Alyşir Nowaýy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobile app edit Android app edit
Gysgaça mazmuny ýok
Bellik: Mobil düzetme Mobile app edit Android app edit
Setir 12:
“Dindarlaryň gozgalaňy” (1483), “Leýli we Mežnun” (1484), “Şirin we Perhat” (1484), “Ýedi dünýä” (1484) we “Isgender galasy” atly bäş sany epiki dessany öz içine alýan “Hamsa” (Bäşlik), şahyryň döredijiliginiň ýokary derejesini eýeleýär.
“Dindarlaryň gozgalaňy” — “Hamsanyň” birinji dessany bolup, ol ahlak-filosofiki ähmiýetli eserdir. Ol Nyzamynyň “Syrlar hazynasy” dessanynyň mazmuny esasynda ýazylýar. Onda dine, ahlaklylyga we terbiýä degişli meseleler gozgalýar we ol 64 bapdan ybarat bolup durýar. Dessanda feodal gapma-garşylyklar, döwlet eýeleriniň hyrsyzlygy, begleriň delilsizligi, şyhlaryň ikiýüzlüligi äşgär edilýär.
“Leýli we Mežnun” — ýaş şahyr Kaýsanyň gözel Leýlä bolan hasratly söýgüsi hakynda orta-asyr arap rowaýatynyň mazmuny esasynda ýazylan dessan. Onuň täsirliligi we ajaýyp şahyrana setirleri göndgargündogaryň okyjylarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Bu dessan Gündogar edebiýatyna we özbek folkloryna uly täsirini ýetirdi.
“Şirin we Perhat” — batyr ýigit Perhadyň ermeni perizady Şirine bolan söýgüsi hakynda dessan. Dessanyň mazmuny Nyzamy Gänjewi tarapyndan düzülen, emma Nowaýy öz eserinde Şirine göz diken şa Hosrowa däl-de, batyrgaý Perhada ünsi çekýär we ony hakyky epiki gahryman hökmünde görkezýär.
“Ýedi dünýä” — ýedi hekaýany özünde jemleýär. Dessan Nowaýynyň daş töweregindäki adamlary, hökümdarlary, Soltan Husaýyny we onuň köşgündäkileri tankytlaýar.