Wikipediýa:Bitarap nukdaýnazar: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj Depesine Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri möhrüni ýerleşdirdim
Ýene dowam etjek
Bellik: 2017 source edit
Setir 23:
 
=== Atlandyrmak ===
Käbir ýagdaýlarda belli bir sahypa at goýmak tarapgöýlük ýaly görnüp biler. Adatça Bitarap atlar ileri tutulýan bolsa hem anyklyk üçin bu babatdaky pozisiýa hem deňlenilmelidir. Eger-de bir at ýörgünli we ygtybarly çeşmeler tarapyndan giňden ulanylýan we okyjylar tarapyndan tanalma ähtimallygy has ýokary bolsa onda bu at belli bir topar ýa-da okyjylaryň bir bölegi tarapyndan tarapgöý görünjek bolsa hem ulanylmak üçin ileri tutulyp ýa-da ulanylyp biliner. Meselem "Ermeni genosidi" ady giňden ulanylýan adalgadyr, käbir ýörgünli çeşmeler muny tapawutly atlandyrýar, a beýlekiler bolsa "Ermeni genosidi" hökmünde atlandyrýar. Şuňa meňzeş ýagdaýlarda adyň ýörgünliligi we has köpler tarapyndan ulaşylmagy üçin "Ermeni genosidi" ady ileri tutulyp biliner. Bir waka ýa-da nämedir bir görnüş üçin dürli atlar ulanylýan bolup biler emma makala ady hökmünde diňe 1 at saýlanyp bilner. Alternatiw atlary hem öz içine alýan atlardan gaça durulmalydyr, alternatiw atlara makala mazmunynda hak edýän ýeri berilmelidir we gerekli ýagdaýlarda o atlar üçin sahypa açylyp asyl makala gönükdirme ýerleşdirilmelidir.
 
Makala titullary kä ýagdaýlarda adalga dälde suratlandyrma şeklinde bolýar. Suratlandyryjy titullar bitarap nukdaýnazar bilen atlandyrylmalydyr, Wikipediýanyň bu babatda bu temanyň peýdasyna ýa-da garşysyna tarapdar görünmezligi üçin. Meselem "''X barada tankytlar''" titully sahypa tituly "''X barada köpçülikleýin garaýyşlar''" ýaly atlandyrylyp biliner dürli taraplara makalada ýer berilmegi üçin.
 
=== Makala düzümi ===
Makalanyň içki düzümi bitarap nukdaýnazary goramak; goşmaça nukdaýnazardan we ýerliksiz orundan gaça durmak üçin aýratyn üns bilen taýynlanmalydyr.
 
Makala mazmuny nukdaýnazara görä bölünmeli däldir, beýdilmegi makalany garşytlar we tarapdarlar arasyndaky jedele öwürer.
 
=== Ýerli we ýersiz orun ===
Bitarap nukdaýnazar ygtybarly we garaşsyz çeşmeler tarapyndan neşir edilen ähli nukdaýnazarlara sahypada orun berilmegini gerekdirýär. Her nukdaýnazar ygtybarly we garaşsyz çeşmelerde neşir edilen mukdaryça paýdeňlikde orun almalydyr. Ýerli orun bermek we ýerliksiz orun bermekden gaça durmak diýmek makalada giňden ýaýran garaýyşlara berilen orun dek maýda garaýyşlara ýer berilmeli däldir. Adatça ujypsyz jemagatyň garaýyşlaryna makala içine alynmaly hem däl, gaty gitse "Şeýle-de serediň" ýaly bölümde bellenip geçilmelidir. Meselem Ýerşary makalasynda tekiz dünýä garaýyşlaryna ýer berilmeýär, sebäbi bular ujypsyzja ululykdaky jemagatyň garaýşydyr, muňa orun bermek ýersiz orun diýmekdir.
 
Ýersiz orun dürli usulda berlip biliner, meselem giňişleýin maglumata ýer bermek.
 
Wikipediýa bir mesele üstündäki jedellerde ujypsyzja garaýşyň giňden ýaýran garaýyşa barabardygyny ýaňzydýan ýaly görünmeli däldir. Ujypsyzja ululykdaky jemagatyň garaýşy olara bagyşlanan makaladan daşary başga ýerlerde orun berilmeli hem däldir. Wikipediýa garaýyşlara ygtybarly çeşmelerde çap edilişiçe paýdeňlikde we gatnaşykda orun bermelidir.
 
=== Deňleşdiriji tarap ===