Awstriýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
ujGysgaça mazmuny ýok
Setir 95:
== Medeniyeti ==
Awstriýa gadymdan bäri saz we drama sungatynyň ýurdy hasaplar Zalsburgda Mosart doguldy. Mundan başga-da, Wenada Bethowen, Gaýdi, Şuberi we Brams ýaly dünýä belli kompozitorlar ýaşady Iogann Ştraus-kakasy bu şäheri wals tansynyň paýtagty etdi. Artur Şnisleriň ýolbaşçylygyndaky Wenanyň drama mekdebi XIX-XX asyrlarda Ýewropada uly meşhurlyk gazandy. Gugo fon Gofmanstal belli şahyr we dramaturg. 1917-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Zalsburg festiwaly saz sungatynyň uly şowhunyna öwrüldi. Maks Reýnhardt Wenany teatr sungatynyň merkezine öwürdi. Sport çäreleriniň merkezi Wena hasaplanýar. Bu ýerde 95 müň orunly uly stadion bar. Insbruk şäherinde gyşky sport oýunlary üçin meýdanlar bar. 1997-nji ýyldan bäri Ýurtda 20-den gowrak gazet neşir edilýär.
Ýurduň intelektual durmuşynyň geçmişi häzirki döwre garanyňda örän baý. 1914- nji ýylda [[Zigmund Freýd]] we Alfred Adler Wenada psihoanaliz ugrunyň barlag merkezini döretdiler.
Awstriýadaky ykdysady mekdepler hem uly abraýdan peýdalanýar. Fridrih fon Haýek dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan liberal ykdysadyýetçi hökmünde tanalýar. Kari Kraus we Robert Muzil Awstro-Wengriýa monarhiýasynyň dargamagyny kyssa eserlerinin üsti bilen teswirlediler. Bütindünýa atom energiýa guramasynyň kömegi bilen Ýurtda iki sany ýadro fizikasy boýunça ylmy-barlag laboratoriýasy döredildi. Awstriýaly Erwin Wredinger fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesidir.