Ýapon dili: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gaýryensiklopedik mazmuny öçürdimm. Esassyz şablony ýerleşdirdim
Setir 1:
{{Esassyz}}[[Faýl:Map Japanese SpeakingWorld.png|right|322x322px]]
 
'''Ýapon dili''' ''(“Nihingo”, aýdylyşy “nihingo”, “nihöňňo”; {{lang-ja|日本語}})'' —dünýäniň iň ösen döwletleriň biri bolan Ýaponiýanyň—Ýaponiýanyň ilatynyň milli dili bolup, dünýäde bu diliň 125 million adamdan gowrak ulanyjysy bardyr. Ol ýapon günorta-günbatar adalarynyň diller maşgalasynyň agzasydyr we mundan başga-da onuň koreý-altaý diller maşgalasyna gatnaşygynyň barlygy hakynda hem aýdylýar. Grammatik we sözlük aýratynlyklary esasynda bu diliň 2 görnüşi bardyr, ýagny hyöjungo-“standart ýapon dili” we kyötsügo-“umumy ýapon dili”. Standart ýapon dili (hyöjungo) syýasy dil hökmünde 1900-nji ýyla çenli ulanylypdyr. Soňra umumy ýapon dili (kyötsügo) ulanylyşa giripdir. Ýapon diliniň kýötsügo görnüşi häzirki wagtda gürleýişde ulanylsa-da, mekdepde okuwlar, teleradio gepleşikleri we syýasy resminama işleri hyöjungo görnüşinde alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýapon dili [[Ýaponiýa]]da we Ýaponiýanyň daşyndaky döwletlerde jemi 130 million adam tarapyndan ulanylýar. Ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň hatarynda dokuzynjy bolup durýar. Ýapon dili ýapon ýa-da ýapon-rýukýuan dil maşgalasyna degişli bolup durýar. Ýapon dili bilen baglanşykda ençeme dil maşgalasy agzalyp geçilýär ýöne bularyň hiç birisi hem alymlar tarapyndan biragyzdan kabul edilen däldir. Ýapon dili agglutinatiw dillerden bolmak bilen birlikde bu dilde hormat bilen ýüzlenmek üçin örän köp görnüşli sözler bardyr. Bu bolsa ýapon jemgyýetiniň köp gatlaklylygy bilen düşündirilip biliner.
 
Ýapon dili üç sany ýazgy arkaly ýagny üýtgedilen hytaý harplary (başgaça ady kanji), üýtgedilen hytaý harplarynyň iki bogunly görnüşi (başgaça ady hiragana) we katakana atly harplardan düzülendir. Döwrebäp ýapon dilinde latyn elipbiýi hem (ýapon dilinde romaji) ulanylýar. Latyn elipbiýi esasan şereketleriň ady, reklamalarda we ýapon harplary kompýutere geçirilende ulanylýar. San hökmünde bolsa arap sanlaryndan başga-da sino-ýapon (ýapon sanlary) giňden ulanylýar.
Setir 8:
Ýapon dili diňe Ýaponiýanyň çäginde geplenilýär diýsek ýalňyş bolar. Ýaponiýa Koreany, Taýwany, Hytaýyň käbir ýerlerini ,Filippinleri we [[Ýuwaş okean]]daky käbir ýerleri ikinji jahan urşy wagtlarynda basyp alypdyr.
== Ýapon diliniň taryhy we aýratynlyklary ==
Ýapon diliniň taryhy hakynda aýdylanda bolsa, Ýaponiýadaky ýerli ilatyň dili we şiwesi II asyryň başlarynda Ýewropa ýakyn bolan aziýalylaryň we Ýuwaş umman adalarynyň ýaşaýjylarynyň gelmegi bilen üýtgänligi çaklanylýar. Emele gelen dili bolsa ýapon günorta-günbatar adalarynyň dilleri diýlip atlandyrylypdyr. III asyra degişli Hytaý resmi-iş kagyzlarynda gadymy ýapon sözleriniň birnäçesi gabat gelýär. Emma tutuşlygyna ýapon dilinde ýazylan resminamalara diňe 8 asyrdan soň gabat gelinýär. Ýapon diliniň köki hytaý dilinden gaýdan bolmasa-da, hytaý diliniň gadymy ýapon diline eden täsiri güýçli bolupdyr. Muny ýapon dilinde duşýan birnäçe hytaý sözleri bile düşündirmek bolar. Häzirki zaman ýapon dilinde bolsa ýewropa dillerinden gaýdýan birnäçe alynma sözlere hem gabat gelinýär.
 
Ýapon diliniň döwürleri: