düşýär. Ýiti bronhitde oňat iýmitlenmek gerek, derman ösümlikli çaý, mineral suw we soda garylan süýt ýaly ýyly içgileri içmek zerurdyr.
 
Çilim çekmek düýbünden gadagandyr!
 
Döşüňize we ýagyrnyňyza bankalary ýa-da burçly gyzdyrgyçlary diňe lukmanyň görkezmesi bilen ýapmalydyr.
 
Gakylyk ýeňillik bilen gopup çykar ýaly we üsgülewük azalar ýaly, derman serişdeler hem ulanylýar (aspirin, parasetamol, bromgeksin, kodein, libeksin we ş.m.). Bugdan dem alma (ingalýasiýa) hem ýiti bronhiti bejermekde örän peýdalydyr. Ýörite ingalýatorlar bolmasa, öý şertlerinde hem ingalýasiýa etmek bolýar. Bug ingaliýasiýasy üçin pitijige 4-5 bulgur suw guýup, derman serişdesini atyp, gyzdyrmaly. Pitiden çykýan bugdan dem almak üçin, üstüňize desmal ýapyp bilersiňiz. Ýüzüňiz buguň çykýan ýerinden 20-30 sm aralykda bolmaly. Şeýle ýyladyş ingaliýasiýalaryny 3-5 günüň dowamynda günde birnäçe gezek 5 minut etmeli.
Gakylyk iriňli bolmasa, antibiotikleri ulanmaly däldir. Olar bronhitiň diňe ýiti görnüşinde ulanylýar.
 
Bronhitiň ýene-de bir görnüşi- dowamly bronhitdir. Dowamly bronhit dünýäde iň giň ýaýran keselleriň biridir. Diňe Russiýa Federasiýasynda dowamly bronhit bilen kesellanleriň iki milliondan gowragy ýaşaýar. Bu bronhial demgysmaly näsaglardan iki esse köpdür. Dowamly bronhitiň şeýle giň ýaýrandygy sebäpli, tä demgysma, ysgynsyzlyk ýüze çykýança, biz lukmana ýüz tutmaýarys.
 
Dowamly bronhitiň ýene-de bir aýratynlygy onuň ösüşiniň çilimkeşlik bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýanlygyndadyr. Bu çilim çekýänlerde we çilim çekýäniň ýanynda tüssesinden dem alýanlarda hem deň derejede ýüze çykýar. „Çilimkeşiň bronhiti“ diýen ýörite adalga-da bar. Çilim çekýänler öz üsgülewigine şeýle bir öwrenişýärler, hatda onuň bronhitiň esasy alamatydygyna hem üns bermeýärler. Senagat taýdan ösen ýurtlaryň ilatynyň arasynda bronhitiň ýylsaýyn artýandygy bellenilýär.
 
Dowamly bronhit erkek adamlarda has ýygy duş gelýär. Kesel ýaşlykdan dowamly başlanýar. Gakylykly üsgülewük dowamly bronhitiň esasy alamatydyr. Dowamly bronhitde keseliň gowşamagy ýitileşme bilen gezekleşip durýar. Dowamly bronhit köplenç sowukda, ýaramaz howa şertlerinde, sowuklamada respirator wirus ýokançlyklarda döräp bilýär. Keseliň aýdyň kliniki alamatlary adatça 40-50 we ondan ýokary ýaşdaky adamlarda ýüze çykýar.Üsgülewük keseliň esasy alamaty bolup, ol indi hemişelik häsiýete eýedir. Dowamly bronhitiň ýitileşen döwründe üsgülewük güýjeýär, gakylyk iriňli bolýar we onuň mukdary artýar, bedeniň gyzgyny 37-38Сº ýetýär, üşütme, derleme, umumy ýarawsyzlyk ýüze çykýar. Obstruktiw(bronhlaryň gysylmasy bilen geçýän) bronhitde bu alamatlara beterleşýän demgysma hem goşulýar.
 
Dowamly bronhitiň ýitileşýän döwründe, leýkositleriň sany artýar.
 
Dowamly bronhitiň bejerilmeginiň maksatlary:
# Bronhlaryň doly şikeslenmesiniň tizligini gowşatmak;
# Ýitileşmeleriň ýygylygyny azaltmak;
# Gowulaşma döwrüni uzaltmak;
# Fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak;
# Durmuş we ýaşaýyş şertleri gowulandyrmak (işde we öýde).
Dowamly bronhitiň ýitileşýän döwründe näsag günüň köp bölegini ýerinden turman ýatmaly, onuň bolýan otagy gury, ýyly, oňat şemalladylan bolmaly. Gyşda otag şemalladylanda, näsagyň üstüni ýyly, galyň ýorgan bilen basyrmaly, ýüzüni penjireden sowmaly, sebäbi sowuk howa üsgülewügi güýçlendirip bilýär. Näsag öte gyzgyn otagda hem özüni oňat duýmaýar, ýöne ony şemal geçýän ýerlerden hem daşda saklamaly. Otag aşa gurak hem bolmaly däl. Şonuň üçin, peçleriň ýanynda içi suwly uly gaplary goýmaly, gyzgyn batareýleriň üstüne bolsa çyg mata ýapmaly. Dowamly bronhit ýitileşende ýokary kuwwatlylykly ýokumly tagamlary iýmeli. Onda belok we C witamini ýeterlik bolmaly. Lukmanyň görkezmesi bilen size fiziobejergi emler we bejeriş maşklary bellenilip biliner.
 
Keseli bejereniňden, wagtynda onuň öňüni almak has ähmiýetlidir. Bronhite ýazmaz ýaly, dem alyş agzalaryň we badam şekilli mäziň sowuklamasy ýaly keselleri wagtynda bejermeli. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, lukmana ýüz tutuň. Ol size zerur barlaglary we derman serişdelerini , beýleki bejeriş emleri geçirmegi maslahat berer.
 
Üsgülewüge garşy halk arasynda giňden ulanylýan derman ösümlikleri barada hem unutmaň. Olaryň birnäçesini size ýatladýarys:
* Gara turpy gyrgyçdan geçirip, suwuny süzüp alyň. Oňa 400 gram suwuk ary balyny garyň. Bu şiräni nahardan we ýatmazdan öň 2 n.ç. içiň.
* Atgulagyň ýapraklaryndan demleme taýýarlamak üçin, atgulagyň ýapraklaryndan 10 gram alyp, üstüne 200 ml gaýnag suw guýmaly. Soňra sowadyp süzmeli, günde 6 gezek 1-2 n.ç. içmeli.
* Sarymsagyň bir tokgasyny we düýp soganyň 10 sanysyny ownuk dograp, ýumşaýança süýtde gaýnatmaly. Soňra 1 ç.ç. narpyzyň şiresini we 1 n.ç. ary balyny garmaly. Günüň dowamynda 1 n.ç. içmeli.
* Mandariniň gabyklaryny gaýnadyp, süzmeli. Günde 3 gezek nahardan öň 2-3 n.ç. içmeli.
Şeýle emleri wagtly-wagtynda berjaý etseňiz, üsgülewuk ýeňlär we gakylyk dem alyş ýollaryna dykylman, aňsatlyk bilen gopup aýrylar.
 
[[Kategoriýa:Pulmonologiýa]]