Mars: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Added image _Panoramic
Bellik: 2017 source edit
Ygtybarsyz çeşmäni öçürdim, surat ýerini orta aldym
Setir 1:
{{Esassyz}}[[Faýl:Mars Valles Marineris EDIT.jpg|thumb|Mars (1980)]]
 
[[Gün ulgamy]]nda Günden uzaklygy boýunça dördünji planeta. Günüň töwereginde ondan ortaça 228 mln. km uzaklykda elliptik orbita boýunça hereket edýär. Bu uzaklyk perigelide 206 mln. km, afelide 249 mln. km çäginde üýtgäp durýar. [[Marsyň orbitasy]]nyň ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1.8°. Onuň orbitadaky ortaça tizligi 24,2 km/sek bolup, Günüň daşynda 687 gije-gündizde bir aýlaw edýär. Marsyň, [[Ýer]]iň we [[Gün]]üň asman giňişliginde biri-biriniň garşysynda ýerleşmegi ortaça her 780 gije-gündizden gaýtalanyp, şonda Mars bilen Ýeriň arasyndaky aralyk 56 mln. km-den 102 mln. km-e çenli üýtgäp durýar. Bu uzaklyk 56 mln. km bolanda Mars bilen Gün Ýere görä biri-biriniň garşysynda bolup, oňa beýik garşy durma diýilýär (her 15-17 ýyldan gaýtalanýar).
 
Marsyň çyzykly (ortaça) diametri 6800 km, ýagny Ýeriň ýarym diametrinden ulurakdyr (0.53). Onuň polýar diametri ekwatordakysyndan 1:190 golaý kiçi, göwrümi Ýeriň göwrüminiň 0.15 bölegine barabardyr. Massasy 6,423×1023 kg (Ýeriň massasynyň 0.107 bölegi), ortaça dykyzlygy 3,97 g/sm3. Planetanyň üstünde agyrlyk güýjüniň tizlenmesi 3,72 m/sek2, ikinji kosmos tizligi bolsa 5,0 km/sek-dyr. Marsyň öz okunyň töwereginde aýlanma periody 24 sagat 37 minut 22.7 sekunt (Ýerdäki wagt birliklerinde). Marsyň ekwatorynyň tekizligi öz orbitasyna 25.2° burç bilen ýapgytlanýar, bu bolsa Marsda hem pasyllaryň çalyşmagyna sebäp bolýar, ýöne Marsyň pasyllary Ýeriňkä garanda 1.9 esse dowamlydyr.
 
dowamlydyr.
[[Faýl:Victoria Crater, Cape Verde-Mars.jpg|thumb|1300px1112x1112px|Mars (2006)|alt=|center]]
 
Mars planetasy gadym zamanlardan bäri alymlaryň üňsüni özüne çekýär. Eýýäm XIX asyryň başlarynda onuň hereket kanunlary açylypdyr ([[T. Brage]] we I. [[Kepler]]).
Line 16 ⟶ 17:
 
2005-nji ýylda Marsyň polýuslarynda köp mukdarda suwuň bardygy anyklandy. Häzirki wagtda suwuň nusgalary alnyp, barlaglar geçirilýär.
 
==Salgylanma==
[http://gollanma.com/mars.html gollanma maglumat merkezi]
 
[[Faýl:Victoria Crater, Cape Verde-Mars.jpg|thumb|1300px|Mars (2006)]]
 
[[Kategoriýa:Mars|Mars]]