Uatt Žeýms: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: ''''Uatt Žeýms''' (James Watt), (19.1.1736, Grinok, Şotlandiýa – 19.8.1819, Hitfild, Angliýa) – şotland oýlap tapyjysy, uniwersal bug maşyny...'
 
surat goşdum
 
Setir 1:
[[Faýl:James Watt (Gemälde).jpg|thumb|[[Karl Frederik fon Breda]] tarapyndan çekilen Žeýms Uatt portreti]]
 
'''Uatt Žeýms''' (James Watt), (19.1.1736, [[Grinok]], [[Şotlandiýa]] – 19.8.1819, [[Hitfild]], [[Angliýa]]) – şotland oýlap tapyjysy, uniwersal bug maşynyny dörediji, [[Londonyň korollyk jemgyýeti]]niň agzasy (1785). [[1757-nji ýyl]]dan [[Glazgo uniwersiteti]]nde işläp, suw bugunyň häsiýetlerini öwrenýär. 1763-1764-nji ýyllarda ol [[T. Nýukomen]]iň bug maşynynyň modelini kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. Ol [[1774-nji ýyl]]da Nýukomeniň maşynyndan 2 esse netijeli bug dwigatelini gurnaýar. Dwigateli işletmek üçin Uatt merkezden gaçýan regulýatory hem-de geçiriji mehanizm hökmünde balansir goýmak bilen walyň aýlanyş ýygylygyny iki esse artdyrýan planetar geçirişi ulanýar. Uatt şu maksat üçin ilkinji gezek indikatory döredýär. Silindrde buguň işini jikme-jik barlaýar. Ol kuwwatyň birinji birligi bolan at güýjüni girizýär. Uattyň bug maşyny tygşytlylygy üçin maşyn önümçiligine geçmekde uly rol oýnaýar.