Şarl Monteskýu: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Birazdan dowam etjek
 
Entek doly däl. Dowam edýän
Setir 2:
 
== Biografiýasy ==
 
== Bibliografiýa ==
 
* Kanunlaryň ruhy (''De l'Esprit des Lois'')
 
== Dünýägaraýyşlary ==
Monteskýu ilkinji pozitiwistlerden we sosilogiýa ylmynyň ilkinjilerinden hasaplanýar.<ref>GOYARD - FABRE, S., La philosophie du droit de Montesquieu, Paris 1973, 57-nji sahypa</ref>
 
=== Kanunlar baradaky dünýägaraýşy<ref name=":0">Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 196-199-njy sahypalar. Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary üçin gollanma kitap.</ref> ===
Monstekýu kanuny "goşuň tebigatyndan dogan mejbury gatnaşyklar" diýip kesgitleýär we Monstekýuwa görä hemme zadyň, ýaradylanlaryň; maddy dünýäniň; ynsandan ýokary barlyklaryň, haýwanlaryň we ş.m. ählisiniň kanunlary bardyr. Monstekýuwa görä Taňry ýaradyjy we esewançy sypatyndadyr, älemi kanunlara eýerip ýaradandyr. Monteskýuwa görä jismi ugrukdyrýan kanunlar kimin ynsanlary dolandyrýan kanunlar bardyr.
 
Monstekýuwa görä ynsanlar maddy barlyklardyr we ebedi kanunlar arkaly dolandyrylýandyr, taňry ynsanlara dini kanunlar bilen ýol görkezýändir. Ynsanyň tebigy we fiziki gurluşyna esaslanýan tebigy kanunlar bardyr. Parahatçylyk ilkinji kanundyr, ikinji kanun iýmitlenmedir, üçünji kanun nesil dowamatydyr, dördünji kanun bolsa öwrenme islegidir.
 
Halklar we jemgyýetler arasy gatnaşyk döwlet hukuky bilen berjaý edilmelidir, dolandyryjylar we dolandyrylanlar arasyndaky gatnaşyk syýasy hukuk arkaly berjaý edilmeli, kişiler arasyndaky gatnaşyk medeni hukuk arkaly berjaý edilmelidir.
 
Monteskýuwa görä her kanun öz jemgyýetine muwapykdyr, başga jemgyýetler üçin uýgun bolman biler. Kanunlar muwapyk jemgyýetiniň häsiýetine jaýdar bolmaly.
 
Monstekýu gulçylyga garşydyr. Monstekýu zenany gul hasaplaýan aňyýetiň klimat şertlerine baglydygyny öňe sürýär. Ol aýtmyşlaýyn yssy klimatlarda ýetginjeklik ýaşy irdir we durmuş gurma ýaşy hem şeýle irdir. Beýle klimatlarda poligamiýanyň (köp aýallylyk) ýaýbaňdygyny hem belläp geçýär Monteskýu.
 
Monsteksýu taňry kanunlaryny we tebigy kanunlaryny ynsan kanunlaryna ýol görkeziji diýip kesgitleýär.<ref name=":0" />
 
Monsteskýu sowuk klimatlarda - ýewropada - erkinlige esaslanan administrasiýa gurulýandygyny, yssy klimatlardaky sebitlerde - Aziýada - gulçylyk ýörgünlidigini belläp geçýär.<ref>Mostesquieu, a.g.e., L. XVI, 2.bap 523-nji sahypa</ref>
 
=== Dolandyryş biçimleri baradaky garaýyşlary<ref name=":1">Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 199-200-nji sahypalar.</ref> ===
Monteskýu 3 dolandyryş görnüşi barada dil ýarýar: Respublika, monarhiýa we despotizm ýa-da zalymlyk.
 
Respublikany Mosteskýu "halkyň ählisiniň ýa-da bir böleginiň hökmürowan güýje eýe bolmagy" hökmünde kesgitleýär. Oňa görä Respublika dolandyryşy öz içinde 2-ä bölünýär: demokratiýa we aristokratiýa. Güýç halkyň ählisinde bolsa bu demokratiýadyr, belli bir azlyk toparda bolsa onda bu aristokratiýadyr.
 
Monteksýu monarhiýany diňe bir kişiniň kanunlara tabynlykda ýurdy dolandyrmagy diýip kesgitleýär. Despotizmi bolsa diňe bir kişiniň kanunlary äsgermän garawsyz dolandyrmagy diýip kesgitlegýär.<ref name=":1" />
 
=== Demokratiýa hakdaky garaýyşlary<ref>Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 200 - 201-nji sahypalar</ref> ===
Mosteskýu demokratiýany halkyň hem dolandyrmagy hem dolandyrylmagy diýip kesgitleýär. Oňa görä hökmürowan güýje eýe halk elýeter işleri özi etmelidir, elýeterli däl işleri wekiline tabşyrmalydyr. Monteskýu halkyň şalar ýaly, belki şalardanam öte, wekillerden emele gelen geňeş tarapyndan dolandyrylmagy tarapdary. Bu geňeş agzalarynyň halk tarapyndan saýlanmagy tarapdary.
 
=== Erkinlikler we güýçler üzňeligi meselesi ===
Monteksýu erkinlik sözi kimin köpmanyly söz ýokdygyny belläp geçýär. Monteskýu erkinligiň her kimiň her isläni edip bilmegi däl, kanunly - tertipli jemgyýetde islemegi ýeg bolan zady edip bilmegidigini, islemezligi ýeg zady edip bilmezligidigini belläp geçýär.
 
==== Güýçler üzňeligi ====
 
== Salgylanmalar ==